Tutuş dünýäde aragatnaşyk ulgamy has-da kämilleşdirilýär. Aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynyň kärhanalary ýokary tehnologiýalar we häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ornaşdyrýarlar. Şolaryň netijesinde-de, internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak has-da aňsatlaşdy.
Häzirki wagtda adaty adamlar bilen bir hatarda, dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary-da häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýasyny işjeň ulanýarlar. Olaryň hatarynda Hindistanyň Premýer-minis-tri Narendra Modini görkezmek bolýar. Ol ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamadan soňra internet ulgamyndaky özara habarlaşmaga mümkinçilik berýän durmuş torlaryny işjeň ulanýan ikinji lider boldy. Narendra Modiniň ýurduň hökümet başlygy wezipesine saýlananyna 2 ýyl doldy. Bu barada Hindistanyň “NDTV” teleýaýlymy habar berýär.
Hindistanyň ýolbaşçysy durmuş torunda özüniň abunaçylary bilen her gün habarlaşýar. Ol Gujarat ştatynyň baş ministri döwründe-de internetden işjeň peýdalanýardy. Meselem, Modi “Facebook” durmuş torundaky hasabyndan her gün ortaça, 2,8 habarnama iberýär. “Facebook”-dan ýaýradylan habara görä, Modiniň muşdaklarynyň sany 34 million adamdan geçdi.
Hindistanyň Premýer-ministriniň “Twitter”-däki diňleýjileriniň sany 3 ýylyň dowamynda 20,3 milliona golaýlady. Ýurduň ýolbaşçysy bu ýerden hem özüniň alyp barýan işleri we gatnaşýan açylyş dabaralary barada muşdaklaryny habarly edýär.
Narendra Modi diňe özi däl, eýsem egindeşlerini hem internetiň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmaga höweslendirýär. Golaýda bu ugurda geçirilen pikir soraşmanyň netijesinde, Hindistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümindäki 50 agzanyň 47-siniň internetden işjeň peýdalanýandygy mälim edildi. Bu babatda içeri işler ministri Rajnath Wingh, adam resurslarynyň ösüşi boýunça ministr Smriti Irani, maliýe ministri Aarun Jeýtli we azyk senagaty ministri Harsimrat Kaur Badal dagy aragatnaşyk hyzmatynyň internet ulgamyny has netijeli ulanýanlaryň hataryna goşuldy.