Geçmişde Abu Mansur atly dindar bir adam ýaşap geçipdir. Ölmezinden öň ol bende aglapdyr. Ogly sorapdyr :
—Kaka sen näme üçin aglaýarsyň , ölümden gorkýarmyň. Sen bütin ömrüňe ybadat edip geçirdiň ahyry?—diýipdir. Abu Mansur ogluna :
—Sebäbi gitjek ýerim nätanyş , görülmedik ýer—diýipdir. Abu Mansur uzaklaşman ölüpdir we ony jaýlanlaryndan 4 gün soňra ogly ony düýşünde görüp kakasyndan sorapdyr :
—Kaka biz seni jaýladyk,sen bizden gitdiň, Allah seni nähili garşylady . Abu Mansur şeýle jogap beripdir :
—Siz meni jaýlap ,gabyra goýup gideniňizden soňra Allah menden sorady :
—Eý Abu Mansur men saňa ýeterlik ömür bermedimmi ?—diýip.Men :
—Berdiňiz Allahym —diýdim.
—Beýle bolsa sen maňa näme getirdiň bendäm ?
—30 gezek seniň üçin pyýada haja gidip geldim.
—Olary kabul etmedim eý Abu Mansur !
—40 ýyl kapyrlar bilen seniň diniň üçin söweşdim .
—Olary hem kabul etmedim!
—60 ýyl gijeleri ýatman Kurany Kerim okadym,gündizleri agyz bekledim.
—Olary hem kabul etmedim ýa Abu Mansur !
—Özüm baý bolmasamda işläp halal gazançlarymdan mätäçlere sadaka berdim.
—Olary hem kabul etmedim ! ( Barja zady ýokdan bar eden Allah her bir zatda ygtyýarlydyr islese kabul eder,islemese etmez . Ony mejbur etjek güýç ýokdur,näme etse haky bar,öz mülki,öz zady ).
—Onda meniň işim şowly bolmady Allahym, men seniň bir ejiz guluň,sen meniň eýýäm näme etseňiz kaýyldyryn Allahym.
—Eý,Abu Mansur bir gezek öz ýaşaýan ýeriňde ýeke özüň gelýärkäň ýolda ýatan togalak daşy başga biri ýykylyp kösenmesin diýip ýoldan aýyrypdyň şony bilýärmiň ?
—Hawa Allahym.
—Şol wagt diňe sen we men bardym,ana şol eden haýyrly işiň üçin men seniň bar günäňi bagyşladym, bar Jennetime gir —buýrdy...

Internetden terjime edip size ýetiren @ Chary


Rowaýatdan görünşi ýaly Allah jelle jelalahuwyň nämeden ýalkajagy belli däldir. Ýöne, ýalňyş düşünmeli däldir,namaz okaman,orazada agyz beklemän,ýa hüşür-zekat bermän ýöne ýerde ýatan päsgelçiligi aýyrsak bolar diýmeli däldir,haýyrly işleri olardan daşarda etmeli. Şonuň üçin haýyrly işleri başardygymyzdan köp etmeli . Adam Allaha ýakyn bolsa häsiýeti ýumşak bolýar,eger Allahdan daş bolsa häsiýeti gödek bolýar diýýärler. Allah bize haýyrly işleri köp etdirip barymyzyň iki dünýämizi abat etsin !

Edebiýat, Barbary tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir