(1900-1944)

Antuan de Sent-Ekzýuperiniň döredijiligi XX asyr fransuz edebiýatynda aýratyn bir üýtgeşik, özboluşly orun tutýar, çünki ol ýaşlykdan ýazyjy bolmaga ymtylmadyk hem bolsa, soňra durmuşyň jümmüşine aralaşdygyça onuň gören-eşiden zatlary, oýlanmalary, adamkärçilik, ynsan durmuşynyň manysy baradaky gumanistik pikirleri onuň filosofiki eserlerinde öz beýanyny tapýar we dünýä edebiýatynda uly meşhurlyk gazanýar. Ýazyjynyň her bir sözi okyjyny durmuş barada oýlanmaga iterýär, çünki onuň eserleri çyn ýürekden syzylyp çykan eserler bolup, onuň eden asylly işleri, ahlak päkligi bilen baglanyşýar.
Antuan Mari Rože de Sent Ekzýuperi 1900-nji ýylyň 20-nji iýunynda Lion şäherinde eneden dogulýar. Onuň kakasy graf1 Žan de Sent-Ekzýuperi ätiýaçlyk kompaniýasynda inspektor-gullukçy bolup işläpdir. Antuan ýaşlygynda öz deň-duşlary bilen oýnamagy, uzak ýerlere gezelenç etmegi, surat çekmegi, saz çalmagy gowy görüpdir, skripka çalmagy öwrenipdir.
Antuan ýaşlygynda goşgy hem düzüpdir, ýöne ol maşynlar, tehniki enjamlar bilen has içgin gyzyklanýar. Ol hatda demir gapyrjaklardan telefon ýasamaga hem synanyşypdyr, bir gezek bolsa, otla münüp görenden soň, öýlerine gelip, şol otlynyň gurluşyny ýatdan kagyza çyzypdyr.
Antuan 1910-njy ýylda Man şäherindäki dini mekdepde okap başlaýar. Ol on iki ýaşynda ilkinji gezek uçara münüp görýär. Ussat fransuz uçarmany Žýul Wedrin ony uçara mündürip, aerodromyň üs-tünde aýlap, soňra ýere gonýar. Ine, şondan soň Antuan uçarlar barada, uçarman bolmak barada arzuw edip başlaýar.
Birinji jahan urşy başlananda Antuan öz okuwyny Şweýsariýada dowam etdirýär. Ol 1917-nji ýylda Fransiýa dolanyp gelýär we Parižde orta mekdebi gutaryp, 1919-njy ýylda Çeperçilik mekdebiniň arhitektura2 bölümine okuwa girýär.
Sent-Ekzýuperi 1921-nji ýylda arhitektura bilen meşgullanmagyny taşlap, Strasburgdaky awiasiýa3 bölümine meýletin ýazylýar. Şeýdip, ol awiasiýa polkuna4 esgerlige alynýar.
Geljekki ýazyjy ilkibada awiasiýa polkunyň ussahanasynda ussaçylyk bilen meşgullanýar, soňra bolsa uçar sürmek boýunça okaýar. Şeýlelik bilen Sent-Ekzýuperi uçarman bolmaklygy berk ýüregine düwýär. Ýöne onuň harby gullugynyň möhleti gutarýar we ol soňra ilki gullukçy bolup zawoda işe girýär, soňra bolsa awtomobil satyjysy bolup işleýär.
Antuan de Sent-Ekzýuperiniň arzuwy diňe 1926-njy ýylda hasyl bolýar. Ony Latokoer şäherindäki awiakompaniýa işe alýarlar. Şondan soň onuň howply we gyzykly durmuş ýoly başlanýar. Ol howa ýollary agentliginiň direktory Didýe Doranyň ýolbaşçylygynda uçar sürmäni gowy ele alýar. Ýazyjy Didýe Doranyň keşbini özüniň «Gijeki uçuş» (1931) atly romanynda Riwýera ady bilen janlandyrýar. Ol Strasburg şäherinde fransuz ýaragly güýçleriniň leýtenanty diýen ofiserlik derejesini alýar.
Sent-Ekzýuperi 1927-nji ýyldan başlap Fransiýa-Marokko howa ýolunda uçarman bolup işleýär. Ol Marokkonyň Kap-Jubi şäherinde bir ýarym ýyl işländen soň Fransiýa dolanyp gelýär. Ol şol döwürde «Günorta poçtasy» (1929) atly powestini ýazýar. Bu powestde uçarmanlyk käriniň howply pursatlardan doludygy, olaryň mertligi we kynçylyklary ýeňip geçişleri görkezilýär. Ýazyjy bu eserinde okyjylary tolgundyryp, özüne çekip biljek çeperçilik serişdelerini tapýar we özüniň ýiti zehininiň bardygyny görkezýär.
Ikinji jahan urşunyň başlanmagy bilen Sent-Ekzýuperi razwedka bölümlerinde gulluk edýär. Ol Fransiýa uruşda ýeňlenden soň, 1940‑njy ýylda ABŞ-a gidýär. Soňra dolanyp gelip, ýene-de nemes faşistlerine garşy göreşýär, çünki ol öz watany Fransiýany tüýs ýürekden söýýär.
Antuan de Sent-Ekzýuperi 1944-nji ýylyň 31-nji iýulynda Fransiýanyň günorta sebitlerine aňtawçylyk uçuşyna gidip, dolanyp gelmeýär. Çaklamalara görä, onuň uçary hatardan çykyp, ol wepat bolýar.
Antuan de Sent-Ekzýuperi tehniki ösüş ahlak ösüşi bilen aýakdaş gitmeli diýen pikire eýeripdir, ýagny tehniki ösüş näçe öňe gitse-de, ynsan adamkärçiliginiň ýatdan çykarylmaly däldigini ýazyjy öz eserlerinde nygtaýar. Onuň öz harby gullugy döwründe ýazan ýazgylarynda durmuşyň manysy barada şeýle setirleri bar: «Ynsan adamkärçiliginiň ilki bilen haýyrly iş etmeklige, gowy iş üçin özüňi howpa sezewar etmeklige, tä ölýänçäň wepaly bolmaklyga esaslanýandygyna düşünýärsiňizmi? Eger-de size şeýle nusga alarlyk adam gerek bolsa, onda özüniň alyp barýan poçtasy üçin janyny gurban edýän uçarmany, gyrgyn keseliniň öňüni aljak bolup wepat bolan lukmany, söweş düýesine münüp, öz goşunynyň öňüne düşüp, howpa ýüzüni tutup barýan araby görkezmek bolar».
Antuan de Sent-Ekzýuperiniň edebi mirasy onçakly uly däl. Ýazyjynyň «Günorta poçtasy» (1929), «Gijeki uçuş» (1931), «Adamlaryň planetasy» (1939), «Kiçijik şazada» (1942), «Harby uçarman» (1942) ýaly eserleri okyjylaryň uly söýgüsini gazanýar. Ýazyjy 1936‑njy ýyldan tä 1944-nji ýyla çenli «Gala» atly kitabyny hem ýazýar. Sent-Ekzýuperiniň eserlerinde aldym-berdimli, kowguly wakalar beýan edilmese-de, onuň her bir jümlesi okyjyny özüne çekýär, çünki ol jümleler okyjynyň gözleýän soraglaryna jogap berýärler we ynsan päkligine, manyly durmuşa, adamkärçilige barýan ýoly görkezýärler.

1 Graf – köşge degişliligi aňladýan beglik derejesi.
2 Arhitektura-jaý gurluşyk sungaty, binagärçilik.
3 Awiasiýa – howada uçarda uçmak bilen meşgullanýan ugur.
4 Polk – bir müňe golaý gullukçydan düzülen harby bölüm.

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir