Çyna berimsiz ýalanlar
Möwlana Jelaletdin Rumy özüniň iň ýakyn dosty Şemsi Töwrizini Medine şäherinde görendigini aýdan bir kişä egnindäki çäkmenini sowgat berýär. Ýene biri ony Şamda görendigini aýdanda, oňa-da başgabyny çykaryp berýär. Bu ýagdaýy synlap duran müritleriň biri dillenmän durup bilmeýär:
– Pirim, Şemsi Töwrizi indi birnäçe ýyl bäri aramyzda ýok ahyryn. Ýöne siz näme üçin ony gördüm diýenlere ýene-de sowgat berýärsiňiz.
Şonda beýik şahyr şeýle jogap berýär:
– Olaryň sözi ýalanam bolsa, meni begendirýär. Eger dogry aýdýan bolsalar, eşigimi däl, janymy hem gaýgyrmazdym