Ensiklopediýalary bilen adygan
Fransuz ýazyjysy, filosofy we ensiklopediýaçysy Deni Didro 1713-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Fransiýanyň Şampan welaýatynyň Langr şäherinde dünýä inýär. Ene-atasynyň islegi bilen ýaş Deni özüni ruhy taýdan ösüşe taýýarlaýar. Ol 1723-1728-nji ýyllarda Pariždäki iki kollejde okap bilim alýar. Ol 1732-nji ýylda Pariž uniwersitetiniň sungat fakultetiniň magistr derejesini alýar. Didro 1743-nji ýylda Anna Antuanette Şampona öýlenýär. Didro 1747-nji ýylda filosof we matematik dosty D’Alamber Žan Leron bilen birlikde “Ylma, sungata we senetçilige bagyşlanan ensiklopediýa ýa-da düşündirişli sözlügüniň” üstünde işlemäge çagyrylýar. Bu sözlük birbada Efraim Çembersiň (1728) “Ensiklopediýasynyň” terjimesi diýlip başlansa-da, Didronyň we D’Alamberiň bilelikdäki tagallalary netijesinde, Fransiýanyň şol döwürdäki ylym-biliminiň ähli ugurlaryny öz içine alýan esere öwrülýär.
1772-nji ýylda “Ensiklopediýanyň” birinji neşiri tamamlanýar. Bu iş 25 ýyla çekýär. Ensiklopediýa 28 jiltden ybarat bolup, onuň 17 jildi makalalardan, 11 jildi hem suratlardan ybarat bolupdyr. Alty müň makala ýazan Didrodan başga, ony döretmäge ýene-de köp sanly meşhur filosoflar çekilipdir.
“Filosofik pikirler” (1746) we “Alleýa ýa-da skeptigiň gezelenji” (1747) atly ilkinji eserlerinde ol ylahy-filosofik taglymata eýerýär. Didro birnäçe pýesalaryň we romanlaryň awtorydyr. 1750-nji ýylda onuň “Ogul we päk ahlagyň synagy” we “Maşgalanyň atasy” ýaly iki pýesasy neşir edilýär. Didronyň esasy çeper eserleriniň hataryna “Monah zenan” (1760) powesti, “Ramonyň ýegeni” (1779) romany, “Takdyra ten beren Žak we onuň hojaýyny” (1773) romany girýär.
Didro 1773-1774-nji ýyllar aralygynda Russiýa syýahat edýär we Peterburgda ýaşaýar. Ol 1773-nji ýylda Peterburgyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly agzasy bolýar. Soňky ýyllarda Didro edebi taslamalary bilen meşgullanýar. Deni Didro 1784-nji ýylyň 31-nji iýulynda aradan çykýar.