Agramy artdyrmak üçin hödürlenýän iýmitler.
Türgen myşsa agramyny çalt artdyrmak üçin ýörite iýmit düzgünini berjaý etmelidir. Mysal üçin, ýönekeý uglewodlar bilen iýmitlenilende endomorf gurluşly türgenlerde deri astyndaky ýagyň köp möçberde ýygnanmagy bolýar. Ektomorflarda bolsa proteinleriň täzeden sintezlenmesi geçmäni energiýa öwrülýär. Başgaça aýdylanda horlar o diýen semremäni güýç ýygnaýarlar we çydamlylygy artýar. Semizler bolsa has semräp, olaryň myşsalarynyň ösüşi deri asty ýagyň galyňlygy sebäpli daşyndan kän bildirmeýär.
Iýmiti ýeterlik mukdarda iýmeli, gün tertibini berjaý etmeli.
Türgenleşikleriň başynda sport görkezijileri tiz-tizden üýtgäp biler, ýöne degişli çäreler dogry geçirilende ol oňyn netijeleri berýär. Egerde iýmit gözegçiliksiz we düzgüne laýyk iýilmedik ýagdaýynda beden agram düşüp biler.
Suwy köp içmeli. Bedene gerekli möçberde suw berilmese myşsa agramy artmaz. Sebäbi adam bedeniniň ortaça üçden iki bölegi suwdan durýar. Şonuň üçin suwsuz gowy netijeleri gazanyp bolmaýar.

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir