O diýen bir özgerişlik ýok ýaly,
Öňkimden azajyk gowşapdyryn men.
Agaryp ugrapdyr saçymyň ýary,
Eýýäm ýigrimi bäş ýaşapdyryn men.
Ser salsam yzyma, geçen ýollarmyň
Käsinde kä hetden aşypdyryn men.
Düzetmän, düzelmän, düzeljek bolman,
Eýýäm ýigrimi bäş ýaşapdyryn men.
Ykbal, uzat käsäň, ganyp içeýin,
(Sermest bolup, käte joşupdyryn men.)
Begenjegmem, gynanjagmam bilemok,
Eýýäm ýigrimi bäş ýaşapdyryn men...
Annagurban ANNAGURBANOW
"Ýigrimi bäş ýaşym"
-
Razymy?
5 years ago
- 25 ýaşa ýeten düşünäýmese.
ETIKA 5 years ago- Begenmelii