Gün urmagyndan ägä boluň!
Gün şöhlesiniň ynsan bedeni üçin peýdalydygy hiç hili şübhe döretmeýär. Ol adam bedeniniň immunitetini ýokarlandyryp, gan aylanşygyny işjeňleşdirýär, bakteriya garşy täsir edýär, adamyn ruhyny beýgeldýär. Bedende şähtini açýan serotaniniň (bagt garmony) işlenip çykarylşyny işjeňleşdirip, melotaniniň (uky gormony) öndürilşini bökdeýär. Şeýle hem gün şöhlesiniň täsiri bilen öýjüklerde süňk dokumasyny berkidýän we agyr metallary endamdan çykaryan D witamini işlenip çykarylyar. Hut şonuň üçin, gün şöhlesini yzygiderli we ýeterlik kabul edilmedik halatlarynda adam sussypeslige, göwni çökgünlige duçar bolmagy ähtimal. Ol gaharjaň, ynjyk bolýar, ukusy bozulýar. Ýöne gün şöhlesiniň aşagynda çakdan aşa durylanda, açyk meýdanlarda işlenende, derýalarda, köllerde, deňizde suwa düşilende adamyň bedeninde birnäçe sökellikleriň ýüze çykýandygy ýatda saklamalydyr. Gün şöhlesinde "A"we"B" ultramelewşe şöhleleri hem-de infragyzyl şöhle bar. "B" ultramelewşe şöhlesi deriniň ýanmagyna, käte deriniň üstünde täze döremelere getirip bilýär. "A" ultragyzyl şöhlesi deriniň has çuň gatlaklaryna aralaşyp, onuň wagtyndan öň garramagyna, allergiki reaksiýalaryň bölüp geçmegine sebäp bolýar. Infiragyzyl şöhlesi ultramelewşe şöhleleriniň täsirini artdyryar, bedeniň gyzgynlygyny ýokarlandyrýar, şeyle hem gün urmagynyň netijesinde bedeniň suwynyň, mineral duzlaryň yitirilmegi we ýylylygy kadalaşdyrýan ulgamynyň bozulmagy ýüze çykyp bilýär. Netijede bolsa nerw ulgamyna zeper ýetýär. Deri örtügi gyzaryp, ýadawlyk, baş aýlanma, gaýtarmak, ysgynsyzlyk, el-aýaklarda, kellede agyry, ýüregiň çalt urmagy, uka meýillilik, gulagyň şaňlamagy ýaly alamatlar duýulyar. Şeýle ýagdaý ýüze çykan halatynda ejir çekene ilkinji lukmançylyk kömegini haýal etmän bermelidir. Gün uran adama ilkinji kömegi bermegi her bir adam başarmalydyr. Näsagy kölegä ýa-da jaýa geçirip, tekiz ýerde kellesini biraz ýokary galdyryp ýatyrmaly we egin-eşiklerini ýeňledip, endamyny öl esgi bilen süpirip, maňlaýyna, döşkapasanyň üstüne sowuk öl mata goýmaly. Näsaga кöp mukdarda suwuklyk, gök çaý, süzme we düýe çalyny we mineral suwlary içirmeli hem-de sowuk nahar, süýt önümlerini iýdirmeli. Şeýle hem ejir çekene rahatlandyryjy derman serişdelerinden birnäçesini suwa garyp içirmeli. Gün uran ýerinde, çiş gabarçak emele gelen bolsa, özbaşdak kesmek ýa-da olary ýarmak maslahat berilmeýär.
Aýry-aýry düzgünler doly we dogry berjaý edilende, deriniň güne ýanmagynyň, gün urmagynyň ýüze çykmagynyň önüni almak mümkindir. Tomusda irden sagat 10:00-dan soň, öýlän sagat 18:00-a çеnli güniň aşagynda кöp bolmak maslahat berilmeýär. Bu ylaýta-da, ýürek-damar, dem alyş ulgamyndan, göz keselleri we täze döremeleri bar bolan näsaglar üçin howplydyr. Ýylyň yssy günlerinde kelläňe tahýa, papak ýa-da beyleki başgaplary geýmeli. Gözi günden goraýan äýnek dakynmaly we nah matadan tikilen açyk renkli eşikleri geýmeli. Suwuklygy ýeterlik mukdarda içmeli, bedenden der bilen daşary çykýan peýdaly maddalaryň öwezini dolmak üçin witaminlere, makro-mikroelementlere baý içgileri (mineral suwlar, gatyk, çal, miwe we gök önumleri) içmeli. Gün şöhlesiniň täsiri bilen deride tegmilleriň döremegine sebäp bolýan efir ýaglary goşulan kosmetiki serişdeleri, atyrlary, dezodrantlary, peydalanmakdan gaça durmaly we deriniň açyk ýerlerine gün şöhlesinden goraýan kremler çalmaly.