Taryhy çeşmeleriň maglumatlaryna görä gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan, özüniň möçberi, häsiýeti, we ösüş taryhy boýunça dünýä derejesindäki deňizlerden aýratyn tapawutlanýan, 70-den gowrak adyň eýesi, ortaça uzynlygy 345 kilometre, has çuň ýeri 1024 metre deň Gojaman Hazaryň türkmen kenary alty ýüz kilometre çenli meýdany özünde jemleýär. Bu gün şol kenarýakanyň iň arassa, tämiz howasy, güneşi, çägesi, ýokary derejedäki ekologik ýagdaýy Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerindäki beýik-beýik binalar, myhmanhanalar toplumy, medeni dynç alyş we sagaldyş merkezleri, alleýalardyr, suw çüwdürimleri, uzynlygy ýedi kilometr bolan Awaza derýasy we şol derýanyň ugrundaky pyýadalar we awtoulaglar üçin gurulan 11 sany köpri hem-de ýaşyl dona bürenip, müňlerçe gektar meýdany eýeläp oturan baglar we giň giden köçeleriň, geçelgeleriň ýan-ýodalaryň ugruny bezäp oturan dürli görnüşli güller görenleri haýran edip, kalbyňy heýjana getirip, ruhuňy belende göterýär.
Milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde gurlyp ulanylmaga berlen, dünýä ülňilerine laýyk gelýän binagärlik sungaty bilen aýratyn tapawutlanýan medeni dynç alyş merkezleri, myhmanhanalar we medeni durmuş maksatly ymaratlar, sport meýdançalary baglardyr, güller kenarýaka gözelliklerine görk goşmak bilen deňziň çäkleriniň ösümlikler we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna, howa şertleriniň ýokary derejede kadalaşmagyna oňaýly täsirini ýetirdi.
Milli syýahatçylyk zolagyndaky medeni dynç-alyş we sagaldyş merkezlerinde, seýilgählerde ilata edilýän hyzmatlaryň hili döwrüň derejesine göterilýär. Oba we suw hojalyk ministrliginiň «Hasyl», Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde halka edilýän hyzmatyň hili ýokary derejede bolup, bu ýere dynç almaga gelýänlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. «ʮadyly kenar», «Älemgoşar», «Deňiz merjeni» seýilgählerinde hem çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Ýokary binagärlik sungaty bilen tapawutlanýan «Merdana», «Bagtyýar», «Şamekan», «Hazar» myhmanhanalar toplumy bu gün halkyň hyzmatynda. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kompaniýalar tarapyndan «Ak ýelken» kottejler toplumy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy esasynda ykdysady, maliýe, bank ulgamy üçin niýetlenen ýaht-klub we «Tolkun» kottejler toplumy açyldy. «Ak ýelken» kottejler toplumy dynç alýanlaryň 700-si üçin niýetlenip, ol 4,48 gektar meýdany tutýar. Bu ýerde ýeňil gurluşly kottejleriň 50-si, goşa kottejleriň bolsa 4-si bar. «Tolkun» kottejler toplumy we ýaht-kluby häzirki zaman talaplaryna doly gabat gelmek bilen 412 orunlyk 25 kotteji özünde birleşdirýär.
Toplumyň düzüminde ýaht-klub, okuw merkezi, çagalar kluby, sport meýdançalary, üsti açyk we ýapyk suwa düşülýän howuzlar, emeli tolkunly howuz, emeli köl naharhana we beýleki möhüm dynç alyş merkezleri bar. Şeýle hem Milli syýahatçylyk zolagyna gelýänler bilen dürli ýerlere syýahatçylyk çärelerini guramak işleri hem ýokary derejede alnyp barylýar. Dynç almaga we saglyklaryny diketlmäge gelýänler bilen ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň çäklerindäki gadymy ýadygärliklere, Mollagara şypahanasyna we Garaçagyl kesel bejeriji çeşmesine syýahatlar yzygiderli guralyp durulýar.
Hawa, Awaza milli syýahatçylyk zolagy barha gözel keşbe beslenip, «Dünýäniň şypahana merjeni» diýen ada eýe boldy. Çünki, bu ýerde dünýä halklarynyň wekilleriniň, alymlarynyň, syýahatçylarynyň, jahankeşdeleriniň gatnaşmagynda geçirilýän halkara maslahatlaryňdyr, konferensiýalaryň, festiwallaryň ýokary derejede guralmagy halklaryň arasyndaky dostluk doganlygy berkitmek bilen ykdysady aragatnaşyklaryň ýokarlanmagyna hem-de türkmen halkynyň at-abraýynyň belende göterilmegine getirýär.