Gur­ba­ga we syçan
Bir ýo­la gur­ba­ga­nyň öz ýa­şa­ýan kölüniň ke­na­ryn­da ge­zim edip ýö­ren syçana gö­zi düş­ýär. Syçan hem gur­ba­ga se­re­dýär. Şeý­le­lik­de, olar bir-bi­ri­ni go­wy gö­rüp dost bolýarlar. Ýö­ne ola­ryň bi­ri gu­ry ýer­de ýa­şap­dyr, beý­le­ki­sem suw­da. Olar wagt­la­ry­ny köp­lenç bi­le­lik­de ge­çi­rip­dir­ler: syçan ke­nar­da otu­ryp, ony çagyrypdyr, gur­ba­ga hem oňa ta­rap ýü­züp ba­ryp, be­gen­ji­ne war­kyl­dap­dyr. Em­ma bu dostlukdan syçanyň göw­ni suw iç­män­dir. Ol he­mi­şe gur­ba­ga bi­len bi­le bol­mak, onuň nä­me bilen meşgul bolýandygyny bil­mek is­läp­dir. Çün­ki syçan ke­na­ra ge­lip, ony ça­gy­ran­da, gur­ba­ga şol wagt kölüň uzak ýe­rin­de bo­la­ny üçin, onuň sesini eşit­män­dir. Syçan ony göz­le­mek üçin su­wa gi­rip, ýüzüp bilmändir. Şo­nuň üçin ol bir ge­zek şeý­le tek­lip edip­dir:
– Gel, uzyn ýüp ta­pa­ly-da, ony bir-bi­ri­mi­ziň aýa­gy­my­za da­ňa­ly. Şeýt­sek, biz is­len­dik wagt bir-bi­ri­miz­den ha­bar­ly bo­larys.
Bu pikir gur­ba­ga­ny üşer­dip­dir. Ol mu­nuň go­wu­lyk bi­len gu­tar­ma­ja­gy­ny sy­zyp­dyr, ýö­ne olar yla­la­şyp­dyr­lar. Baş­da äh­li zat ug­ru­na bo­lup­dyr, olar he­mi­şe öz­le­ri­ni bi­le du­ýup­dyr­lar. Ýö­ne bir ge­zek depesinden uçup barýan alaja garga ola­ryň bar ra­hat­ly­gy­ny bo­zup­dyr. Ol kölüň gy­ra­syn­da­ky syçany gö­rüp, di­ka­şak­ly­gy­na gaý­dyp, ony pen­je­si­ne gar­bap alyp, ýo­ka­ry gö­te­ri­lip­dir. Syçan bi­len bir­lik­de, oňa da­ň­lan gur­ba­ga-da as­ma­na gö­te­ri­lip­dir. Bu ah­wa­la­ty syn­lan halaýyk, ­guş­la­ram gur­ba­ga aw­lap baş­lan­dyr öý­düp, geň ga­lyp­dyr­. Dik as­ma­na ga­lan gurbaga pikirlenmän, özü­ni syçana bag­la­ma­ga ra­zy­lyk be­ren­li­gi üçin ju­da pe­ri­şan bo­lup­dyr.
Bu hekaýatda özüňe mynasyp dost gözlemelidigi öňe sürülýär.

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir