Günorta Koreýa dünýäde ilkinji ýurt hökmünde 5-nji nesil aragatnaşyk ulgamyny (5G) söwda babatda ulanmaga girişer. Bu barada ýurduň wise-premýeri, meýilnamalaşdyryş we maliýe ministri Hon Nam Gi innowasiýaly ösüş meselelerine bagyşlanan iş maslahatynda eden çykyşynda mälim etdi.
Ministriň bellemegine görä, 2018-nji ýylyň fewralynda Günorta Koreýanyň Phençhan şäherinde geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlary döwründe 5G ulgamy synagdan geçirilipdir. Synaglaryň netijesinde, aragatnaşygyň täze nesliniň maglumat geçirijiliginiň tizligi babatda 4G ulgamyndan 40-50 esse has ýokarydygy, 25gb/s-lyk geçirijilik kuwwaty bilen 8K ölçegindäki wideoşekilleri aňsatlyk bilen ýaýlyma berip bolýandygy ýüze çykaryldy.
Ýurduň “Yonhap” habarlar agentliginiň ýaýradan habaryna görä, söwda maksatly 5G ulgamy ýurtda mart aýyndan işläp başlar. Şu ýylyň ahyryna çenli Günorta Koreýada 5G ulgamyny ornaşdyrmak üçin takmynan, 3 trillion won (3,6 milliard dollar) möçberinde serişde goýberiler. Bu maliýe serişdeleri “SK Telecom”, “LG Uplus” we KT ýaly iri telekommunikasiýa kompaniýalaryna bölünip berler.
Özbek dilinden türkmen diline terjime edildi