Ýakynda Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, soňky ýyllarda däbe öwrülen deňhukukly, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak arkaly ýola goýulan dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykdy.
Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. 2007-nji ýylda Aşgabatda Koreýanyň, 2013-nji ýylda bolsa Seulda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň açylmagy iki dostlukly döwletiň diplomatik gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ädimleriň biri boldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berip, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýokary tehnologiýaly senagat, ulag-aragatnaşyk, ylym we medeniýet, sport ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi üns merkezinde saklaýar.
Türkmenistan we Koreýa dünýä syýasatynyň we ykdysadyýetiniň derwaýys ugurlary boýunça, aýratyn hem parahatçylyk we durnukly ösüş babatynda özara gabat gelýän garaýyşlara eýerýär. Munuň özi birek-biregi goldamak bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasyny emele getirýär. Iki döwletiň arasyndaky ýangyç-energetika we ulag-aragatnşyk ýaly iri pudaklarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň geljegi uly bolan ýokary tehnologiýaly innowasion ugurlarynyň binýadyny goýmakda hem uly mümkinçilikler bardyr. Dokma we himiýa senagaty, şäher gurluşygy, ýol-gatnaw düzümi şeýle ugurlaryň hatarynda görkezilýär.
Eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda Koreýanyň iri kompaniýalary türkmen ykdysadyýetiniň dürli ulgamlaryny özgertmekde üstünlikli işleýärler.
Türkmen-koreý gatnaşyklarynda medeni hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Soňky ýyllarda Türkmenistanda Koreýanyň Medeniýet günleri hem-de ýurdumyzda bu dostlukly ýurduň tans toparlarynyň çykyşlary yzygiderli geçirilýär. Iki döwletiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ählisinde medeni-ynsanperwer ulgamdaky, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport hem-de syýahatçylyk ugurlaryndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň derwaýyslygy aýratyn nygtalýar.
Türkmenistanda ulanylýan jemgyýetçilik awtobuslarynyň we ýeňil ulaglaryň aglabasy koreý ulag önümçiligine degişlidir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlyk özüniň netijeliligini görkezdi we döwletleriň ikisi-de ony uzakmöhletleýin esasda dowam etmäge gyzyklanma bildirýär. Koreýaly dostlarymyzyň ak reňkli ulaglary ak mermerli Aşgabadymyza aýratyn gelşik berýär. Türkmen halky ak zady hemişe ýagşylyga ýorýar. Türkmen-koreý dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlyklary asyrdan-asyra, nesilden-nesle dowam etsin!