(1865-1936)
Jozef Redýard Kiplingiň döredijiligi neoromantizmiň «hereket edebiýaty» diýen ugruna degişlidir. Öz eserleri üçin J.R.Kipling 1907-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolýar.
Kipling 1865-nji ýylda Bombeý şäherinde muzeý işgäriniň maşgalasynda eneden dogulýar. Onuň kakasy suratkeş we heýkeltaraş bolupdyr. Redýard Kipling çagalykda öz enekelerinden hindi dilini öwrenipdir. Ony alty ýaşynda Angliýa okamaga iberenlerinde onuň Angliýa gidesi gelmändir. Kipling Angliýada kollejde okap, bilim alyp, 1882-nji ýylda Hindistana dolanyp gelýär.
Kipling Lahorda ýerli gazetiň habarçysy bolup işleýär. Ýöne indi ýaş Kipling Hindistanyň gözel tebigaty bilen bir hatarda onuň halkynyň iňlisleriň golastynda agyr günde ýaşaýandygyny hem görýär. Ol halkyň durmuşy barada makalalary ýazyp başlaýar. Şol bir wagtda ol goşgy ýazmak bilen hem meşgullanýar. Onuň ilkinji «Departament aýdymlary» (1886), «Kazarma balladalary»(1892), «Ýedi deňiz»(1896) atly goşgular ýygyndylary we «Ýönekeý dag hekaýalary» (1887), «Üç esger» (1888), «Rikşa1-arwah» (1889) atly hekaýalar ýygyndylary Hindistanda neşir edilýär.
Kipling öz okyjylarynyň öňünde täze bir üýtgeşik dünýäni açyp, iňlis okyjylaryny Hindistan bilen täzeden tanyşdyrýar. Hemme zat bolşy ýaly, açlyk, garyplyk we ýurdy gyrgyna berýän keselçilik hem‑de ähli zatdan beteri bolan, iňlis hojaýynlary bilen hindileriň arasyndaky duşmançylyk Kiplingiň eserlerinde, hekaýalarynda çeper we dogruçyl beýan edilýär.
Redýard Kiplinge şöhrat getiren eserleriniň köpüsi çagalara niýetlenip ýazylan haýwanlar baradaky ertekileridir. Ýazyjy XIX asyryň 90-njy ýyllarynda özüniň haýwanlar baradaky iň gowy eserlerini ýazýar. 1894-nji ýylda ol «Birinji jeňňel kitabyny», 1895-nji ýylda «Ikinji jeňňel kitabyny», 1902-nji ýylda bolsa «Çagalar üçin ýönekeý ertekiler» atly eserler toplumyny döredýär.
Kiplingiň hekaýalarynda we ertekilerinde haýwanlar adamlaryň dilinde gepleýärler we parasatlylyk, söýgi, hilegärlik, rehimsizlik ýaly häsiýetleri özlerinde jemleýärler.
«Jeňňel kitabyna» degişli haýwanlar baradaky ertekilerde möjekler tarapyndan terbiýelenen Maugli atly oglanjyk barada gürrüň berilýär. Maugli ulalansoň haýwanlaryň baştutany bolýar.
Haýwanlaryň keşpleri özboluşly psihologiýasy we olaryň Mauglä düşnükli bolan dili bilen beýan edilýär. Parasatly pil Hathi, jeňňeliň mugallymy aýy Balu, gazaply, emma adalatly gara babyr Bagira, ýylan Kaa Maugliniň janköýer dostlary bolup, kyn ýagdaýlarda oňa hemişe kömege ýetişýärler. Maugli hem öz gezeginde özüni terbiýeläp ulaldan haýwanlara wepaly bolup, olara dürli pursatlarda kömek berýär. Jeňňeliň ýaşaýjylary manysyz gan döküşikligi ýa‑da öç almaklygy oňlamaýarlar. Şonuň üçin adamhor gaplaň Şer-Hany hemmeler ýigrenýär.
Ýazyjy özüniň «Jeňňel kitaby» we beýleki birnäçe eserlerinde gysgançlygy, peýdakeşligi, harsydünýäligi ýazgarýar.
R.Kipling «Çyra söndi» (1891), «Kim»2 (1901), atly romanlaryň hem awtorydyr. Bu romanlarda adamyň kyn pursatlarda özüni alyp barşy, onuň içki dünýäsi anyk we täsirli beýan edilýär.
R.Kipling şahyr hökmünde hem giňden tanalýar. Onuň şygyrlarynda we poemalarynda iňlis esgerleriniň kyn durmuşy, syýasy äheňler, ýagşylyk we ýamanlyk temalary güýçli ýaňlanýar. Kipling öz şahyrana eserlerinde, balladalarynda täzelik hökmünde esgerleriň diline mahsus bolan sözleri, jümleleri ulanýar.
R.Kipling özüniň «Şiwa we çekirtge», «Jeňňeliň kanuny» ýaly goşgularynda tebigatyň gözeligini, haýwanlaryň, dürli jandarlaryň tebigatyň kanuny bilen sazlaşykly ýaşaýandygyny beýan edýär. Ol özüniň 1890-njy ýyllarda döreden «Meri Gloster» (1896) atly goşgusynda geçen asyrlarda galtamançylyk edip, zorluk bilen baýlyk toplan deňizçileriň durmuşyny romantik öwüşginde beýan edýär. Emma ol öz döwürdeşleriniň durmuşyny içgysgynç, olaryň özüni bolsa nalajedeýin adamlar hökmünde suratlandyrýar. Goşgy ölümiň öň ýanynda ýatan jenap Antoni Glosteriň gürrüňi bilen başlanýar. Ol bir wagtlar ýaşka «Meri Gloster» atly gämide ýüzüp, ummasyz köp baýlyk, pul ýygnapdyr. Indi öz ogly Dikiň öz işini dowam etdirmejekdigine diý-seň gynanýar, ahmyr çekýär.
«Eger-de» atly goşgusy Kiplingiň iň gowy şygyrlarynyň biridir. Bu goşguda durnuklylyk, erklilik we adamyň mertligi wasp edilýär.Ýazyjynyň pikirine görä, eger-de adam hemme kynçylyklara döz gelip, ruhdan düşmän ýaşap bilse, ol hakyky adamdyr.
Ýazyjynyň eserleriniň aglabasy Hindistanyň durmuşy we tebigaty bilen baglanyşyklydyr.
Redýard Kipling 1936-njy ýylda aradan çykýar.
Kiplingiň eserleri dünýä edebiýatynyň meşhur ýazyjylary Konradyň, Stiwensonyň, Jek Londonyň, Moemiň döredijiligine güýçli täsir edýär.
Onuň ynsanperwer ideýalara ýugrulan ajaýyp ertekileriniň ençemesi türkmen diline-de terjime edilip, çagalaryň söýgüli eserlerine öwrüldi.
1 Rikşa – Ýaponiýada we Hytaýda öňki döwürde ulanylan, adam çekýän paýtun.
2 Kim – adam ady.
Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.