Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmen köňül buýsanjyna, uçar ganatyna öwrülen ahalteke bedewlerimize beýik sarpasy, çäksiz söýgüsi bilen bedew şöhraty ýokary göterilýär. Her ýylyň aprel aýynyň ikinji ýekşenbesinde geçirilýän bedew atynyň şanyna Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň çar tarapynda myhman çagyryp, ýeri-gögi ýaňlandyryp uludan toý tutulýar. Biziň hem sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Türkmen bedewi “atly döredijilik bäsleşik sergisi geçirilýär. Bu sergide türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ahalteke atlaryň gözelligini we biziň baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidigini suratkeşlerimiz özleriniň nakgaşçylykda, heýkeltaraşlykda, grafikada, halyda, gobelenda, zergärçilikde we keramikada ýerine ýetiren işlerini hem-de metbugat işgärleriniň neşir önümleri, foto we teleoperatorlaryň şekillerini, dizaýnerleriň taslamalaryny görmek bolýar.

Bäsleşik sergisine gatnaşýan işler aprel aýynyň 15-ine Türkmenistanyň sergiler jaýynda dabaraly ýagdaýda görkezilip, onda diýarymyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, Türkmenistan Döwlet çeperçilik akademiýasy,Türkmenistanyň ýörite çeperçilik mekdebi we Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebi, Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebi, Bäherden etrabynyň Bamy oba çagalar sungat mekdebi, Balkan welaýatynyň Serdar şäher çagalar sungat mekdebiniň halypa mugallymlary we zehinli talyp ýaşalary gatnaşýarlar.

“Türkmenistan rowaçlygyň watany” ýylynda el bilen döredip bolmajak haýran galdyryjy ahalteke bedewleriň keşbini Babageldi Owganow “Türkmen at, gaýratly at”, Kamil Weliahmedow “Bahar”, Anna Annaýew “Bäş at”, Gözel Babaýewa “Duýgy”, Annabibi Yslamowa “Saçaklar toplumy”, Berdimyrat Toýçiýew “Rowaçlanan mekan”, Parahat Gapançaýew “Ak han”, Bahar Gylyçlyýewa “Rowaç”, Jennet Mollaýewa “Ýyldyrym”, Jeren Babaýewa “Ak atlar”, Myratmergen Kulyýew “Bedewiň waspy”, Baky Mommaýew “Meniň dostlarym”, Gyzylgül Hudaýberdiýewa “Rowaçlyk”, Serdar Agaýew, Patdyk Patdykow, Ahat Mälikow “Watan” ýaly ajaýyp çeper eserlerde türkmen bedewiniň gözel keşbi, güneşli ülkämiziň ajaýyp tebigatymyzy ussatlyk bilen şekillendiripdirler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu geçirilen serginiň aýdyň mysalynda türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da belende göterildi.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir