Howa gaty yssy bolýar Türkmenistanda şonuň üçin yssy howany ýeňillik bilen ýeňip geçeris. Howa yssy bolan wagty şu 5 sany zatlary berjaý edäýmeli!

1. Sowuk suw içmäň

Sowuk suw sizi ýeňledenok, ol 5 minutdan der bilen bile çykýar, özi bilen duzlary alyp gidip. Çaý içiň ýa-da süýji däl kwas. Reňkli (napitok) suwlara düşnükli näçe içdigiňçe ýenede içesiň gelýär.

2. Öýden çykaňyzda birden hereket edmäň

Öýden çykaňyzda arkaýyn çykyň. Kölegeli tarapda ýöräň.

3. Sowuk çaý içiň

1 litr gökje çaý içiň(tapawudy ýok). Haçanda çaý sowanda içine ary bal, limon we mýata atyň. Içeňizde içine buz atyp içiň. Süýji we peýdaly.

4. AntiŞarf ýasaň (“Ýaponskiý kandiçioner”)

Ýaponlarda ýa-da ýaponskiý kinolarda köplenç adamlaryň boýnunda ak mataly saralanlary görüp bilers. Şol zatda şol. Gaty gowy zat. Siz bir barlap görüň. Ak arassa matany alýas, sowuk suwda öldäp syrkýas we bokurdagymyza dakýas. Haçan-da mata guranda, täzeden öldeýäs. Siz eýýäm ýarym minutdan keýpini görersiňiz.

5. Başarsaňyz günüň yssy wagty ýatjak boluň

Günüň has gyzýan wagty ýatjak boluň. Yssy wagt alkogol içgileri içmejek boluň.

Bu maslahatlary men mamamdan öwrenipdim. Ol bolsa 92 ýaşady bu maslahatlar bilen. Özüňize serediň sag oturyň!
Cheshme: The Mugallym.

Sorag-jogap, bank tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir