Jahankeşde
Men oňa ýoluň çatrygynda gabat geldim. Bu adamyň egninde ýapynjasy, elinde bolsa, hasasy bardy. Onuň köp horluk çekendigi ýüzünden bildirýärdi. Hoşamaý salamlaşanymyzdan soň, men oňa:
– Öýe baraly, biziň myhmanymyz bol! – diýip, teklip etdim.
Ol ylalaşdy. Aýalym we çagalarym bizi bosagada garşyladylar, ol mähirli ýylgyryp, öýdäkilere salam berdi, olar hem öýe myhman gelenine begendiler. Soňra biziň barymyz birlikde saçagyň başyna geçdik, bu adam bilen gürrüňdeş bolmak juda ýakymlydy, çünki ol ümsüm we syrlydy. Agşamlyk naharyndan soňra, biz ojagyň başyna jemlendik we men ondan özüniň jahankeşdeligi barada gürrüň bermegini soradym. Ol bize şol gije we ertesi gün hem köp gürrüňleri berdi, meniň bulary ýazmagyma sebäp bolan zat hem bu akgöwünli adamyň başdan geçiren ajy günleri bolup, ol wakalar onuň ýolçulykda tozana garylan günlerinden we çydamlylygyndan ybaratdy.
Onuň bizden gideninden üç gün soňra hem bizde myhmanyň gidenligi barada duýgy bolmady, dogrusy maşgala agzalarymyzyň biri bagda gezip ýören ýaly bolup, häziriň özünde gapydan giräýjek ýalydy.