Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her güni, her aýy toý-baýramlara beslenýär, toýlar goşa-goşadan gelýär. Bagtyýar döwrümiziň bagtyýar adamlary ýene-de uly toýuň bosagasynda dur. Bu toý türkmeniň milli baýramlarynyň biri bolan bedew baýramçylygydyr. Bedew baýramçylygyny türkmen halkymyz uly joşgun, uly şatlyk bilen garşylaýar. Dünýäde iň owadan, diýseň ýyndam bazbent toýnakly, gyz gözellikli, peri bakyşly bedewlerimiziň şanyna bagyşlanyp tutulýan uly dabara hemmeleriň ruhuny göterýär. Döwlet derejesinde geçirilýän bedew baýramçylyga halkymyz diýseň buýsanýar. Sebäbi türkmen atyny-bedewini diýseň eý görýär, hut şonuň üçin-de atyny maşgala agzalarynyň biri hasaplaýar. Türkmen nabat-nogul bilen hezzetleýän atlaryny, milli şaý-sepleri bilen bezemegi ata bolan söýginiň nyşanydyr.
Türkmen bedewleri XXI asyrda dünýäde täzeden meşhurlyga eýe bolup, at-abraýy has-da arşa göterildi. XX asyryň ahyrynda türkmen bedewi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň simwolyna öwrülip, onuň owadan keşbi ýurdumyzyň Döwlet Tugrasyny bezedi. Türkmen halky öz döreden pähiminde: “Bedew ata oýundanam gaňňa salma” diýýär. Türkmeniň şeýle belent ynamyna mynasyp bolan bedewler bolsa, özüniň tebigy taýdan ýaýran hem-de ynsan terbiýesini gören ýerinden başga ýerlerde “üýşüp ýatmajakdy”. Türkmen halky at bilen baglanyşykly birnäçe nakyllar döredipdir. “ýüwrük atyň bahasy bolmaz”, “atyň ady uly, düýäni dabany”, “agaç ekeni biler, at – bakany” bu nakyllar hiç-hili düşündirişi talap etmeýär.
Türkmen bedewlerine ýöne ýerden guşuň ady dakylanok. Sülgün, Laçyn, Tawus, Garaguş. Sebäbi bu atlar, atlaryň ýyndamlygy üçin goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap atçylyk-sport toplumyny gurup bermegi-de ata bolan söýginiň aýdyň mysalydyr. Türkmen halkynyň baky buýsanjyna öwrülen bedewler dogrusynda söz açýan “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” atly kitaplarynda-da ýelden ýüwrük, ýyndam bedewlerimiziň waspy ýetirilýär. Bütin dünýäde özüni tanadan, bedenine zer suwy çaýylan ýaly lowurdaýan gamyşgulak bedewlerimiz dünýäniň halkyny haýrana goýýar.
“Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýip, halkymyzy ýagşy umytly, aýdyň ýollardan batyrgaýlyk bilen gadam urmaga çagyrýan hormatly Prezidentimiziň Berkarar eden bagtyýarlyk döwrüniň geljekde-de rowaçlyklara beslenjekdigine, ýaşyl tugumyzyň al-asmanda pel-pelläp, ruhubelent halkymyzyň bedew bady bilen öňe gitjekdigine çyn ýürekden ynanýarys.
Atym bar - ganatym bar
-
oonschocksele
5 years ago
- [b][url=http://www.choosereplicawatches.com/]omega watches[/url][/b]
[b][url=http://www.choosereplicawatches.com/]rolex watomega watches
rolex watches
omega watches
replica omega watches
replica cartier watches
oonschocksele 5 years ago- omega watches
rolex watches
omega watches
omega watches
rolex watches
omega watches
replica omega watches
replica cartier watches
watches blog watches About blog