Aman Annadurdy Durmuş bu oýnuny bildirmän goýmaz, Ol aglatman goýmaz, güldürmän goýmaz, Batyryñ zarbasy sowular gider, Gorkak bir ýapyşsa, öldürmän goýmaz! *** Gapydan kowdular, törden kowdular, Öýläne-de goýman, irden kowdular, ”Sesiñ sesimize meñzänok” diýip, Gargalar bilbili hordan kowdular. *** Tanyşyn, bilişin, görenin satýar, Haryt alyp, haryt berenin satýar, Ol tirýek satardy Käbä gitmänkä, Hajy bolup gelip, geroin satýar! *** Çeýnäniñ, ýuwdanyñ gumana boldy, Boldy, dili kelte Amana boldy, Zyñan köwşüñ bilen kowan aýalyñ Gözläp ýörmeli bir zamana boldy. *** Çeýnäniñ, ýuwdanyñ gumana boldy, Hezillik Laçyna, Jemala boldy, Düzeler-dä diýip, çak urýar kimler, Emma düzeljegi gümana boldy. *** Eziz adam derman seniñ dyrnagyñ, Ýöne hakykady gaty görmegin, Dogry aýdýañ, türkmen dürtmeseñ duýmaz, Ýöne duýandan soñ dürtüp ýörmegin. *** Bu durmuşda adalat kän, göreş kän, Ýöne muña adalatlyk ýaraşýar, Deñziñ kenaryna zyñlan balyk men, Bir tolkunyñ gelerine garaşýan. *** - ”Eşegiñ kellesine tylladan taññyr, Düñder” – diýip, biri aýdypdyr öñ bir, Eýder-beýder bildir eşekligini, Ýa gulagyn çykar, ýa elhenç aññyr. *** Gurbagany uçýar diýip ýamanlar, Pyşbagany gaçýar diýip ýamanlar, Eger ol Hudaýyñ öýün tapaýsa, Muhammedi içýär diýip ýamanlar. *** Gepleşilýän ýerde gepe düşerler, Düşünmedik ýañsa alar, üşerler, Eşeklerem juda akmak saýmagyn, Eşek bolsañ, arasyna goşarlar. *** Ýüregim bir erbet bulandy bu gün, Göwnüm gaýga batdy, elendi bu gün, Ak bazarda esräp duran ak iner Eşek bahasyna dilendi bu gün. *** Her geçip gideni gazdyr öýüdýär, Her şemal öwsende ýazdyr öýüdýär, Bir gün depesinden birje hoz gaçdy, Indi bar agajy hozdur öýüdýär. *** Käte gyşym, käte mylaýymym bar, Eden işlerine müñ kaýylym bar, “Jan” diýsem, emgenmän janymy aljak, Ştatdan daşary Ezraýylym bar. *** “Gepleme” diýýärsiñ, men name malmy? Öñräkden gelýändir hakykat ylmy, Atlananlar atasyny tananok, Atasam tananok: oglumy, dälmi… *** Diýmäñ: ”Amana-ha uşaklaýandyr”, Susak tapmadyklar kaşyklaýandyr, Nesip bolsa, setir baryn tirkärin, Galyñ düşmekçi gar uşaklaýandyr. *** Bu durmuşda işiñ telek bolmaly, Goçam bolsañ, kelläñ kelek bolmaly, Künti seni öýne çagyrsyn diýseñ, Ýedi arkañda ýeke jelep bolmaly. *** Gylygyna düşýär, oduna düşýär, Köwsaryna düşýär, badyna düşýär, Takwanyñ baru-ýok algy-bergisi, Namaza duranda ýadyna düşýär. *** Durmuş pelsepesi irizdi halys, Indi ýakyn bolup görnenok alys, Gapymyzda iki maşyn saklanýar, Birisi tiz kömek, birisi polis. *** Hany bir bakaýyn, göreýin çykýar, Ajal hanjaryna gara gyn çykýar, - ”Kurandan nur çykýar” diýýärsiñ, hajy, Seniñ kitabyñdan geroin çykýar. *** Dury suw gaýnatdyk, goýaljak boldy, Tiz bitýän işlermiz haýaljak boldy, Käbä gidip ant içip dur kezzaplar, Mekge-Medine-de oýunjak boldy. *** Göz alnymdan ençe gowulyk geçdi, Gowulyk mydama öwülip geçdi, Şir ýoluny pişik tutdy pezzerip, Şir şirligin etdi – sowulyp geçdi. *** Dünýe üçin tämiz ellerim taýýar, Ýöne käte öñe geçäýýär haýýar, Haly dokan gelin ýer dyrmap otyr, Nas satan bazary göçürip barýar. *** Gül arzysy gülzar gülde tapylsa, Dil arzysy şeýda dilde tapylsa, Telpek baryn tikdi telpek ussamyz, Indi geýer ýaly kelle tapylsa. *** Ynanmazdym muny biri aýytsa, Göwnüm ýa-da şeýleräkdir öýütse, Başyñ dikkä pişik bolup süýkenen It bolup topulýar, işiñ gaýytsa. *** Ýapyldy gapylar, unduldy törler, Ýol-ýodalar ýitdi, sümsünşip ýörler, Batyllar şährinde ýeke göz şady, Onuñam gözüni çykardy körler. *** Söwda häli-häzir entek goýberiñ, Danany goýberiñ, tentek goýberiñ, Aýal gitse, açylýandyr etegi, Rysgy joşar ýaly erkek goýberiñ. *** Jaýlaryñ ornunda haraba-da ýok, Türkmene, buluja arabada ýok, Her öýde bir maşyn bolar öýderdik, Her öýde bir eşegaraba-da ýok. *** Tüm deý tokaýlarda atyñ siz hallan, Size berekedi berilen Allañ, Goý, diýsinler geldi amatly pursat, Eý, eziz maýmynlar, adam bir bolmañ! *** Olañ täsin, uly hyýallary ýok, Wah, o ýanlary ýok, bu ýanlary ýok, Nämüçin aýallar uzak ýaşaýar? Sebäbi olaryñ… aýallary ýok! *** Bu señ öz ýeriñde goýuldygyñdyr, Täleýden sypmarsyñ diýildigiñdir, Semredilýän bolsañ, bilip goýgunyñ: Eý goýun, jan goýun – soýuldygyñdyr!
RUBAGYLAR
-
Harmandali
16 years ago
- Ak Welsapar
“GÖZLERIÑI SATYP GAL!”
Geldi şeýle zamana,
Ýurt ýykylýar – ýykyp gal!
Umyt goýma amana,
Omzuñ bilen kakyp gal!
Mesirgeşip, bökýän kän,
Senem göge böküp gal!
Dul gapysyn kakýan kän,
Kem galaýma – kakyp gal!
Köpeldi ili çapýan,
Öz iliñi çapyp gal!
Namart elini öpýan,
Senem egil, öpüp gal!
Boz garybyñ mydaryn,
Göz ýaşyny döküp gal.
Eşitseñ ýetim zaryn,
Gulagyndan çekip gal!
Dürli nysak tapylýar,
Senem bir zat tapyp gal.
Kim ýykylsa, depilýär,
Rehim etme, depip gal!
Hiläñ bolmasyn hakda,
Ýagşy görseñ, çakyp gal!
Bäsleş ýaranjañlykda,
Senem orta çykyp gal!
Geçmişiñi ýumur sen,
Geljege daş atyp gal!
Soñra abat il görseñ,
Gözleriñi satyp gal!
Mena gowja gordum goshgyny gowy jany yanyp yazylana menzeya. Ilki okanymda gulkim tutdy. Kichi wagtyk bir chaga bilen urshsak hokman biri-birimizden galmajak bolyadyk. Ol men sachymdan chekse menem onkyny utup gaydyadym, depse ondanam beter depyadim garaz kem galamokdym. Shu goshgyny okap shol yadyma dushdi :)
-
mylayym
16 years ago
- Ol men sachymdan chekse menem onkyny utup gaydyadym, depse ondanam beter depyadim garaz kem galamokdym
ynanyan, ay shona dine men daldir bashgalaram ynanyandyr:)
-
Tapjangul
16 years ago
- Men bolsam hemişe jigimi gorajak bolup.Ortada ıkı yumruk eyyan men bolyadym.Kım bolsada gyz oglan bolsun tapawudy yok hemişe garşysynda jıkgırlıp duryadym.Bu goşguda name de bolsada bır zatda bır payın bolsa alyp gal dıyıpdır öza.:)
-
Harmandali
16 years ago
ynanyan, ay shona dine men daldir bashgalaram ynanyandyr
Ynanmasan senem almytyny alardyn :))
-
Maxat
16 years ago
- Bir şahyryň bäş topbak rubagy ýazanyndan soň Omar Haýýam bilen aýdyşygy
- Şägirtden Haýýama ýetiriň salam,
Soňra hormat bilen aýdyň bir kelam:
Rubagy ýazmagy menem başarýan,
Ýalňyz özüm diýip gomparma, Haýýam!
- Haýýamdan şägirde ýetiriň salam,
Soňra hormat bilen aýdyň bir kelam:
Üç sany kapiýa başarýan zadyň.
Galan sözleriňde derek ýok, balam!
***
-
Maxat
16 years ago
- bilyansiniz rubagy \"aaba\" görnişinde bolyar yagny ilkinji,ikinji we dödünji setirleri bir kapyýaly bolyar, 3 kapyýa
-
Harmandali
16 years ago
- Goşgylaň ýazylyş usuly hakda:
Gazal: VII asyrdan bäri gelýän mazmun we forma ölçegli goşgulardyr. Onuň her bendi 2 setirden ybarat bolup, birinji beýt a-a görnüşünde, galan beýtler b, a, w-a, g-a, d-a.. ýaly kapiýalaşýarlar. Bu ölçegiň görnükli wekili Şyh-Hafyz bolupdyr.
Kasyda: möçberi 15-2000 beýde çenli aralykda bolup, häzirki döwre çenli ulanylyp gelinýän oşgulardyr.
Mesnewi: Her beýdiň 2 misrasy bolup, her misra özara kapiýalaşdyrylyp düzülen şygyrlardyr. Ferdöwsiniň “Şahnamasy”, Jelaleddin Balhynyň “Mesnewisi”, Şaadynyň “Bostany”, Nyzamynyň “Hamsasy” şol ölçegde düzülipdir.
Kyt’a: Yslamdan öňki arap poeziýasynda ýüze çykyp, möçber taýdan 2-den 20 bende çenli bolan şygyr formasy. Olarda şertleriň hemmesi birmeňzeş kapiýalaşýar. Eger-de bir kasyda ýa-da gazaldan belli bir mazmunly bölegini saýlasaň, şol bölek kyt’a bolýar.
Musammet: düzülen hünji ýaly bir kapiýaly 3,4,5 misradan ybarat bolup, soňky misrasy bolsa, aýratyn kapiýa bilen düzülýär.
Murabba (Murapbag): Dört misradan ybarat, üç misrasy özara kapiýalaşan goşgy.
Muhammes: Bäş misradan bolup, dört misrasy kapiýalaşan eser.
Musaddas: Alty misradan ybarat bolup, bäş misrasy kapiýalaşan goşgy. Magtymguly “Köňlüm” atly eserini musaddes formasynda düzüpdir:
Alymlar sözün diňle, nesihatyn al göter,
Tur hakyň dergahyna mynajat kyl, gol göter,
Ryýazatnyň ýüküni arkan ýüzün, sal göter,
Bu iş merdiň işidir, merdana dur, gol göter,
Kämil aýaga baş goý, ýalançydan, el göter,
Toba kylyp, bir piriň topragyna bolan höňlüm.
Rubagy: Dört misradan ybarat bolup, 3-ji misrasy azat kapiýaa we beýleki üç misrasy bolsa, özara kapiýalaşýarlar. Bu ölçegi XIV-XIV asyrlarda ýaşap geçen Ymadetdin Nesimi we Jahanşa Hakyky (Garagoýunlylaryň patyşasy) rubagy özçegde goşgy düzüpdir. Magtymgulynyň goşgularynda rubagylara duş gelmeýäs.
Misra – setir diýmekmi?!
-
Ga1taman
15 years ago
- byah.. bir wagtlar nameler okayan ekenik..
aman annadurdyny taze tanap yörün.. bilyaniniz barmy? haysy döwürde yaşan?? öz-a garaşsyzlygy gören adam menzeyar.. hazirem yaşayarmyka? bilyaniniz barmy?
Harmandali 16 years ago- Ey bara mena gulagym galdy shu sahypadaky zatlary okap gunesh.org. Ol sahypa name yazsa achyk yazyan ekenlay uytgehik goshgular bar. Shu yerdaki goshgyny dagy okap gorun http://www.gunesh.org/turkmen/monjuklar_onjuk_musa.htm Onjuk Musayew hakda hem hakykat hem yumor shekilde yazylan. Ay mena entek name diyjegimem bilemok sizem girip okap gorun son barde yazayyn pikirlerinizi.