Gülüň owadan bäsleşigi

Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde «Gülüň owadan» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyryna el hünärine ussat zenanlaryň uly topary gatnaşdy.
Bäsleşigi synlamaga gelenler, ilki bilen, zenanlaryň el hünärine degişli kämil işleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Bu sergi el hünärine degişli nepis işleriň ajaýyp nusgalaryny öz içine aldy. Ony synlanlar türkmen zenanlarynyň gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini, halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de gaýduwsyz gahrymançylygyny, çuň mana ýugrulan pähim-parasatyny öz nepis halylarynyň, keçeleriniň öwüşgini öçmejek nagyşlaryna siňdirip, gadymy döwürlerden biziň günlerimize ýetirendigi bilen baglanyşykly hakykata ýene-de bir gezek göz ýetirdiler.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra, medeni ojagyň eýwanynda bäsleşik başlady. Milli keçäniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, ýaş nesillerimizde milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşigiň dowamynda çeper elli zenanlar degişli şertler esasynda ukyp-başarnygyny görkezdiler. Olar türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly ýüp saýlap almak we saýmak, ýüňi daramak, pişge ýasamak, keçäniň gamyşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler, keçäniň görnüşleri, ony taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary we şol gurallaryň dogry ulanylyşy barada gürrüň berdiler, gadymy nagyşlary keçä saldylar, keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, rowaýatlary, gazallary, aýdyşyklary aýtdylar.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölümi tarapyndan geçirilen bäsleşigiň netijesinde ýeňijileri öňe saýlandy hem-de döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.

Täzelikler, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir