Asyryň iň iri gidrotehniki desgasyna öwrülen “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň gurluşygyna 2000-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda başlandy. Bu ägirt uly möçberli täsin gidrotehniki desganyň gurulmagynyň esasy maksady, ýurdumyzyň suwarymly ekerançylyk ýerlerinden çykarylýan ummasyz möçberdäki zeý şor suwlaryň döredýän ýaramaz ýagdaýlarynyň öňüni almak üçin olary Türkmenistanyň welaýatlarynyň çäklerinden bir ýere – döwletimiziň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän tebigy Garaşor çöketligine ýörite ýygnamakdan we sowmakdan, olary gaýtadan ulanmagyň ýollaryny we usullaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Türkmen köli topragyň şorlaşmagy, suw baýlyklarynyň hapalanmagy, ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokary galmagy we suwarymly ýerleriň hem-de çöl örileriniň suwa basdyrylmagy bilen baglanyşykly wajyp ekologiki meseleleriň çözgüdini tapmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Bu kölüň gurluşygy diňe zeýakaba-zeýkeş suwlaryny akdyrmaga niýetlenip, ol hiç bir ýagdaýda Amyderýadan hem-de beýleki suwaryş çeşmelerinden suw almaga niýetlenip gurulýan desga däldir.
“Altyn asyr” Türkmen köli Aziýa yklymynda iň uly çöl hasaplanýan Garagumda dörän täsin bir gudratdyr. Onuň möhüm aýratynlyklaryna göz ýetirmäge aşakdaky käbir maglumatlar hem aýdyň şaýatlyk edýärler: Garaşor tebigy çöketliginde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň uzynlygy 103 kilometre, ini 18,6 kilometre, çuňlugy, ortaça 70 metre, göwrümi 132 kub kilometre ýa-da 132 milliard kubometre, umumy tutýan meýdany bolsa 1915,8 kwadrat kilometre barabar hasaplanýar.

Garaşor tebigy çöketligine zeý şor suwlary iki sany baş akaba arkaly geçirilýär. Olaryň biri Baş şor suw akabasy, beýlekisi bolsa Daşoguz suw akabasydyr. Baş şor suw akabasynyň uzynlygy 720 kilometre, Daşoguz akabasynyň uzynlygy bolsa 386 kilometre barabar. Welaýatlaryň çäklerindäki şor suw akabalarynyň umumy uzynlygy 2659 kilometre barabar hasaplanýar.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň iňňän wajyp tebigaty goraşýyş, ýurtda we sebitde ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşmagyna oňaýly hyzmat etjek täsin desgadyr. “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň döredilmeginiň diňe bir türkmenistanlylar üçin däl, Merkezi Aziýa sebitinde ekologik durnuklylygy üpjün etmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, öri meýdanlaryň hasyllygyny gowulandyrmak, bu kölde hemişelik mesgen tutunjak we düşläp geçjek dürli görnüşli millionlarça guşlaryň çöl gözelligine etjek täsiri, ekologiýa jahankeşdelik ýaly täze ugruň milli ykdysadyýete goşulmagy, şor suwlary ylmy esasda gaýtadan işlemek ýaly möhüm meseleleriň çözgüdine öwrüljekdigi ikuçsyzdyr.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyr-makdaky, oba hojalygynyň ekerançylyk we maldarçylyk pudaklaryny ösdürmekdäki, azyk önümleriniň öndürilişini çürt-kesik artdyrmakdaky we döwletimiziň azyk howpsuzlygyny durnukly üpjün etmekdäki, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdaky, täze iş ýerleriniň müňlerçesini döretmekdäki ähmiýetini aýratyn nygtamak gerek. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň kenar ýakalarynda ýakyn geljekde täze şäherçeler, etraplar, obalar dörär. Täze mekanyň bagtyýar eýeleri boljak raýatlarymyz bu toprakda jenneti miweleri ösdürip ýetişdirerler. Şor suwlary süýji suwa öwürjek täze desgalaryň giden bir ulgamy peýda bolar.

Ýakyn geljekde kölüň golaýynda täze oba gurlar. Oba 68,8 gektar meýdany eýelär. Obanyň gurluşygy iki tapgyrda alnyp barlyp, onuň birinji tapgyrynda 104 maşgala niýetlenen kottež jaýlary, 320 orunlyk mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi, söwda merkezi, hyzmatlar öýi we seýilgäh bina ediler. Ikinji tapgyrynda 108 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurlar. Täze oba 160 kilometr uzynlykda elektrik geçirijisi, 125 kilometrlik gaz geçirijisi gurlar. Täze obada tele-radio we beýleki aragatnaşyk ulgamlary üçin döwrebap enjamlar oturdylar.

Şeýlelikde, Garagumyň jümmüşinde, öňki tozap ýatan meýdanda türkmen halkynyň gudraty bilen täze bir oazis dörär.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir