Birleşen Arap Emirliklerinde sanly bank hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sany 90 göterime deň boldy. Şol bir wagtda bankomatlaryň hyzmatyndan ýerlikli ulanýanlaryň sany bolsa, 100 göterime ýetdi. Bu görkezijiler ýurtda awtomatlaşdyrylan bank ulgamynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezýär.
Ýerli metbugatyň habar bermegine görä, ýurduň dürli edaralary tarapyndan geçirilen barlaglara laýyklykda, BAE-niň ilatynyň köp sanlysy bank amallaryny ýerine ýetirmek üçin mobil telefonlardan peýdalanýarlar. Sanly bank ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, bank edaralary müşderilerine has gowy hyzmatlary hödürlemek hem-de häzirki zaman tehnologiýa ulgamynyň täze görnüşlerini çekmek üçin maýa goýumlaryny artdyrýarlar.
Seljermeleriň netijelerine görä, 19 sany bankyň hyzmatyndan onlaýn ulgamy arkaly peýdalanýanlaryň möçberi 5,4 milliona ýetdi. Köp sanly banklar robotlaryň hyzmatyndan peýdalanyp başladylar.