(1897-1961)
Gazak halkynyň görnükli ýazyjysy Muhtar Omarhanowiç Auezow 1897-nji ýylda Semipalatinsk uýezdiniň Çingiz Wolostynda çarwa maşgalasynda dogulýar. “Meniň ata-babalarym gelip çykyşy boýunça Merkezi Aziýadan bolup, baryp XIX asyryň başynda tobykty atly taýpa degişli edilipdir, meniň romanymyň gahrymany Abaý Kunanbaýew hem şol taýpadan eken.
Çagalyk döwrümi men obada geçirdim we şol ýerde-de men hat-sowat öwrenmäge başladym. Bizi, ýagny öz agtyklaryny atamyz Auez (meniň familiýam hem şonuň adyndan gelip çykýar) okadýardy.
Men bäş-alty ýaşymdadym, bir gün agşam agşamlyk naharyna garaşylýan ýakymly bir pursatda atam meniň okuwa ýarajak-ýaramajagymy barlap görmek üçin maňa “r” diýip birnäçe gezek gaýtalap aýtmagymy sorady. Eger-de “r” diýip aýdyp bilmeseň okuw barada pikir hem edip oturmaly däldi. Sebäbi mekdepde ilkinji sapak Kuranyň ilkinji “Bismillahi rahman ar-rahim…” diýen sözlerinden başlaýardy.Ol sözleri ýoýup aýtmaklyga bolsa hiç bir molla ýol bermezdi.”
Ýaş Muhtaryň “r” sesini aýdyşyndan kanagatlanan atasy ony mekdepde başlangyç bilim berip başlaýar.
On bir ýaşynda Muhtar Auezowyň kakasy aradan çykýar
we ony Kasymbek atly daýysy terbiýeleýär. Daýysy Muhtary Seminalatinsk şäherindäki bäş ýyllyk uçilişä (mekdebe) ýerleşdirýär. Şol döwürde patyşa hökümeti rus mekdeplerinde ýerli adamlardan, ýagny gazaklardan dilmaçlar taýýarlamak üçin okuwçy alýan eken. Muhtar Auezowyň rus mekdebinde okamagy şol döwürde üýtgeşik bir waka hökmünde seredilipdir, çünki ýerli ilatyň wekilleri musulman mekdeplerinde okadylypdyr. Gazaklar çagalaryny dinden çykarylar öýdüp rus mekdebine bermejek bolupdyrlar. Ýöne rus hökümeti her wolostdan iki oglany rus mekdebine okuwa ibermekligi talap edipdir. Ine şol “salgyt” ýa-da talap Muhtar Auezowyň rus mekdebinde okamagyna mümkinçilik döredipdir. Mekdebi gutaransoň Muhtar Auezow Semipalatinskidäki mugallymçylyk seminariýasynaokuwa girýär. Muhtar Auezow 1919-njy ýylda Semipalatinskidäki mugallymçylyk seminariýasyny tamamlaýar we şol şäherde dürli wezipelerde gullukçy bolup işleýär. Şol döwürde Muhtar Auezow dramaturgiýa we žurnalistika bilen meşgullanyp başlaýar. 1922-nji ýylda ol erkin diňleýji bolup Daşkentdäki Aziýa döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Şol döwürde hem Muhtar Auezow köne gazak obasynyň durmuşy barada “Şolpan” atly žurnalda birnäçe hekaýalar çap etdirýär. Bir ýyldan soň Muhtar Auezow Leningrad (häzirki Sankt-Peterburg –R.M.) uniwersitetiniň filologiýa bölümine okuwa girýär. Ol uniwersitetde 1928-nji ýyla çenli okap, Daşkendiň Orta Aziýa uniwersitetiniň gündogar fakultetine aspirantura okuwa girýär.
Muhtar Auezowyň durmuş ýoly esasan okuw, ylym bilen baglanyşykly bolan bolsa-da ol özüniň ýaşlyk döwründen başlap edebiýat bilen çuňňur gyzyklanypdyr. Baryp 1917-
nji ýylda Semipalatinskide mugallymçylyk mekdebinde okaýarka gazak realistik poeziýasynyň düýbüni tutujy Abaý Kunanbaýewiň (1845-1904) obalarynda onuň agtygynyň toýuna Muhtar Auezowy hem çagyrypdyr. Auezow Abaý bilen bir urugdan eken. Bu toýa bir üýtgeşik sowgat etmek üçin Muhtar Auezow bäş gün oturyp bir pýesa-oýun ýazýar. Şol döwürde gazak edebiýatynda entek sahnada goýulýan dramalar ýok eken. Muhtar Auezow Semipalatinsk şäherinde teatrda Gorkiniň, Ostrowskiniň (rus ýazyjylary – R.M.) pýesalary boýunça sahnada goýulan oýunlary gören eken. Şol tejribä esaslanyp “Ýeňlik we Kebek” atly özüniň ilkinji pýesasyny ýazypdyr. Gazak halkynyň bir rowaýatyna esaslanyp ýazylan aşyk-magşuklar baradaky bu oýuny obada iki sany birikdirilen gara öýde görkezipdirler.
Birnäçe ýyldan soň Gyzyl-Orda şäherinde açylan ilkinji milli gazak teatrynda şol oýun görkezilipdir, sebäbi ýazyjynyň şol ilkinji drama eseri boýunça sahnada görkezilýän zatlar adamlary tolgundyryp bilipdir. Bu eseriň gahrymanlary gazak durmuşynyň köne däp-dessurlaryny, yza galak durmuşyny ret edip, adalatyň we öňe gidişligiň, täze durmuşyň tarapynda çykyş edýärler.
Muhtar Auezowyň “Baýbişe – tokal” (ýagny “Uly we kiçi aýal”) ikinji pýesasynda ýazyjy köp aýallylygyň ahlak tarapyndan jemgyýete zyýan getirýändigini görkezýär. Muhtar Auezow Semipalatinsk şäherinde gubispolkomyň tabşyrygy boýunça gazak obalarynyň ýagdaýy bilen tanyşýar. Ine şol döwürde ol gören-eşiden zatlaryna esaslanyp “Biçäreleriň täleýi” (1921) atly hekaýasy ýazýar. Bu hekaýada on üç ýaşly gyzjagazyň agyr täleýi gökezilýär. Muhtar Auezowyň şol döwürde ýazan ilkinji hekaýalary gazak durmuşynyň köne däp-dessurlaryny, ynsan tebigatyna, onuň hakyky duýgularyna ters gelýän düzgünleri ýazgarýar. Ýazyjynyň “Barymta” atly hekaýasynda baýlyga gyzygyp öz hyzmatkärlerini mal ogurlygyna iberip olaryň ölümine sebäp bolýan adamyň keşbi suratlandyrylýar.
Muhtar Auezow rus ýazyjylary Çehowyň, Gorkiniň, Puşkiniň, Tolstoýyň, Turgenewiň, fransuz ýazyjysy Mopassanyň, amerikan ýazyjysy Jek Londonyň eserlerini ürç edip okaýar we şol ýazyjylaryň durmuşy dogryçyl görkezýän realistik däplerine eýerýär. Ýazyjynyň özüniň bellemegine görä onuň ilkinji uly göwrümli “Geçelgedäki atyş” (“Karaş-Karaş”) Maksim Gorkiniň “Çelkaş” atly hekaýasynyň täsiri bilen ýazylypdyr.
Muhtar Auezowyň “Çal ýyrtyjy” (“Kök serek”) atly meşhur hekaýasy, ýazyjynyň özüniň aýtmagyna görä, Jek Londonyň “Ak azy” atly hekaýasynyň täsiri bilen ýazylypdyr. Ýöne ýazyja birinji hatarda haýwanlar baradaky gazak ertekileri, gazak şahyry Abaýyň “Men güjükden köpek ýetişdirdim” diýen goşgusy ýazyja özboluşly çuň filosofik mazmunly eser döretmäge ýardam edipdir. Ýagny eserde köne durmuş, yza galak düşünjeler bilen ýaşaýan adamlaryň öz üstüne geljek belany öz eli bilen ösdürip ýetişdirýändikleri nygtalýar. 1920-nji ýyllardan başlap Muhtar Auezow gazak halk döredijiligi bilen gyzyklanyp başlaýar. Şeýle-de gyrgyz halkynyň “Manas” atly eposy barada uly ylmy iş ýazýar. Şol döwürde ýazyjy gazak halkynyň görnükli nusgawy şahyry Abaýyň eserlerini ýygnap başlaýar, sebäbi Abaýyň eserleri ol döwürde entek giňişleýin neşir edilmän, golýazma görnüşinde elden-ele geçip okalypdyr hem-de Abaýyň köp goşgulary halkyň arasynda aýdym görnüşinde aýdylan eken. Şeýlelik bilen Abaýyň ömri we döredijiligini öwrenip ýazyjy özüniň uly meşhurlyk gazanan Abaý baradaky “Abaýyň ýoly” atly iki bölüminden durýan uly göwrümli romanyny 1952-1956-njy ýyllarda ýazyp gutarýar. Bu roman türkmen diline “Abaý” ady bilen 1958-nji ýylda terjime edildi.
Muhtar Auezow çeper eserler ýazmak bilen bir hatarda talyplyk ýyllaryndan başlap ylmy iş bilen hem meşgullanypdyr. Gazak edebiýatynyň taryhy boýunça orta we ýokary mekdepler üçin maksatnamalary, okuw kitaplaryny ýazmaga gatnaşýar. Alma-Ata şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde professor hökmünde gazak edebiýatyny okadypdyr. Ýazyjy 1946-njy ýylda akademik derejesini alýar.
Muhtar Auezow 1949-njy ýylda Gazagystan SSR-niň ylymda at gazanan işgäri diýen ady alýar. 1949-njy ýylda SSSR-iň döwlet baýragynyň we 1949-njy ýylda Lenin baýragynyň eýesi diýen sylagyna mynasyp bolýar.
Muhtar Auezowyň 1961-nji ýylda aradan çykmagy zerarly onuň “Ýaş nesil” atly romany gutarylman galýar.
Romanguly Mustakow. Daşary ýurt edebiýatynyň taryhy. Aşgabat, 2010 ýyl.