1942-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Akdepe şäherçesinde doguldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 2-nji orta mekdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işe başlady. „Mugallymlar gazeti“ gazetinde edebi işgär bolup işledi. Ol biränçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň esasy ylmy işgäri bolup zähmet çekdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri. A.Mämmedowyň şahyrana kitaplary okyjylara gowuşdy.

 SEN GARAP GALDYŇ

Çykyp gaýtdym gül obadan saýlanyp,
Akja bulutlardan çykan Aý bolup,
Bilmedim, gör, nämeleri oýlanyp,
                            Sen garap galdyň!

 
Ýöräp barýan aýak ädilmese-de,
Ýol önýär uludan gädilmese-de,
Hem ýakynym, hem ýat bolup keseden —
                            Sen garap galdyň!

 
Eý, meniň syrdaşym, serwiboý gelnim,
Az gördüňmi, meni ýakypdyr ýalnyň.
Ýakynlaşyp ýörmi ýa meniň ölmüm? —
                            Sen garap galdyň!

Yzyma gaňrylyp saldym men nazar,
Gözüme giripdir tolkunly Hazar —
Baýdak ýaly bolup, eý, janly gazal —
                            Sen garap galdyň!

Gazaldyr islegi şahyr ýigidiň,
Duýman durkaň başdan gaçdy çabydyň.
Wadasyna wepa berjek jübüdim, —
                            Sen garap galdyň!

Ynha, indi ara uzak, ýol yrak,
Ýene-de sen ýada düşdüň häliräk:
Kem-kem gözden ýitýän nokat ýalyrak —
                            Sen garap galdyň!

AÝRALYKDAN SOŇ...

Owadanlanypsyň...
Timarlanypsyň.
Saçlaryň ýognalyp,
Şamarlanypsyň.
Nowruz güli ýaly
Sen terlenipsiň.
Dilleriň süýjäpdir —
Şekerlenipsiň.

Owadanlanypsyň...
Hem näzlenipsiň.
Sesiň ýag ýakymly —
Owazlanypsyň.
Howalanypsyň sen
Şabazlanypsyň,
Dabandan ýokaryk
Tyllalanypsyň!

Owadanlanypsyň...
Jemallanypsyň.
Gözüňden duýulýar...
Gümanlanypsyň.
Çigildem mysaly
Näziklenipsiň.

Göwnüme... bir özüň
Ýazyklanypsyň!
Owadanlanypsyň...
Gubarlanypsyň.
Ak boýundan aşak
Tumarlanypsyň.
Haly gölleri dek
Keşdelenipsiň.
Dodaklaň kepäpdir..
Teşnelenipsiň!

Owadanlanypsyň...
Gündizlenipsiň.
Sebäbi... men ýaly
Ýalňyzlanypsyň.
Ýalňyzlykdan ýaňa
Sargarypsyň sen,
Az-kem horlanypsyň,
Az-kem solupsyň,
Ýöne sen, barybir,
O —
        wa –—
                dan —
                      la —
                              nyp —
                                       syň!


             SÖÝGI

Söýüp görmedigiň armany, söýgi,
Söýgüden alypdyr urbany, söýgi,
Päkize ýaşaýşyň gurbany, söýgi,
Gökde uçuryp ýör durnany söýgi,
Garalap goýupdyr gargany, söýgi,
Saraldyp, ýarypdyr ternäni, söýgi,
Döredipdir asman, ýer-nany, söýgi,
Daýhanyň toprakdan garbany, söýgi,
Bibagtyň düýşünde görýäni, söýgi,
Atalaryň bize sargany, söýgi,
Daş bolan esgeriň permany, söýgi,
Bu dertli dünýäniň dermany, söýgi!

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir