15 nji mart Berdi Kerbabaýewiñ doglan güni
1939-njy ýylyň güýzünde Berdi Kerbabaýew tussaglykdan boşap gelensoň, onuň ýazan "Aýgytly ädim" romanyny çap etmäge girişilýär. Kitap çap edilip dükanlara ýaradylmaly wagty ony saklaýarlar. 1940-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistan Ýazyjylar guramasynda Berdi Kerbabaýewiň kitaby we onuň durmuş pozisiýasy maslahatlaşylýar. Ýygnakda beýleki belli türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen Berdi Kerbabaýewiň oglanlyk dosty Garaja Burunow hem çykyp gepleýär.
Şol ýygnagyň geçirilişi we "Aýgytly ädim" romanynyň birinji neşiriniň ykbaly hakynda tanymal žurnalist Mämmetdurdy Annagurdow ölmeziniň öň ýanlary „Sowet edebiýaty“ žurnalynyň 1987-nji ýylyň 10-njy sanynda öz şahsy arhiwinde saklan, şol ýygnagyň protokolyny çap edipdi. Ine elimde şol žurnalyň sahypalary:
“Otuzynjy ýyllaryň ikinji ýarymynyň ortalarynda men Berdi Kerbabaýew bilen ýakyn gatnaşykda bolup başladym. Berdi Kerbabaýew 1937-nji ýylda “halk duşmany” diýen ýarlyk bilen tutulypdy. Elbetde, şeýle ýarlyk bilen tutulanlar başga-da az däldi.
1939-njy ýylyň güýzünde Berdi Kerbabaýew tussaglykdan boşap gelipdi. Şondan soň basym onuň “Aýgytly ädim” romanyny neşir etmek meselesi-de ýüze çykdy. Meniň Kerbabaýew bilen tanyşlygym şol ýyldan başlandy. Biz onuň bilen edebiýat, metbugat, halk magaryfy, sungat meseleleri dogrusynda pikir alyşýardyk. Kerbabaýew özüniň häzirki ýagdaýy, aýry-aýry adamlaryň özüne garaýşyny, hatda ozal ýakyn we dost diýip hasap edýän adamlarynyň käbiriniň görmedik bolup geçýändigini aýdyp zeýrenýärdi.
1940-njy ýylyň 5-nji noýabrynda “Aýgytly ädim” romany ýazyjylaryň ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýygnaga şol wagtky Aşgabat ýazyjylarynyň köpüsi gatnaşypdyr. Çykyp geplänlerem az däl. Olaryň aglabasy roman barada erbet pikirde bolup, ony neşir etmek, okaýjylara hödürlemek gerek däl, ony ýatyrmak-ýygnamak gerek diýip, hasap edýärler. Ýöne, näme-de bolsa, onda çykyş edenleriň esasy pikirlerini getirip görkezmek zerur diýip hasap edýärin. Olar ine şeýle.
Ata Nyýazow: “Aýgytly ädim” kitaby taryhy roman däl. Oňa durmuş powesti diýilse, has dogry bolardy, çünki awtor taryhy 1916-njy ýyly beýan etmäge synanyşyp, gozgalaňyň wakalaryny umumylaşdyryp bilmändir, hatda umumylaşdyrmaga synanyşmandyram... Kitap çeperçilik taýdan örän emelsiz ýazylypdyr. Onuň sýužeti gowşak, kitabyň personažlary işlenilmändir, köp baplary gereksiz we ýüregedüşgünç...”
Beki Seýtäkow: “Kerbabaýewiň romany 16-njy ýylyň gozgalaňy hakynda dogry düşünje bermeýär... Men şu wagta çenli Eziz hany kellekesen, ganhor, sowet häkimýetiniň ganym duşmany diýip düşünýärdim. Roman bolsa başgaça öwredýär... Tutuşlygyna roman partiýasyz bolup çykypdyr. Awtor öz halkynyň taryhyna marksistik-leninçilik ylmy nukdaýnazardan garamaga synanyşmadyk bolarly... Romanda hiç hili položitel pikir ýok. Romany okyja hödürlemek gerek däl ekeni we hödürlemeli däl”.
Gurbanmyrat Eýemberdiýew: “...Aýgytly ädim” patyşa samoderžawiýasyna we baý-han agalygyna garşy halk gozgalaňyna töhmet atmakdan başga zat däl... 16-njy ýylyň rewolýusion gozgalaňy romanda talaňçylykly ýöriş ýaly görkezilipdir, ol ýörişi başyna giden galtamanlar şaýkasy amala aşyrýar... Roman ideýa we çeperçilik taýdan zyýanly”.
Ýakup Nasyrly: “...Roman partilaýyn däl, syýasy taýdan durnuksyz. Şoňa görä-de sowet okaýjysyna hödürlenip bilinmez”.
Baýmuhammet Garryýew: “Eziz han 16-njy ýylyň gozgalaňynyň hereketlendirijisi, merkezi figurasy edilip görkezilipdir... Awtoryň indiki kitapda Ezizi erbet şekilde görkezmek isleýärin diýmegi gülkünç zat...”
Rehmet Seýidow: “...Aýgytly ädim” çeperçilik taýdan-da ynandyryjy däl. Tipler birmeňzeş we bir kysymly... “Aýgytly ädim” ady laýyk gelmeýär, munda hiç hili ädim ýok”.
Hajy Ysmaýylow: “...Aýgytly ädim” roman däl, ol ýöne etnografiýa. Onuň çeper eser hökmünde terbiýeçilik ähimýeti ýok, ters, zyýanly täsir ýetirip biler”.
Agahan Durdyýew: “Roman ideýa taýdan ýalňyş, hatda zyýanly. Gozgalaňyň keşbi we sebäbi nädogry görkezilipdir. Roman şu görnüşde sowet okaýjysyna mynasyp däl”.
Garaja Burunow: “Men ozal çykyp geplän ýoldaşlaryň, hususan-da, G. Eýemberdiýew we Hajy Ysmaýylowyň pikiri bilen doly suratda razylaşýaryn. Kitabyň çeperçilik taýdan esasy nogsany diýip, awtoryň sözüň bütin çeperçilik ýitiligini, bütin maňzyny otrisatel personažlara bermegini hasap edýärin...Kitabyň kä ýerinde položitel tipažy bezäýjek ýaly aýry-aýry owadan sözler we momentler duş gelýär, emma kitaby tutuşlaýyn gözden geçireniňde, ýaňky bezeýji ýerleri gözboýagçylykdan başga zat däl diýen pikire gelýärsiň... Roman syýasy taýdan durnuksyz”.
Amandurdy Alamyşow: “...Romanyň ähli tekstiniň, bolaýsa 25 prosentini edebiýat hasap etmek bolar. Galany edebiýat jähtden derde ýaramaýar”.
Ata Gowşudow: “Kitap halky söýmezden ýazylypdyr. Beýle kitaplar bize gerek däl. Ýoldaşlaryň adalatly çykyşlary boýunça diňe bir netije çykarmak boljak: romany ýatyrmaly, ony sowet okaýjysyna teklip etmek bolmaz”.
Berdi Soltannyýazow: “Romany okanyňda, onuň esasy gahrymany Artyk däl-de, Halnazar baý diýen netijä gelýärsiň...Romanda göreş musurmanlaryň ruslara garşy göreşi hökmünde görkezilipdir”.
Durdy Haldurdy: “Eziz han diňe bir bandit we kellekeser bolup durman, ol iňlis içalysy. Romanda bolsa ol örän rehimdar, hatda halk gahrymany we rewolýusioner ýaly edilip görkezilýär...Çykyş edenleriň hemmesiniň diýeni ýaly pikiri bir we kitaby ýatyrmagy haýyş etmeklige syrygýar. Menem şeýle etmek zerur diýip hasap edýärin”.
Nurmyrat Saryhanow (ýygnaga başlyklyk eden): “ Men “Aýgytly ädim” kitabyny sowet okaýjysyna hödürlemeli däl ekeni diýen ýoldaşlaryň pikirini doly suratda makullaýaryn”.
Ýygnaga gatnaşanlaryň roman barada hoş söz aýdanlary-da bolupdyr. Ýöne olar azlyk bolupdyr.
Jahan Efruz: "Awtoryň wakalary görkezişi dogry, çünki şol wagtlar rus proletariaty we partiýa tarapyndan kömek bolmandyr. Romanda oba aýallarynyň durmuşy oňat suratlandyrlypdyr. Roman ýeňil okalýar".
Berdinyýaz Dolihan: “Romanda edebi taýdan gyzykly sahypalar duş gelýär, şeýle sahypalary ýazmagy şu ýerde oturanlaryň her biri başaryp bilmezdi”.
Aman Kekilow (kitabyň redaktory): “Romanda kemçikler köp. Gaýtalamalar köp duş gelýär, çig-çarsy ýerleri bar. Dilinde hem kemçilikler bar. Elbetde, şunuň ýaly romanda şeýle kemçilikler hemişe bolup biler. Elbetde, awtor ýalňyşlyklary görkezilýän çykyşlary peýdalanar. Awtor şu romanyň üstünde ýene bir gezek işlände, ol ýazyjylaryň belliklerini nazara alar. Agahan Durdyýew položitel gahrymanlar sölite, gowşak diýýär. Beki Seýtäkow roman partiýalaýyn däl diýýär. Men olaryň çykyşlaryny esassyz diýip hasap edýärin, çünki hiç bir roman partiýalaýyn däl bolup bilmez. Ol biziň ideologiýamyza ýugrulan bolmaly. “Aýgytly ädimiň” ideýasy bize garşy gönükdirlipdir diýmek, romana we onuň awtoryna töhmet ýüklemek bolar. Bu ýerde roman barada köp adam gürrüň etdi. Çykyşlaryň hemmesine jogap bermek mümkin däl. Eger şu kitaba umuman baha bermeli bolsa, onda onuň birnäçe kemçiliklerine garamazdan, Kerbabaýewiň romany ýaman däl. Ol türkmen-sowet prozasynda görnükli ýeri eýelär. Roman hakynda meniň pikirim şeýle. Sözümiň ahyrynda özümi geň galdyrýan bir fakty belläp geçesim gelýär. Iki günüň dowamynda roman ara alnyp maslahatlaşylanda, ony tankytlap çykyş edenlere, romanyň kemçilikleri hakynda gürrüň edenlere sahylyk bilen söz berildi. Emma romana položitel baha berip çykyş etmäge synanyşan käbir ýoldaşlara öz pikirlerini doly aýtmaga mümkinçilik bermediler”.
Nurmyrat Saryhanow: “Bu ýerde bir oratoryňam wagty çäklendirilmedi, ählisi öz aýtjak zatlaryny doly suratda aýtdy. Kekilow Jahan Efruzy nazarda tutýan bolsa gerek. Romany diňe şol nahilidir bir hili edip aklamaga synanyşdy, emma ol öz çykyşynda bulam-bujar bolup, romany doly okap çykmanlygyny boýun almaga mejbur boldy”.
Şeýlelikde, biz ýygnakda çykyş edenleriň hemmesiniň adyny tutduk we belli bir derejede olaryň aýdan pikirlerini getirip görkezdik. Emma ýygnaga olardan başga-da Çary Babanyýazow, Gazak Horramow, Çarykuliýew, P. Karýagin, Meret Sopyýew, A. Aborskiý, Aşyr Amanow, Kömekow, Kerimow, Çarmanow, Şaly Kekilow, J. Tahyrow, Taýymow, Baýlyýew, Alahwerdow, Kemal Işanow, Mädeminow, Sapar Garaýew dagy hem gatnaşypdyrlar. Ýygnaga gatnaşanlaryň umumy sany kyrk adam bolup, olaryň arasynda ýazyjylaryň daşyndan alymlar Baýlyýew. B.Garryýew, Taýymow, žurnalistler Aşyr Amanow, A.Mämmetgulyýew, Sapar Garaýew, neşirýat we glawlit işgärleri H. Welmyradow, Kerimow, terjimeçiler G. Eýemberdiýew, Meret Sopyýew, poligrafçy Çary Babanyýazow bolupdyr. Ýygnaga TK(b)P MK-nyň medeniýet sektorynyň şol wagtky müdiri Juma Tahyrowam gatnaşypdyr.
Umuman alanyňda, ýygnak örän gyzgalaňly geçipdir. Oňa gatnaşyjylaryň ýarysy roman hakynda çykyp gepläpdir. Çykyp geplänleriň ýek-ýarymy bolaýmasa, aglabasy roman hakynda hoş söz aýtmandyr, ony zyýanly hasap edipdirler”.
Ine, şu sözler bilen žurnalist Mämmetdurdy Annagurdow “Aýgytly ädim” kitabynyň keç ykbaly hakyndaky gürrüňini tamamlaýar. Wagtyň geçmegi bilen Berdi aganyň “Aýgytly ädim” kitaby türkmen edebiýatynyň naýbaşy eserleriniň birine öwrüldi. Eger-de şol ýygnakda türkmen ýazyjy-şahyrlary "Aýgytly ädimiň" birinji neşirini goldan bolsadylar, onda, belkem, bize üýtgeşik "Aýgytly ädim" gelip ýeterdi. Emma ol beýle bolmady. Olar kitabam, onuň awtorynam ýok etjekdiler.
Awtory näbelli.