muňa näme diýjek
Pablo Pikassonyň sergisinde bir aýal suratlaryň birini oňa görkezip:
– Şu surata hiç düşünip bilemok – diýipdir.
Pikasso jogaba derek, onuň özüne sowal berýär:
– Siz hytaý dilini bilýärmisiňiz?
– Ýok, bilemok.
– Siz bilmeýänem bolsaňyz, bu dilde bir ýarym milliarddan gowrak adam gepleşýär.
Günleriň birinde meşhur fransuz edebiýatçysy Wolterden dünýäniň näçe ýaşyndadygyny soranlarynda, beýik şahyr şeýle jogap beripdir:
– Näçe ýaşyndadygyn-a anyk aýdyp biljek däl, ýöne dünýä meniň gözüme özüni juwan görkezjek bolýan garra meňzeýär.