Watany goramak mukaddes hasaplanyp, mert pederlerimiziň bu ugurdan nusgalyk göreldesi bardyr. Arhiw maglumatlara görä, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna Türkmenistandan 200 müňden gowrak şol sanda, Balkan welaýatyndan 35 müňe golaý adam gatnaşypdyr. Olardan 7 müň 510 adam Watan ugrundaky söweşlerde gahrymanlarça wepat bolupdyr. Urşuň başlanmagy bilen 87-88-nji aýratyn türkmen atyjylyk brigadalary, 97-nji we 98-nji türkmen atly diwiziýalary döredilipdir. Söweşde görkezen gaýduwsyzlygy, batyrlygy we mertligi üçin Watandaşlarymyzyň 100-den gowragyna Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent at dakylan hem-de 15 sany ildeşimize «Şöhrat» ordeniniň üç derejesi berlen. Her 100 müň ilata düşýän Gahryman sany boýunça Türkmenistan ozalky Soýuz Respublikalarynyň arasynda birinji orny eýeleýändigini buýsanç bilen aýdyp bolar.
Balkan welaýatyndan urşa gatnaşan esgerler Leningrady, Stalingrady, Belorussiýany, Ukrainany, Gündogar Ýewropany azat etmekde edermenlik görkezipdir. Urşuň yzynda galanlar hem öz ýerinde tutanýerli we ýadawsyz zähmet çekip, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşupdyrlar. Şol sebäpli olar weteranlara deňeşdirilýär. Türkmenistanda uruş weteranlara we olara deňeşdirilenleriň sarpasy belent tutulyp, olar halk içinde uly sylag-hormata eýedir. Ýagny, olara iň ýokary pensiýa tölenýär we saglygy goraýyş hyzmatlaryň ähli görnüşleri mugt amala aşyrylyp, lukmanlar üznüksiz gözegçiligi amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da, weteranlarymyz we olaryň maşgala agzalary kommunal hyzmatlaryň töleglerinden boşadylyp, tebigy gazdan, agyz suwdan, elektrik energiýasyndan mugt peýdalanýarlar.
- Gynansakda, weteranlarymyz ýylsaýyn azalýar. Häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherinde uruş weteranlaryň we olara deňeşdirilenleriň 4 sanysy bar. Biz aldym-berdimli söweşlerde hem-de agyr howa şertlerinde kyn günleri başdan geçiren hem bolsak, Watan goragy üçin äden her bir ädimimize hiç pursat ökünmedik we ejizlemedik. Ýagny, biz ene topragy, maşgalamyzy hem-de geljekgi neslimizi halas etmek üçin mertlerçe söweşip ýeňiş gazanmakdan başga çykalganyň ýokdugyna örän gowy düşünýärdik. Watana bolan söýgi we ýagty geljege bolan umyt bizi hiç haçan terk etmedi diýip 93 ýaşly weteran Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy Weli Guseýinow gürrüň berýär.
Weteranlar Watany söýmekde görelde mekdebi bolup, olaryň görkezen gahrymançylyklary nusga almaga mynasypdyr. Şol sebäpli, ýaş nesilde watansöýüjilik duýgylaryny ösdürmekde hem-de olara Watana gulluk etmegiň, ene topragy söýmegiň mukaddes borçdygyny anyk mysallar bilen düşündirmekde weteranlarymyzyň orny uly orny eýeleýär. Ýurdumyzda, her ýylyň 9-njy maýynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş uly dabara bilen bellenip, weteranlaryň gatnaşmagynda duşuşyklar we dürli çäreler guralýar. Olaryň öz başdan geçirenleri we şu günki günüň eşreti barada edýän gürrüňleri ýaşlara has täsirli bolup, şolaryň aramyzda gezip ýörmeginiň özi terbiýeçilik ähmiýetlidir. Bu baýramçylyk gününde weteranlara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylyp, olara uzak ýaş arzuw edilýär. Çünki biz şu günümiz üçin weteranlarymyza sylag-hormat goýmaga, olar barada alada etmäge haklydyrys hem borçludyrys. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, etrap şäherlerinde Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp wepat bolan gahrymanlarymyzyň hormatyna bina edilen Baky ot ýadygärligine her ýylyň 9-njy maýynda gül goýmak dabarasy geçirilýär. Bu dabara ähli ýaşdaky raýatlar bilen bilelikde ýaşulularmyz, enelerimiz, talyplar, harby gullukçylar we aramyzda gezip ýören weteranlarmyz gatnaşýar. Baýramyňyz gutly bolsun eziz watandaşlar!
Ýatlap geçsek, 25.04.2019-njy ýylda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli weteranlara sowgatlary gowşurmak hakynda ýörite Permana gol çekdi.