(1828-1905)

XIX asyrda ýasap geçen meşhur fransuz ýazyjysy Žýul Wern ‘‘On bäs ýaşly kapitan“, ‘‘Kapitan Grantyň çagalary“, ‘‘Syrly ada“ ýaly romanlary bilen giňden tanalýar. Onuň dünýä edebiýatynda iň meşhur eserleriniň biri hem ‘‘Kapitan Grantyň çagalary“ atly romanydyr. Ol 1936-nj ýylda türkmen diline-de geçirilipdi. Köp okamaklygy, ylmy açyşlardyr ylmy-tehniki ösüşler bilen gyzyklanmagy Žýul Werne ylmy-fantastiki romanlary döretmeklige itergi berýär.
Zýul Wern 1828-nji ýylda Nant şäherinde eneden doglupdyr. Onuň kakasy Pýer Wern adwokat bolup işläpdir. Ol oglunyň hem öz kärini dowam etdirmegini isläpdir. Ene-atasynyň sözüni ýykmajak bolup, Zýul Wern Sorbonna uniwersitetiniň hukuk fakultetine okuwa giripdir. Ol uniwersiteti gutaryp hukuk boýunça alymlyk derejesini alypdyr. Emma ol hukuk ugrundan işläsi gelmändir, ol edebiýat bilen meşgullanmagy ýüregine düwüpdir. Zýul Werniň kakasy oglunyň saýlan işini halaman oňa pul, maddy kömek etmeýär.
Beýleki başlangyç, ýaş ýazyjylar ýaly ol birnäçe ýyllar garyplykda ýaşaýar. Zýul Wern edebiýatda öz ugruny birbada tapyp bilmändir. Ol ilki goşgular, pýesalar we hekaýalar ýazypdyr. Operattalar üçin librettolar ýazypdyr. Soň ol fransuz edebiýatynyň şol döwürdäki görnükli wekilleri bolan Wiktor Gýugo, Aleksandr Dýuma bilen tanşypdyr.
Wern nähili zehinli bolsa-da şol döwürde okujylaryň söýgüsini gazanyp bilmändir. Ýöne ol wagtyny boş geçirmändir. Gazanç etmek üçin dürli edebi ýumuşlary ýerine ýetirip, dürli eserler ýazypdyr. Şol bir halatda ol ‘‘ylym barada roman“ ýazasy gelipdir.
Žýul Werniň eserlerinde täze açyşlar eden alymlaryň, uly edermenlik bilen geografiki açyşlary amala aşyran syýahatçylaryň adamzat jemgyýeti üçin bitiren hyzmatlary öz çeper beýanyny tapypydyr.
Entek Aýa uçmak barada, ýa-da suwasty gämileri gurmak hakynda hiç hili taslamlaryň we edilen işleriň ýok döwründe Žýul Werniň gahrymanlary Aýa uçýarlar, suwasty gämilerde ýüzýärler, hatda Ýeriň özenine-merkezine barmaga dalaş edýärler. Žýul Werniň eserleriniň esasy aýratynlygy onuň ylma we tehnika bolan uly ynamydyr. Dünýäniň haýsy künjeginde bir uly ylmy-tehniki taslama amala aşyrylsa, ýazyjyny içgin gyzyklandyrypdyr. Afrikada Nil derýasynyň gözbaşyna barmak ýa-da dünýäniň entek gowy öwrenilmedik barmasy kyn bolan künjeklerine uçýan şaryň kömegi bilen baryp görmek ýaly ylmy suratlandyrmalar, pikirler alymlary täze açyşlara ruhlandyrypdyr. Kosmosa uçýan raketalary ilkinji gezek oýlap tapan meşhur alym K.E Siolkowskiý raketanyň uçuşyny temperaturanyň kömegi bilen dolandyrmak pikirini Žýul Werniň romanyndan alandygyny ylmy işlerinde beýan edýär.
Žýul Werniň öňdengörijilik bilen aýdan köp pikirleri wagtyň geçmegi bilen ýazyjy entek dirikä amala aşyrylypdyr. Sebäbi, Žýul Werniň romanlarynda beýan edilýän wakalar ylmyň, tehnikanyň ösüşleriniň iň soňky gazanan netijelerine daýanypdyr. Şeýle eserleriň biri-de Žýul Werniň 1892-nji ýylda çap edilen ‘‘Klodius Bombarnak“ atly romanydyr.
XIX asyryň ahyrlarynda dänýäniň nazary Türkmenistana gönügýär. Sebäbi, 1880-njy ýylda Uzynadada demir ýoluň ilkinji relsleri goýlup başlanýar. Orsýetli inženerleriň gumuň içinden demir ýol gurmak taslamalary başa barmajak iş bolup görnüpdir. Demir ýoly gum basmak howpy bar eken. Rus inženerleriniň we türkmen işçileriniň ugurtapyjylygy bilen süýşýän gumuň öňüne gamyş germewler goýlupdyr. Umuman, bu demir ýol gurmaklygyň esasy ýüki türkmen zähmetkeşleriniň, daýhanlarynyň gerdenine düşüpdir. Türkmenler düýe, at goşulan arabalar bilen bu demir ýoluň gumuny, daşlaryny daşapdyrlar. Köpetdagyň gerişlerinde bitýän arçalardan relsleriň aşagyna goýulýan agaçlary-şpallary taýýarlapdyrlar. Yssy diýmän, sowuk diýmän tutanýerli işlän türkmenleriň zähmeti öz miwelerini hem berýär.
Žýul Werniň ‘‘Klodius Bombarnak“ atly romanynda eseriň baş gahrymany fransuz Klogius Bombarnak ‘‘XIX asyr“ atly gazetiň habarçysy bolup işleýär. Ol Tiflis şäherinde 15-nji maýda Hazar deňziniň türkmen kenarýakasynda ýerleşen Uzynada ýarym adadan türkmen demir ýolundan otla münüp, Hytaýa barmaly diýlen görkezmäni alýar. Romantik ýazyjy bu demir ýoly gurujy adamlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýowuz tebigatyň gazaply şertlerini ýeňip geçjekdigine berk ynanypdyr. Ýazyjy Garagum çölünden geçýän demir ýoluň duralgalarynda adamlaryň tagallasy bilen baglaryň ýetişdirilendigini, şol baglary suwarmak üçin çuň guýulary gazyp, suw alandyklaryny ýazýar. Jebel, Nebitdag, Gazanjyk, Merw ýaly duralgalarda otlynyň durýandygyny birin-birin beýan edýär.
Žýul Wern hiç haçan Türkmenistanda bolmadyk hem bolsa, ol türkmen topragyny öz gözi bilen gören ýaly beýan
edýär. Ýazyjy şol döwürde Fransiýada neşir edilýän gazet-žurnallarda, kitaplarda Türkmenistan barada çap bolan maglumatlary birin-birin ýazyp alyp öwrenipdir. Özüniň şu eseri ýazanynda fransuz inženeri Edgar Bulanžýeniň ‘‘Merwe syýahat“, ‘‘Elize Reklýunyň ‘‘Umumy geografiýa“ atly kitaplardan peýdalanandygyny ýazýar.
Žýul Werniň arzuwçyl ýüregi bu demir ýoluň bir şahasynyň bölünip Gäwersden (häzirki ak bugdaý) Maşada barýandygyny beýan edýär. Elbetde, bu XIX asyryň soňunda, dogrudanam, arzuwlar düýäsine degişli bir hyýaly pikir bolup görnüpdir. Sebäbi, ol wagtlar beýle ýol barada hiç kim pikirem etmändir. Emma, şol ýazyjynyň adamzat genisine bolan ynamy, onuň arzuwy dogry ýüz ýyldan soň, Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň amala aşyrylyp başlandy. Günbatar bilen Gündogary birikdirýän Tejen-Saragt-Maşat demir ýoly 1996-njy ýylyň 12-nji maýynda doly gurlup gutaryldy.

Žýul Wern we Türkmenistan

Žýul Wern dünýä edebiýatynda ylmy-fantastiki žanrda ýazylan meşhur romanlaryň awtory hökmünde giňden tanalýar. Onuň «Howa şarynda bäş hepde gezelenç», «On bäş ýaşly kapitan», «Kapitan Grantyň çagalary», «Syrly ada» ýaly romanlary dünýä derejesinde meşhur eserlere öwrüldi.
Ýaşlykdan başlap köp okamaklygy, ylmy açyşlardyr ylmy-tehniki ösüşler bilen içgin gyzyklanmagy, aýratyn hem, XIX asyrda fizika, himiýa, biologiýa ylymlarynda uly üstünlikleriň gazanylmagy, tehniki ösüşiň güýçli depginde öňe gitmegi Žýul Werne ylmy-fantastiki romanlary döretmäge itergi berýär. Ýazyjynyň eserlerinde täze açyşlar eden alymlaryň, uly edermenlik bilen geografiki açyşlary amala aşyran syýahatçylaryň adamzat jemgyýeti üçin bitiren hyzmatlary öz çeper beýanyny tapypdyr.
Žýul Werniň «Klodius Bombarnak» romanynda diňe bir ylmy-fantastik pikirler beýan edilmän, eýsem, türkmenleriň durmuşyn-da bolup geçen taryhy wakalar hem beýan edilipdir.
XIX asyrda bolup geçen Gökdepe urşunda Gökdepe galasyny goraýjylaryň şan-şöhraty dünýä ýaň salýar. Ýazyjynyň «Klodius Bombarnak» atly ylmy-fantastik romanynda demir ýol bilen otluda syýahat edýän fransuz habarçysy Klodius Bombarnak Gyzylarbat demir ýol duralgasynda otly iki sagatlap duran wagtynda rus goşunynyň maýory Noltisiň türkmen topragynda bolup geçen wakalar baradaky gürrüňlerini diňleýär. Noltis Gökdepe oazisini eýelemegiň rus goşunlaryna kyn düşendigini ýatlap, bu barada fransuz žurnalistine: «Generallar Lomakin we Lazarew Gökdepe oazisini almak üçin ýöriş guradylar, ýöne tekeler olary ýeňdiler. Soňra bu oazisi basyp almak general Skobelewe tabşyryldy» diýip gürrüň berýär.
Žýul Wern galany goraýjylaryň aýratyn gahrymançylyk görkezip söweşendiklerini belläp: «Bu şäher diňe onuň berkitmeleri ýykylyp, onuň ýigrimi müň goraýjysy öldürilenden soň boýun egdi» diýip ýazýar.
Ýolda Gökdepe galasy baradaky gürrüňleri diňläp, bu ýerleriň taryhy bilen tanyş bolan Klodius Bombarnak: «Men pikire batyp gelýärkäm otly Gökdepä geldi. Sagat bir, ýarygijedi. Men bu şäheri höwes bilen görerdim welin, ýöne garaňkyda hiç zady görüp bolmaýar. Maňa maýor Noltisiň aýdyşy ýaly, ol ýerde entegem harby söweşleriň yzlary galypdyr: general Skobelewiň esgerleriniň 1981‑nji ýylyň 1-nji ýanwardaky (hakykatda 12-nji ýanwar bolmaly – R.M.) hüjümlerinde galanyň berkitmelerini ýykypdyrlar ...» diýip, Gökdepäniň taryhyny ýatlaýar.
Görşümiz ýaly, Žýul Wern bu eserinde Gyzylsuw adasyndan tä Çärjewe (häzirki Türkmenabat – R.M.), Amyderýa çenli aralykda ýerleşen türkmen topragyny, onuň adamlaryny, gözel, özboluşly tebigatyny jikme-jik suratlandyrýar. Ýazyjy bu ýurduň uly geljeginiň bardygyny öňdengörüjilik bilen aýdýar we öz eserinde beýan edýär. Elbetde, Klodius Bombarnagyň rus maýory Noltis bilen duşuşmagy ýazyjynyň çeper fantaziýasynyň önümi bolsa-da, eserde beýan edilýän maglumatlaryň düýbünde taryhy hakykat ýatyr. Ol maglumatlary ýazyjy şol döwürde Fransiýada Türkmenistan, türkmenler barada çap edilen kitaplardan we metbugat habarlaryndan alypdyr. Ýazyjyny Türkmenistanyň tebigaty, adamlary bilen baglanyşykly her bir maglumat, şol sanda bu ýurtda bolup geçen taryhy wakalar içgin gyzyklandyrypdyr, şol sebäpli ol öz eserinde Gökdepe galasynyň taryhyna degişli maglumatlary jikme-jik beýan edýär. Sebäbi XIX asyrda bolup geçen Gökdepe söweşlerinden soň Gökdepe galasynyň ady mertligiň, gahrymançylygyň nyşanyna öwrülip, dünýä meşhur bolupdyr we şol sebäpli onuň keşbi adamlaryň aňyna, çeper eserleriň, taryhy kitaplaryň gatyna ebedi siňipdir.

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir