Sanlaýyn tehnologiýanyň ösmegi ähli ugurlar bilen bir hatarda, bank işini hem kämilleşdirýär. Maliýe pudagy bu tehnologiýany iň köp ulanýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Dünýäniň öňdebaryjy maliýe edaralarynyň peýdalanýan tehnologiýalarynyň käbiri barada maglumat bermegi müwessa bildik.
Elektron gapjyklar
“Apple Pay”, “Android Pay”, “Masterpass”, “Microsoft Wallet” we “Samsung Pay” ýaly elektron gapjyklar mobil tölegi üçin peýdalanylýar. Müşderiniň maglumatlarynyň mobil enjamyndaky elektron gapjyga ýazdyrylmagy bilen, her gezek töleg tölenende bank kartyna zerurlyk duýulmaýar. Töleg geçirmek üçin diňe müşderiniň barmak yzyny basmagy ýeterlik. Bu ozalky usullardan has ygtybarly bolmagy bilen tapawutlanýar.
Dakynylýan töleg enjamlary
Smartfonlar, bilezikler, hatda penjekler hem töleg tölemekde ulanylýar. “Juniper Research” barlag şereketiniň çaklamalaryna görä, mobil we dakynylýan enjamlar arkaly amala aşyrylan tölegleriň möçberiniň 2018-nji ýylda 95 milliard dollara ýetmegine garaşylýar. Häzirki wagtda mobil abzallar arkaly ýerine ýetirilýän tölegler sagatlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Satyjysyz dükanlar
“Amazon” kompaniýasy golaýda “Amazon Go” atly satyjysyz dükanynyň ilkinji şahamçasyny açdy. Müşderiler dükandan gerekli zadyny alyp, ýörite sensorlara “okadanlaryndan” soňra çykyp gaýdybermeli. Ýörite ulgam alnan harytlaryň puluny müşderiniň hasabyndan alýar.
Bankomaty ellemezden pul almak
Birnäçe bank bankomatlardan kartsyz pul almagyň usullaryny ýola goýdy. NFC atly ulgamda kartyň ýa-da smartfonyň bankomata golaýlaşdyrylmagy bilen, islendik bank işini amala aşyryp bolýar.
Mobil bankomat
Adatça, adamlar pul almak üçin bankomata gidýän bolsa, käbir banklar pul çekmek isleýän müşderiniň salgysyna bankomaty äkidip berýär. Polşada iş alyp barýan “Idea Bank” hem şolaryň biri. Bank bu hyzmatyny 2015-nji ýyldan bäri amala aşyryp, onuň müşderileri günüň islendik wagtynda bankomatly ulagy öz salgysyna çagyryp bilýär.