Ogry bu gün ogurlykdan hiç zat düşmedigi üçin gije birahat bolup ýatmaýyn diýip, çep jübüsindäki 1manady sag eli bilen alyp, sag jübüsine goýup, onsoň rahat uklady.

Otagymy arassalaýşym hakda:
- Otagy arassalap başlaýaryn
- 6 ýyl mundan öň ýitiren zadymy tapýan, 5 sagatlap seredip durýan
- Ýatmana gitýän

Biz bir günde dogulýarys. Biz bir günde-de ýogalýarys. Biz bir günde durmuşymyzy üýtgedip bilýäris we bir günde aşyk bolup bilýäris. Bir günde sen bilen islendik zat bolup biler. Ýöne bir günde horlanyp bolmaz, boýun bol indi ÇIŞIK, eştýäňmi?!

Alkaş goñşumyza, mekdepde sapak gidip durka klasymyza girip, "Aman mugallym nähilow, bugün doňamzokmy? "diýmesi üçin 5 manat berdim

Baýyň gyzy öz söýüşýän oglanyny ejesi bilen kakasynyň ýanyna tanyşdyrmana getirýär:
Gyzyň kakasy oglana: Öýüň barmy?
Oglan: Hudaý berse, bolar!
Kakasy: Maşynyň barmy?
Oglan: Hudaý berse, bolar!
Kakasy: Gyzymy hor etmän saklap bilersiňmi?
Oglan: Hudaý berse, hor etmerin!
Ejesi kakasyna: Nähili, göwnüňden turdumy?
Kakasy: Loh diýseň loh, ÝÖNE MAŇA "HUDAÝ" DIÝMESINI HALADYM.

Köçede ýöräp barýan, grip keseli maňa duşdy-da, gowuja pikir hödürledi:
- Eştýäňmi burny sümükli, iki hepde düşekde, diňe men we sen.

Dilegçi pul dileýär:
- Gaty ajygýan, iýere zat satyn almak üçin pul sadaka ediň!
- Bagyşla dost, mende nagt pul ýok, milli kartda göterýän.
- Blýat, sen ýalylar üçin mobil terminal satyn aldym, getir bärik kartoçkaňy.

Kassir bilen hasaplaşamda, gyzlaryň kändigini görüp, çişjek bolup "Gaýtargysy gerek däl" diýen boldum.
"Nämäň gaýtargysy, seniň pulyň ýetenogama" diýdi

Mämmediň ogly pianina çalmagy öwrenýän eken. Öýleridäki item ogly näme çalsa onuň yzyndan gaýtalap uwlaýar eken.
Mämmediň ogly dyň dyň dyň, item uww uww uww
Ogly dyň dyň dyň, it uww uww uwwww
Mämmet çydaman oglyna:
- Oglum, şu haram itiň bilmeýän sazyny çalaýda

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir