(1788-1824)
Jorj Noel Gordon Baýron 1788-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda London şäherinde aristokrat maşgalasynda eneden dogulýar. Onuň kakasy öz aýalynyň baýlygyny ýele sowrup, aýalyny we kiçijik ogluny taşlap, Fransiýa gidýär we ol ýerde näbelli ýagdaýda ir aradan çykýar. Şol sebäpli Baýron ýaşlygynda ejesiniň elinde terbiýelenýär. Ol on ýaşyna ýetýänçä ejesi bilen Şotlandiýada babasynyň mülkünde ýaşaýar.
Baýron on ýaşyna girende onuň atasynyň dogany aradan çykýar we özüniň «lord» diýen derejesini we uly mülküni Baýrona miras goýýar. Şondan soň Baýron ejesi bilen Angliýanyň Nottingem graflygynda (welaýatynda) özüniň ata-babalarynyň öň monastyr bolan Nýusted galasyndaky mülkünde ýaşaýar. Lord derejesi şol döwürde Baýrona kämillik ýaşyna ýetensoň iňlis parlamentiniň Lordlar palatasynda çykyş etmäge, oňa deputat hökmünde gatnaşmaga hem-de ýapyk, tölegli iň gowy mekdepleriň birinde okamaga hukuk berýän eken.
Baýron doglanda örän görmegeý çaga bolupdyr, ýöne aýagy agsak doglupdyr. Ejesi ony her hili usullar, däri-dermanlar bilen bejerjek bolupdyr. Käte oňa igenipdir. Baýron kämahal hepdeläp, aýlap aýagyna agyr ýük asylgy ýagdaýda ýatmaly bolupdyr. Emma bu zatlar kän bir peýda bermändir. Şonda-da Baýron ýaşlygyndan sportuň dürli görnüşleri bilen irginsiz meşgullanypdyr.
Baýron on üç ýaşynda Harrow mekdebine okuwa girýär. Ol mekdepde Baýron öz deň-duşlarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanypdyr. Ol diňe bir gowy okaman, sportuň at çapmak, bokslaşmak, suwda ýüzmek ýaly görnüşleri boýunça hem örän ezber bolupdyr. Ol Ýewropada iň gowy ýüzüjileriň biri hasaplanypdyr.
Baýron 1805-nji ýylda Kembrij uniwersitetine okuwa girýär we ony 1809-njy ýylda tamamlaýar. Baýron ýaşlygyndan edebiýat bilen gyzyklanypdyr we şygyr ýazypdyr. Baýronyň şol döwürlerde ýazan goşgularynda göwnüçökgünlik, jemgyýetden nägilelik, lapykeçlik duýulýar.
Baýronyň döredijiligini şertli halda üç döwre bölmek mümkin. Onuň döredijiliginiň birinji döwri 1807-1809-njy ýyllary öz içine alýar. Bu döwürde Baýron iňlis nusgawy poeziýasynyň täsiri bilen eser döredýär. 1810-1817-nji ýyllar Baýronyň döredijiliginiň ikinji döwri hasaplanýar. Bu döwürde Baýron zehinli romantik şahyr hökmünde tanalýar. Baýronyň döredijiliginiň üçünji döwri 1818-1824-nji ýyllary öz içine alýar. Bu döwürde Baýron iňlis poeziýasynyň dilinde reformator, täzelikçi hökmünde hem-de XIX asyrda tankydy realizmi esaslandyryjylaryň biri bolup çykyş edýär.
Kembrij uniwersitetini gutaransoň Baýron öz bilimini kämilleşdirmek üçin Ýewropa ýurtlaryna syýahata gidýär. Ol deňiz üsti bilen Ispaniýa, Albaniýa, Gresiýa, Italiýa, Protugaliýa we Türkiýä barýar. Syýahat eden döwründe Baýron gündelik ýöredipdir. Ol şol syýahatyň ýol ýazgylarynyň esasynda «Çaýld 1 Garoldyň zyýaratlary» (1812) atly uly göwrümli poemasyny ýazýar. Bu eser dört bölekden, ýagny bapdan durýar we ol liro-epik poemadyr. Bu žanr romantizm döwründe meşhur bolupdyr.
Şahyr bu eserde täze romantik gahrymanyň keşbini döredýär. Çaýld Garold arzuwçyl, durmuşdan nägile ýaş ýigit. Ol belli bir zatdan nägile bolman, umuman, daş-töweregindäki jemgyýetde bolup geçýän zatlar bilen ylalaşmaýar. Çaýld Garold öz durmuşyna-da tankydy nazar bilen garaýar. Eýýäm poemanyň başynda ol özüni «gülden-güle uçýan kebelek» bilen deňeýär. Çaýld Garold durmuşda boljak bir ýakymsyz, nämälim wakalara garaşýan ýaly, dünýäde bolup geçýän pajygaly wakalar barada pikir ýöredýär, olara düşünjek bolýar.
Poemada jemgyýetiň wajyp meseleleri gozgalýar we şahyr Ispaniýanyň, Gresiýanyň halklarynyň milli azat edijilik göreşini goldaýar hem-de olaryň geljekde hökman zulumdan halas boljakdyklaryna ynam bildirýär. Baýron halklaryň azatlyk üçin alyp barýan göreşini belli bir wakalaryň üsti bilen däl-de, Çaýld Garoldyň şol ýurtlarda gören zatlary, wakalary baradaky içki duýgularynyň, onuň aýdýan sözleriniň üsti bilen suratlandyrýar. Poemanyň üçünji we dördünji aýdymlaryn-da Çaýld Garoldyň keşbi şahyryň öz keşbi bilen birleşip gidýär. Şahyr fransuz rewolýusiýasy, beýik magaryfçylar barada öz garaýyşlaryny beýan edýär. Dördünji bölümde Italiýa we onuň ykbaly barada pikir ýöredilip, Italiýanyň taryhy, onuň gadymy medeniýeti wasp edilýär. Şahyr Italiýanyň halkynyň azatlyk ugrunda göreşmeginiň gerekligini aýdýar.
Poemada azatlyk üçin göreşýän halklaryň keşbi äpet deňiz tolkunlarynyň, onuň möwç urýan güýjüniň üsti bilen görkezilýär.
Baýron 1809-njy ýylyň iýunyndan 1811-nji ýylyň iýulyna çenli iki ýylyň dowamynda Portugaliýa, Ispaniýa, Korsika, Sisiliýa, Albaniýa, Türkiýe (Konstantinopol) ýaly ýurtlara syýahat edýär.
Baýron 1811-nji ýylyň tomsunda özüniň gaýdyp gelendigi barada Liwerpuldan ejesine habar iberýär. Emma ol öýlerine, Nýustede gaýdyp baranda ejesi aradan çykan eken. Ejesi oglunyň syýahatdan gaýdyp gelendigini eşidip, begenjinden tarpa-taýyn jan beripdir. Baýron şonda gynanç bilen: «Eje, ýeke bolýar. Men özümiň iň gowy dostumy ýitirdim» diýip aýdýar.
Parlamentiň agzasy hökmünde Baýron Irlandiýanyň daýhanlarynyň, Angliýanyň işçi-ludditleriniň 2 hukuklaryny gorap parlamentde çykyş edýär. Baýron 1815-nji ýylda Anabella Milbenk atly gyza öýlenýär. Olar ilkibada gowy ýaşaýarlar, emma birnäçe wagt geçensoň, Anabella Baýron barada ýalan töhmete ynanyp, onuň bilen nikasyny bozmak üçin, kazyýete arza berýär. Dolandyryjy gatlagyň wekilleri bu wakany öz maksatlary üçin ulanyp, hökümeti tankyt edýän Baýrony ahlaksyzlykda aýyplaýarlar, gazetlerde ol barada myjabat, ýaramaz mazmunly makalalar çap etdirýärler. Bu yzarlamalar sebäpli Baýron 1816-njy ýylda ilki Şweýsariýa, soňra Italiýa gidýär.
Italiýada Baýron Tereza Gwiççioli atly ýaş grafinýa öýlenýär. Ol ýerde Baýron Italiýanyň azatlygy ugrunda göreşýän karbonariýlere 3 kömek berýär. Emma karbonariýleriň hereketiniň ýeňilmegi sebäpli, 1823-nji ýylda Baýron grek watançylarynyň çagyrmagy bilen Missolungi diýen gala-şähere gidýär. Baýron ol ýerde Gresiýanyň azatlygy üçin göreşýän grek gozgalaňçylaryna ýardam edýär.
Baýron dagda gezelenç edýän wagty sowuklap, 1824-nji ýylyň 19-njy aprelinde aradan çykýar.
Baýronyň grek halkynyň azatlygy ugrundaky göreşe jany-teni bilen berlip göreşenligi üçin, onuň ýüregini Gresiýada, jesedini bolsa Angliýada, Nýusted monastyrynyň golaýynda jaýlaýarlar.
1 Çaýld – orta asyrlarda tanymal maşgaladan bolan, entek rysarlyga kabul edilmedik ýaş oglanyň ady; ol iňlisçe «çaga» diýmekligi aňladýar.
2 Ludditler – maşynlary, stanoklary döwüjilere «ludditler» diýip at beripdirler. Olar dokmaçy Ned Luddy öz baştutanlary hasaplapdyrlar. Iňlis senagatçylary maşynlary döwýänlere ölüm jezasyny berýän ýörite kanun çykarýarlar. Baýron 1812-nji ýylyň fewralynda işçi-ludditleri gorap parlamentde çykyş edýär.
3 Karbonariýler – XIX asyrda Italiýanyň azatlygy ugrunda göreşen guramanyň ady, «karbonariý» – «kömür gazyp alýan işçi» diýmegi aňladýar.
Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.