TÜÇJAR we Leýli
Tüçjar baýa bir gyzy görkezip, onuň Leýlidigini aýdanlarynda, ol şeýle diýipdir:
– Aý, ýog-a, sen şol diýilýän Leýlimi, eýsem, betbagt Kaýsy näme akylyndan azaşdyrdyka? Men-ä sende hiç hili üýtgeşik gözellik göremok!
Juwan gyz oňa garap şeýle diýýär:
– Meniň gözelligimi görmek üçin sen diňe Mejnun bolmaly. Sen maňa onuň gözi bilen seretmeli, maňa o dünýä, bu dünýä wepaly bolmaly. Meniň bir bakyşymdan serhoş bolmaly, şirin serhoşlukdan aýňalmak islemeli däl. Şeýle telbelik siziň gözüňizi açýar, hakyky gözelligi dolulygy bilen görmäge size mümkinçilik berýär. Eger-de, seniň bar gaýgy-aladaň özüňe geljek peýdanyň ýa-da zyýanyň daşyndan aýlanyp duran bolsa, onda saňa nebsim agyrýar. Çünki sen hakyky bagtyň nämedigine akyl ýetirip bileňok. Sen durmuşyň diňe saýasyny görýärsiň!
Şeýlelikde, biz käwagtlar ömrümizi diňe saýalaryň we alamatlaryň yzynda geçirip, Hakykaty we Gözelligi görmeýäris.