Romanyň wakalary söýgi temasynyň daşynda jemlenip görkezilýär. Romanda W. Gýugo XV asyryň soňunda bolup geçen taryhy wakalary görkezýär, ýöne Gýugo şol taryhy wakalary takyk, bolşy ýaly, jikme-jik görkezjek bolman, ol şol döwrüň ruhy keşbini, halkyň gözýetimini, adamlaryň duýgularyny görkezmek isläpdir. Şeýle hem, romanda, diňe duýgy we söýgi, adamkärçilik, dostluk, rehimsizlik, nadanlyk ýaly temalar açylyp görkezilýär.
Romanyň esasy sýužeti, temasy buthananyň seredijisi ruhany Klod Frollonyň we jaň kakyjy küýki, betnyşan Kwazimodonyň Esmeralda atly sygan gyzyna bolan söýgisini beýan edýär.
Bu söýgi iki hili keşbiň häsiýetini açyp görkezýär. Klod Frollo terkidünýä-alym, durmuşyň ähli şatlyklaryndan özüni mahrum edip ýaşan adam Esmeralda aşyk bolup, onuň häsiýetiniň erbet taraplary ýüze çykýar. Ömürboýy adamlary ahlak päkligine çagyrýan ruhany Klod Frollo indi ýaşajyk, görmegeý Esmeraldanyň gözel görküne aşyk bolup, ol diňe öz şahsy arzuw isleglerini kanagatlandyrmak üçin hiç bir günäsiz gyzy jellatlaryň eline berýär.
Gýugo bu eserde Klod Frollonyň keşbiniň üsti bilen ruhany-dindarlaryň ikiýüzliligini, olaryň zalymlygyny paş edýär.
Esmeralda halk wekiliniň ruhy we fiziki simwolik keşbi bolup, özüniň tylla şahly Jali atly owlajygy bilen adamlaryň üýşen ýerinde dürli oýunlar görkezýär. Ol ynsanperwer, rehimdar gyz. Ýaş şahyr Pýer Grenduar ykmandalaryň, gedaýlaryň, ogry-jümrileriň gije ýygnanýan ýeri bolan Täsinlikler köşgi diýen ýerde howply ýagdaýa düşende, ýagny ogrular Grenguary asjak bolanlarynda syganlaryň däbini ulanyp, ony özüniň äri diýip yglan edip, ölümden halas edýär. Esmeraldanyň gözelligi, onuň jadylaýjy mähri adamlary özüne tabyn edýär. Hatda Täsinlikler Köşgüniň ykmandalary, ogrulary-da Esmeraldany görende, oňa ýol berýärler, olaryň haýwan ýaly wagşy ýüzleri onuň birje nazaryndan ýagtylyp gidýärdi“diýip ýazyjy Esmeraldanyň gözelligini wasp edýär.
Esmeraldanyň päkligi, onuň çyn ýürekden kapitan Febe bolan söýgüsi bu ulumsy dworýan tarapyndan kemsidilýär. Esmeralda oňa nikalaşmak barada öz islegini aýdanda: ‘‘Gör nähili beýle“ diýip, ol biz näme nikalaşjak bolýarysmy?“diýip onuň üstünden gülýär.
Ýazyjy feodal jemgyýetiniň ýokary gatlagynyň wekili bolan kapitan Febiň kalby arassa Esmeraldany özüniň bir wagtlaýyn hapa söýgi güýmenjesi hökmünde ulanjak bolşuny örän aýdyň görkezýär.
Romanda ajaýyp, gözel Esmeralda aşyk bolan gorkunç, betnyşan, küýki Kwazimodo özüniň daşky keşbiniň şeýle bolmagyna garamazdan öz ýüreginde Esmeraldany päk, ýokary duýgy bilen söýýär. Oňa daşyndan guwanyp gezýär. Emma Klod Frollonyň buýrugy bilen Esmeraldany jellatlar dardan asanlarynda muňa seredip duran, özüni ekläp ulaldan ruhany Frollony Kwazimodo buthananyň üçeginden aşak taşlaýar, sebäbi Kwazimodo onuň doňýürek, rehimsiz adama öwrülendigine göz ýetirýär. Iň soňunda Kwazimodo Esmeraldanyň jansyz jesedini gujaklap onuň ýanynda jan berýär.
Ýazyjy Kwazimodonyň betnyşan göwresinde ajaýyp, ynsanperwer duýgylaryň bardygyny görkezýär. Söýgi Kwazimodonyň kalbyna päklik salýar. Onuň ýüreginde adamkärçilik duýgularyny oýarýar. Esmeraldanyň özüne teşne bolup masgaraçylyk sütüniniň ýanynda duranda-da suw berşi Kwazimodonyň ýagşylyga bolan ynamyny berkidýär we bu zenana bolan mähri ony ynsanperwer adam edýär. Emma onuň jany-teni bilen söýýän, onuň üçin oňa janyny bermäge taýýar, kakasy ýaly görýän Klod Frollo Kwazimododan ýüz öwürýär, oňa rehimsiz daraýar. Bu bolsa Kwazimodonyň kalbynda kapykeçlik duýgularyny döredýär.
Bu romanda Gýugo orta asyrlaryň ruhuny, däp-dessurlaryny, ynsan duýgularyny örän gowy suratlandyrýar. Romanyň ýene-de bir täzeligi Gýugo romanyň ilkinji sahypalaryndan başlap, güwläp duran mähelläniň, halkyň keşbini görkezmegi başarýar. Bu bolsa şol döwürde fransuz edebiýatynda täzelik bolup durýar. Daş-töweregindäki bolýan wakalardan, jemgyýetçilik durmuşyndan nägile bolan Gýugo geçmişiň taryhy wakalaryny romantiki öwşgünde görkezýär.
Romanguly Mustakow. Daşary ýurt edebiýatynyň taryhy 2-nji kitap Aşgabat, 2010 ýyl.