Şemal bolmaklygy kalpda besleýän

Gör sen, dünýäm, ýüregimiň halyny,
Seň söýgiň gurşapdyr ählije ýerin.
Gündiz küýüm başga ýana sowsamam,
Gijeler sen bolýaň pikirim, serim.

Küle dönüp, öçüp barýan kalbyma
Täzeden ot bereniňi bilýäňmi?!
Mahal-mahal düýşlerime girýäň-le,
Ýa-da indi senem meni söýýäňmi?

Bir ullakan umman bolsa gözleriň,
Şol ummanda gark bolmagy isleýän,
Gözleň bulutlarda gizlenen bolsa,
Şemal bolmaklygy kalpda besleýän.

Ýolda-yzda sataşaýsak birdenkä,
Ugrumy ters ýana üýtgedip geçýän.
Elimi, aýagmy ýitirýän bada,
Yşkyňdan asmanda guş bolup uçýan.

Annagurban ANNAGURBANOW

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir