Dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndüriji kompaniýalar topary “Renault-Nissan-Mitsubishi” dünýäniň ähli ýurdunda diýen ýaly satyljak modellerinde internet hyzmatlaryny ýola goýmak üçin hyzmatdaşlyk eder. “Alliance Intelligent Cloud” (Akylly Bulut Birleşigi) atly platforma “Microsoft” kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçiriler. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Microsoft Azure” tarapyndan “bulut”, emeli aň we jisimleriň interneti tehnologiýalaryndan peýdalanylyp, dünýäniň ilkinji global internet baglanyşykly ulag maksatnamasy durmuşa geçiriler. “Microsoft Azure” öz ekoulgamyndan peýdalanyp, ulag baradaky maglumatlary ygtybarly ýagdaýda almak, dolandyrmak we seljermek arkaly awtoulag kompaniýalaryny maglumat bilen üpjün eder. “Renault-Nissan-Mitsubishi” toparynyň internetli ulaglar boýunça ýokary derejeli ýolbaşçysy Kal Mos internet baglanyşykly täze platforma arkaly müşderileriniň sanly tehnologiýadan peýdalanjakdyklaryny aýdýar. Şeýle hem Mos “Microsoft” bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde dünýädäki iň güýçli we giň internet baglanyşykly ulag platformasyny durmuşa geçirjekdiklerini beýan etdi. Sanly ulgamdan peýdalanýan täze tehnologiýa, ilkinji nobatda, ýapon hem-de ýewropa bazarynda satyljak “Renault Clio” hem-de “Nissan Leaf”-iň käbir modellerinde oturdylar. Bu ulaglar “Microsoft” tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan müşderiler köpçüligine ýetirilen ilkinji modeller bolar.
“Alliance Intelligent Cloud” platformasyndan peýdalanýan ulaglarda üznüksiz internet arabaglanyşygy, ulagyň näsazlygynyň uzakdan anyklanmagy, programmalarynyň täzelenmegi ýaly aýratynlyklar bolup, maglumat we güýmenje ulgamlary hem elýeterli bolar. Geljekde “akylly” şäherleriň sanynyň artmagy bilen bu ulaglar şäheriň ýerli infrastrukturasyna hem birikdiriler.