Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, bu gün ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça netijeli işleri amala aşyrmaga guramaçylykly girişildi. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” kabul eden Karary hem doly güwä geçýär.
Dünýädäki sanly ykdysadyýet we halkara söwda babatynda alnyp barylýan işler barada durup geçeliň. Häzirki wagtda dünýäniň ilatynyň ýarysy internet hyzmatlaryndan peýdalanýar, ýarysyndan gowragy el telefonlaryny ulanýar. Bu ýagdaý sanly ykdysadyýete hem gönüden-göni täsir edýär. Bilermenler sanly ykdysadyýete “nobatdaky ykdysady öwrülişik” diýip baha berýärler. Ykdysadyýetiň bu täze görnüşi diňe enjamlar ýa-da iri maglumat merkezleri bilen bagly bolman, adamlaryň gündelik durmuşyna öz täsirini ýetirýär. Bu adamlaryň gündelik işleýşine, gündelik durmuşymyza, dünýä jemgyýetçiligine hem täsir edýär. Sanly ykdysadyýet ilki bilen bar bolan mümkinçilikleri giňeldýär, wagtymyzy tygşytly ulanmaga şert döredýär. Ykdysadyýetde sanly ulgam halkara söwdanyň ösmegine täsir edip, pul geçirimlerini örän gysga wagtda geçirmäge ýardam edýär.
Dünýäde halkara söwdada ýewro hem-de ABŞ-nyň dollary has köp ulanylýar. 2013-nji ýyldan bäri bu ugurda Ýewropa Bileleşiginiň aglaba ýurdunyň pul birligi bolan ýewro öňdeligi eýeledi. Geçen ýylyň ahyrynda bolsa, amerikan dollary öňe geçdi. Halkara pul geçirimleri we ykdysady maglumatlary taýýarlaýan “swift.com” saýtynyň maglumatlaryna görä, ýewronyň halkara söwdada ulanylyşy soňky 5 ýylyň dowamynda 44%-den 35,75%-e çenli azalypdyr. Amerikan dollarynyň ulanylyşy 29,7%-den 39,9%-e çykypdyr. Maglumatlara görä, bu iki pul birliginden başga funt sterling, ýapon ýeni we hytaý ýuany has köp ulanylýar. Soňky ýyllarda Aziýa ýurtlarynyň has ýokary depginler bilen ösmegi netijesinde, hindi rupiýasynyň we hytaý ýuanynyň has hem hümmetlenmegine garaşylýandygy bellenilýär. “Swiftiň” maglumatlaryna görä, 2003-nji ýylda halkara söwdada öňdebaryjy ýurtlaryň ikinji onlugynda iki sany Aziýa ýurdy görkezilýär. 2023-nji ýyla çenli bu görkezijiniň alta ýetip, Hytaý, Hindistan, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Singapuryň bu sanawa girjekdigi aýdylýar. Bilermenler sanly ulgamyň halkara söwdanyň ösmegine, adamlaryň maliýe ulgamyna goşulmagyna, has aňsat söwda etmäge, pul süýşürmäge ýardam etjekdigini belleýärler.
Häzirki wagtda bütin dünýäde banklaryň arasynda pul geçirimlerinde ulanylýan ulgamyň ýola goýlanyna köp wagt geçdi. Ösen tehnologiýa “Bitcoin” ýaly kriptowalýutalar arkaly örän gysga wagtda has az çykdajy edilip, pul geçirmäge mümkinçilik berilýär. Emma häzirki wagtda kriptowalýuta ulanmazdan hem pul geçirýän ulgamlar döredilýär. Mysal üçin, “Ripper Labs” atly şereket ygtybarly “sanly depder” ulanmak arkaly müşderileriniň iberen puluny başga pul birliginde almaga, mysal üçin, ýen iberen bolsa, rupiýa görnüşinde gysga wagtda almaga mümkinçilik berýän hyzmatlary hödürleýär. Şereketiň ulanýan tehnologiýasy birnäçe sekuntda dünýäniň islendik ýerine pul iberip bilýär. Ösen tehnologiýa arkaly ony has gysga wagtda we arzan bahadan ibermegiň mümkin boljakdygy aýdylýar. Hatda häzirki wagtda smartfonlar arkaly hem pul geçirmäge mümkinçilik berýän käbir ulgamlar bar