(1797-1856)

Germaniýanyň beýik şahyrlarynyň biri bolan Genrih Geýnäniň eserleri nemes edebiýatynyň romantizmden realizme geçiş döwrüni aňladýar.
Geýne 1797-nji ýylyň dekabrynda Dýusseldorf şäherinde onçakly baý bolmadyk ýewreý maşgalasynda eneden dogulýar. Onuň kakasy Samson Geýne tekstil harytlaryny satmak bilen meşgullanypdyr. Ol häsiýeti boýunça alçak, ýüregi ýuka adam bolsa hem, onuň söwdasy oňuna bolmandyr. Geýnäniň ejesi Betti wan Geldern örän tanymal maşgaladan eken. Maddy ýetmezçilik sebäpli Genrih Geýne tä ömrüniň ahyryna çenli Gamburgda ýaşaýan daýysy, baý bankirleriň biri bolan Solomon Geýnäniň maddy kömegine mätäç bolupdyr. Genrih Geýnäniň özi söwda bilen meşgullanmak islemändir, ol edebiýaty gowy görüpdir.
1819-njy ýylda Geýne Bonn uniwersitetiniň hukuk fakultetine okuwa girýär. Ol uniwersitetde Awgust-Wilgelm Şlegeliň leksiýalaryny diňläpdir. Soň ol Gettingen uniwersitetinde okapdyr we ony 1825-nji ýylda gutaryp, hukuk ylymlarynyň doktory diýen derejäni alýar.
Geýne uniwersitetde okan ýyllary «Almanzor»1, «Wilýam Ratklif» ýaly tragediýalary ýazypdyr. Bu tragediýalarda Ispaniýanyň taryhynda bolup geçen wakalar, söýgi temasy, Wilýam Ratklifiň durmuşdan nägile bolup, garakçy bolşy we adalat üçin göreşi barada gürrüň berilýär.
1821-nji ýylda Geýnäniň «Ýaşlyk hesretleri» atly ilkinji goşgular ýygyndysy çap bolup çykýar. Soň bu goşgular «Liriki intermetso 2», «Gaýdyp geliş», «Demirgazyk deňzi» atly goşgular toplumy bilen bilelikde Geýnäniň «Aýdymlar kitabyny» düzýär. «Aýdymlar kitabynyň» esasy mazmunyny söýgi temasy tutýar. «Ýaşlyk hesretleri» atly goşgular toplumynda gaýgy-gama ýugrulan, şowsuz, jogapsyz söýgi baradaky şygyrlar romantiki häsiýetde beýan edilýär.
Liriki gahryman özüniň kalbynda aşyk bolan söýgülisine bolan duýgularynyň «ýüregini ýakýandygyny», indi ol gyzyň başga biri bilen nikalaşandygyny gürrüň berýär. Käbir alymlar Geýne bu gamgyn goşgularyny onuň Solomon atly daýysynyň Amaliýa atly ikinji gyzyna bolan jogapsyz söýgüsi bilen baglanyşykly düzendir diýip düşündirýärler. Emma Geýne bu goşgularda romantik şahyr hökmünde romantizmiň gamgyn, durmuşdan nägile gahrymanynyň keşbini döredýär. Liriki gahryman kä huşunda, kä düýşünde dürli görnüşleri görýär we dürli duýgulary başdan geçirýär:

Düýşümde agladym men,
Meni unudypsyň sen.
Oýanyp kän eňredim,
Men ajy gözýaş bilen.

Düýşümde agladym men,
Bize bagt bakyp dur,
Oýansam, gözýaşlarym,
Derýa ýaly akyp dur.

«Aýdymlar kitabynyň» her täze goşgular toplumynda söýgi temasy gitdigiçe baýlaşýar. Olara adaty, real durmuşyň alamatlary, halkyň sada, janly gepleşik dili girýär:

Eger sen maňa gelseň,
Gözi gider her kesiň.
Şat hem bagtly bolarsyň,
Bar pulumy sowarsyň.

Kem-kemden Geýnäniň goşgularynda diňe söýgi liriki gahrymanyň durmuşynyň merkezi bolman, bu goşgularda onuň daş-töweregindäki tebigatyň görnüşleri hem wasp edilýär we dürli filosofik pikirler aýdylýar:

Meniň arzuw edip, ýatan gämimiň,
Burnuna pagşyldap tolkunlar urýar,
Pagşyldap haýbatly tolkunlar urýar.
Tolkunlar pagşyldap meniň gulagyma,
Assyrynlyk bilen çawuş çakýarlar:
«Eý akylsyz adam.

Seniň eliň gysga, asman hem uzak,
Röwşen ýyldyzlar tylla çüý bilen
Asmana çüýlengi.
Biderek ah çekýäň, biderek arzuw,
Iň gowusy, ýat-da ukyňy al sen.

Tebigatyň ajaýyp, syrly görnüşlerini synlamak liriki gahrymany agyr oý-pikirlerden daşlaşdyryp, ony adamyň durmuşdaky orny, durmuşyň manysy baradaky pikirlere batyrýar. «Deňiz görnüşi» diýen goşgusynda liriki gahrymanyň gözüne deňiz tolkunlarynda onuň ýeke-täk söýgülisi görünýär. Onuň suwa böküp, eziz söýgülisini bagryna basasy gelýär, emma gäminiň kapitany onuň aýagyndan tutup ýetişýär we ony halas edýär:

Ine, şonda wagtynda,
Kapitan meni tutdy,
Gäminiň gyrasyndan,
Çekip bir çete eltdi,
Gaharly gülüp diýdi,
«Dälirediňmi doktor»

Geýne bu goşgusynda liriki gahrymanyň bolşuny suratlandyrmakda romantiki äheňlerden kinaýaly, realistik usulda beýan etmeklige geçýär.
Geýnäniň 1824-1830-njy ýyllar aralygy ýazan «Ýol ýazgylary» diýen eserler toplumynda şahyr kyssa görnüşli eserler döredýär. Ýöne bu eserleriň arasynda goşgular hem bar. Bu eserler toplumy «Garts daglaryna syýahat», «Demirgazyk deňzi», «Ideýalar. Le Granyň kitaby», «Iňlisler baradaky eserler», «Mýunhenden Genuýa syýahat», «Lukkuň suwlary» 3, «Lukka 4 şäheri» diýen ýedi bölümden durýar.
Geýnäniň prozasy liriki häsiýetli bolup, ol her bir görnüş, adamlar barada özüniň içki oý-pikirlerini beýan edýär. Çagalyk döwründe tanşan bir Le Gran atly fransuz deprekçisini Russiýadan ýesirlikden gaýdyp gelýän esgerleriň içinde görüp, tanap, liriki gahrymanyň tutuş çagalyk döwri ýadyna düşýär. Hemişe azatlygyň depregini çalan Le Granyň indi azatlygyň duşmanlaryna deprek çalyp beresi gelmeýär. Ol depregini deşýär.
Bu eserler toplumy syýahat ýazgylary žanrynda ýazylypdyr.
Genrih Geýnäniň «Germaniýa. Gyş ertekisi» (1844) atly poemasynda Germaniýanyň geçmişi, häzirki durmuşy we geljegi baradaky pikirler beýan edilýär. Poemanyň sýužeti «Ýol ýazgylary» eserine meňzeýär. Poemada belli bir wakany beýan etmek usuly saklanylman, şahyryň Germaniýada duş gelen dürli wakalary, hadysalary ýol ýazgylary, düýşler we arzuw-hyýallar görnüşinde gürrüň berilýär. Poemada romantiki alamatlar hem bar. Şahyr Gamburg şäheriniň howandary hasaplanylýan hudaý aýal Gammoniýa bilen janly ýaly gepleşýär. Poemada Beýik Karl (742-814), Prussiýanyň koroly Fridrih II (1712-1786) barada pikir ýöretmek bilen bir hatarda, Geýne Germaniýanyň yzagalak durmuşynyň sahnalaryny hem aýdyň görkezýär hem-de Germaniýanyň geljegi barada söz açyp:

Ösüp barýar täze adamlaň nesli,
Azat duýgulary besläp göwünde,
Hiç bir reňk çalman, hiç bir ýazyksyz.
Açaryn hemmesin olaň öňünde.

Ösýär ýaşlar-düşünerler şahyryň,
Guwanjyna, şatlygyna, mahlasy.
Ösdürýär ýaşlary eşret döredýän,
Ýürek dünýäsiniň ýagty şöhlesi.

diýmek bilen, şahyr öz watanynyň geljekde azat boljakdygyna, yzagalak feodal düzgünleriň ýykyljakdygyna ynam bildirýär.
Genrih Geýne Germaniýanyň taryhyna degişli wakalary hem köp eserlerinde beýan edýär. 1844-nji ýylda Sileziýanyň dokmaçylary öz hojaýynlarynyň garşysyna gozgalaň turuzýarlar, emma hökümet bu gozgalaňy basyp ýatyrýar. Bu waka bagyşlap nemes şahyrlarynyň birnäçesi eser ýazýar. Geýnäniň Sileziýanyň dokmaçylarynyň gozgalaňy barada ýazan «Sileziýa dokmaçylary» diýen goşgusynda şahyr işçileri zuluma garşy çykýan, geljekde köne dünýäni ýykjak öňdebaryjy güýç hökmünde wasp edýär. Bu goşguda gedaýlyk halyna ýetirilen işçileriň zuluma, feodal düzgünlerine garşy göreşi, gahar-gazaby beýan edilip, köne düzgünleriň ýykylyp, täze durmuşyň ahyrsoňy ýeňjekdigi barada aýdylýar.
Geýnäniň döredijiliginde Gündogar temasy hem güýçli ýaňlanýar. Olara «Şahyr Ferdöwsi», «Mawryň aýdymy» ýaly birnäçe eserler girýär.
Geýne 1831-nji ýylda Pariže gidýär we tä ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde ýaşaýar. Ol 1846-njy ýylda agyr keselleýär we 1848-nji ýyldan soň ysmaz bolup, sekiz ýyl düşekde ýatýar. Emma ol özüniň agyr hassalygyna seretmezden köp işleýär. Şol döwürde ol «Romansero» 5 diýen goşgular ýygyndysyny döredýär.
Genrih Geýne 1856-njy ýylda Parižde aradan çykýar.
Genrih Geýne ynsan duýgularyny wasp etmekde uly meşhurlyga eýe bolan lirik şahyrdyr. Onuň eserleri dünýäniň köp dillerine terjime edilip gelinýär. Geýnäniň goşgulary we poemalary ilkinji gezek 1958‑nji ýylda türkmen diline terjime edilip neşir edildi.

1 Almanzor – Almanzor ben-Abdylla, tragediýanyň gahrymanynyň ady.
2 Intermetso – tragediýanyň perdeleriniň arasynda ýerine ýetirilýän uly bolmadyk saz eseri.
3 Bejeriş suwly kurort ýeriň ady.
4 Lukka şäheri Italiýanyň Toskana sebitinde ýerleşýär.
5 Romansero – ispança «romanslar toplumy» diýmegi aňladýar. Romans saza goşulyp aýdylýan kiçiräk aýdym.

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir