Milli Liderimiziň milli gymmatlyklaryň ählisiniň täze şäheriň binagärlik keşbinde, onuň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda öz beýanyny tapjakdygyny belläp, täze şäheriň ýeriniň ekologiýa, seýsmologiýa taýdan ylmy esasda düýpli öwrenilendigi, bu ýerleriň taryhy, ata-babalarymyzyň ömür sürüp, gurup, döredip giden mukaddes ýerleridigi barada aýdan joşgunly sözlerinde biz, Gahryman Prezidentimiziň eziz Watanymyza ymgyr uly söýgüsiniň aýdyň beýanyny görýäris.

Şeýle hem türkmenistanlylaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, durmuş üpjünçilik ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek meseleleriniň hemişe aýratyn üns merkezinde saklanýandygyny, ýurdumyzyň raýatlaryna gozgalmaýan emläk üçin ýeňillikli karz serişdeleriniň berilýändigini, onuň şäherlerimiziň we obalarymyzyň ilaty üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün edýändigi barada aýratyn nygtap bellemegi, mähriban Prezidentimiziň ähli aladalarynyň halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendigini görkezýär.

Hususan-da Aşgabatda binalary we desgalary gurmagyň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde işleriň netijeli alnyp barylýandygyny, täze kaşaň myhmanhanalaryň gurulýandygyny, edara binalaryň we durmuş maksatly desgalaryň bina edilýändigini nygtap, ak mermerli paýtagtymyzda hem şeýle ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna Çoganlyda badalga beriljekdigi barada aýdanlary Aşgabadyň bagtyýar raýatlarynda çäksiz buýsanç duýgularyny döretdi.

Mähriban Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gorjaw geňeşligine iş sapary bilen baryp, bu ýerde welaýatyň gurulmagy göz öňünde tutulýan merkeziniň binagärlik-gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz şonda, dolandyryş desgalarynyň hem-de beýleki edaralaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň binalarynyň toplumynyň taslamalaryna we çyzgylaryna jikme-jik seretdi. Bu taslamalar ýadygärlik binasyny, Döwlet baýdagy üçin beýik sütüni bolan meýdançany, häkimligiň we beýleki düzümleriň edara jaýlaryny, şol sanda jemgyýetçilik guramalaryna, oba hojalyk, maliýe-ykdysady pudaklaryna, saglygy goraýyş toplumlaryna, ulag-aragatnaşyk, jemagat hojalygy we söwda pudaklaryna degişli edara binalaryny özünde jemleýär. Taslamada, Ruhyýet köşgi, welaýat medeniýet we baş bilim müdirligi üçin binalar, drama teatry, kitaphana, sirkiň hem-de muzeýiň binalary, sport toplumlary we seýilgäh bar.

Eziz Arkadagymyzyň ajap eýýamynyň bagtyýar raýatlary üçin buýsançly ýagdaýlaryň biri-de, bu ýerde gurulýan binalardyr desgalaryň hatarynda häzirki zaman ylym-bilim, terbiýeçilik edaralarynyň köp bolmagydyr. Täze welaýat merkezi 70 müňden gowrak ýaşaýja niýetlenip, iki tapgyrda kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragy gurlar. Olarda ýaşamak, dynç almak, çagalaryň ruhy hem beden taýdan sagdyn ösüp ulalmaklary üçin ähli amatly şertler dörediler.

Nesip bolsa, mähriban Prezidentimiziň yhlasy bilen ýurdumyzyň ykbalynda uly orun aljak täze nusgadaky şäheri ýakyn geljekde gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berler.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir