Stendalyň iň uly we meşhur eserleriniň biri onuň “Gyzyl we gara” romany 1830-njy ýylda çykýar. Ýazyjynyň bu romananyň adynyň yzyndan ‘‘XIX asyryň taryhy ýazgylary“ diýip, ýene bir at bermeginiň sebäbi bu eserde Restawrasiýa1 döwrüniň (1815-1830) durmuşy görkezilýär. Täze jemgyýetiň rewolýusion güýçleri gyzyl, köne gurluşyň feodalizmiň güýçleri gara reňk bilen romanyň adynda simwoliki aňladylýar.
Stendal bu romany bir 1827-nji ýylda bir gazet makalasyny okap şonuň esasynda ýazypdyr.
Romanyň baş gahrymany Žulýen Sorel durmuşda bagtly bolmak isleýär. Onuň durmuşy ilki agaç ussasy, tagta çykaryjy kärhanasynyň eýesi, puly gowy görýän kakasynyň öýünde bolup geçýär. Žulýeniň okuwa uly höwesi bar. Onuň kakasy özüniň iki sany daýaw, tagta kesmekde gowy işleýän ogullaryny gowy görýär, emma inçemik hor Žulýeniň agyr işe ýarawsyz göwresine gözi düşende gahary gelýär. Onuň üstesine-de Žulýen iş wagty pürsüň üstünde kitap okap oturanyny görse jyny atlanýar. Žulýeniň kakasynyň özi sowatsyz bolupdyr. Ol ogluny eli kitaply görse urýar.
Žulýeniň ýaşlykdan okamak yhlasyny görüp, ony kakasy okamaga mekdebe iberýär. Emma okuwy gutarandan soň, Žulýen özi okuwyny dowam edýär.
Şeýlelik bilen ol 17 ýaşynda öý mugallymy bolup işlär ýaly gerek bilimleri özi okap öwrenýär.
Žulýeniň özbaşdak durmuş ýoly Werýer şäherinde şäher häkiminiň öýünde öý mugallymy wezipesinden başlanýar. Bu kiçijik şäheriň birnäçe baý adamlary ony öz öýlerine mugallaym edip aljak bolýarlar. Mysal üçin jenap Walno, jenap de Renalyň, şäher häkiminiň garşydaşy örän baý adam Žulýeni öz öýüne çagalary üçin terbiýeçi edip almakçy bolýar. Emma Žulýen häkimiň öýünde galyp, onuň çagalaryny okadyp başlaýar. Häkimiň çagalary hem ony gowy görýärler.
Ýöne bu öýde Žulýen kem-kemden şäher häkiminiň aýaly hanym Luiza de Renala aşyk bolýar. Hanym de Renalam bu görmegeý ýigidi çyn ýürekden söýýär. Olaryň ýaş tapawutlary 10 ýaş bolsa-da, Žulýen hanym de Renaly söýýär. Şäherde we häkimiň öýündäki adamlar muny aňyp başlaýarlar. Şonuň üçin Žulýen Werýer şäherini taşalap Bezanson şaherine okuwa gidýär.
Žulýen Bezansonda ýerleşýän ruhanyçylyk seminariýasyna okuwa girip, ony üstünlikli gutarýar. Gutarandan soň Žulýen Pariža gidip, ol ýerde markiz de la Moluň köşgünde işläp başlaýär. Ol bu ýerde örän oňat işläp, özüniň ukyply we akylly ýigitdigini görkezýär.
Žulýene markiz de la Moluň gyzy Matilda aşyk bolýar. Žulýen hem onuň söýgüsine jogap berýär, sebäbi ol hanym de Renaly çyn ýürekden söýýän hem bolsa, onuň bilen durmuş gurmajakdygyna gözi ýetýär. Hanym de Renalyň çagalary, maşgalasy bar. Matilda öýlenip, ol özüniň baş arzuwyna ýetjek. Çünki Žulýen ýöne bir baý ýaşasy gelmeýär ol Napoleon ýaly bir uly işler edip, ýokary jemgyýetiň wekili bolup ýaşamagyň arzuwynda ýaşaýar.
Şol sebäpli ol Matilda öýlenjek bolýar. Emma hanym de Renal bularyň toyy barda eşidende Žulýeni gabanyp, Matilda hat ugradýar. Şol hatda ol Žulýeni ýamanlap, ony masgaralaýar. Emma Matilda ýokary gatlaklaryň wekili bolup, bu zatlardan gorkmaýar. Ol razy. Ol Žulýeniň nähilidigini bilse-de ol ony söýýär. Žulýen bolsa bu zatlara çydamaýar. Ol Werýere gidip, hanym de Renaly öldürjek bolýar, emma diňe çala ýaralaýar. Mundan soň Žulýeni tutup, sud edip, ony ölüm jezasyna höküm edýärler. Şeýlelikde roman örän pajygaly waka bilen gutarýar.
Stendal bu romanda Žulýen Sorel ýaly ýönekeý üçünji, pes gatlaga degişli adamlaryň öz güýji bilen feodalizmi dikelden jemgyýetde bagtly bolup bilmeýändigini görkezýär. Sebäbi feodal jemgyýetde dworýan gatlagy höküm sürýär. Olar eýýäm doglanda ata-babalaryndan galan derejeler bilen dogulýarlar. Şol sebäpli Žulýen ölümiň öň ýanynda“ dünýäde adalatly Hudaý ýok, eger-de şeýle Hudaý bolsady men onuň aýagyna ýykylyp, maňa şol söýýänimi ber diýerdim” diýýär. Ol iň soňunda adamyň şöhrata kowalaşyp, hakyky söýgüsinden dänmeli däldigine düşünýär. Ol hakykatda hanym Luiza de Renaly söýýär. Hanym de Renal hem Žulýen ölüm jezasyna höküm edilenden soň üç gün geçende çagalaryny gujaklap aradan çykýar.
Stendal jemgyýetiň adalatsyz kanunlarynyň, deňsizligiň pidasy bolan ýaş ýigidiň ykbalyny beýan edip, şol döwruň jemgyýetini tankyt edýär.
Ýazyjynyň “Parm buthanasy”(1839) romanynda hem Žulýen Sorele meňzeş Fabrissio del Dongonyň ykbaly görkezilýär. Fabrissio Napoleony ideallaşdyrýar we netijede ol Waterlo söweşinden soň Napoleonyň kimdigine gowy düşünýär. Bu romanda-da ýazyjy jemgyýetiň ýalan ideýalarynyň ýaş zehinli ýigidiň öz ýoluny ýitirişini görkezýär.
Stendalyň döredijiligi fransuz edebiýatynyň ösüşinde täze döwri açýar. Ol gutarnykly realizm usulynyň fransuz edebiýatynda berkarar bolmagyna itergi berýär. Roman žanrynyň kämilleşmegine öz goşandyny goşýar, onuň uzyn suratlandyrmalardan halas bolmagyna hemaýat edýär. Şeýle-de romanda gahrymanyň içki monolog tärini girizýär.
1. Restawrasiýa döwri-Fransiýada 1815-nji ýylda Napoleonyň häkmiýeti ýykylansoň patyşa düzgüni, monarhiýa dikeldilýär. Ýagny täzeden feodal jemgyýetiniň gurluşy dikeldilýär. Bu döwre Restawrasiýa döwri diýip at berlipdir. Ol döwür 1815-nji ýyldan tä 1830-njy ýyllary öz içine alýar.
Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.