Aý­ra­lyk
Mej­nun Leý­li­den aý­ra­ly­gy se­bäp­li syr­kaw­la­ýar, luk­man ondan gan almaly di­ýen ka­ra­ra gel­ýär. Ha­çan-da, lukman onuň eli­ne işi­len bo­gu­luk go­ýup, da­ma­ry­na iň­ňe dürt­jek bo­lan­da, Mej­nun onuň hyz­ma­tyn­dan ýüz öw­ürýär.
Luk­man ju­da ge­ňir­ge­nip, şeý­le di­ýen:
– Sen çöl­de ge­zip ýör­käň ýol­bars­dan, beý­le­ki ýyr­ty­jy­lar­dan he­der et­me­diň, in­di gel-gel iň­ňe­den gork­ýaňmy?
– Agy­ry ma­ňa gor­ku­ly däl! Men is­len­dik yza döz gelip bil­jek, ýö­ne me­niň bü­tin dur­kum Leý­lä bolan söý­gi bi­len püre-pür dol­du­ry­lan. Hä­zir men Leý­li­den uzak­da, iki­mi­zem aý­ra­lyk­dan ejir çek­se­gem, bi­ziň ara­myz­da barybir hiç hi­li çäk ýok. Sen me­niň da­ma­ry­my de­şeniň­de, mäh­ri­ba­ny­my ýa­ra­lar­syň öý­düp gork­ýa­ryn, çün­ki biz aý­ra­ bol­sa­gam, ru­hu­myz bir­dir – di­ýip, jo­gap be­rýär.

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir