Adamzat müňlerçe ýyllaryň dowamynda tebigatyň eçilen baýlyklaryny rejeli peýdalanmaga, onuň bilen sazlaşykly gatnaşyk saklamaga çalşyp gelýär. Şol ýörelge häzirki wagtda hem üstünlikli amal edilýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa, kämil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde eden taryhy çykyşynda Durnukly ösüşiň beýan edilen täze Gün tertibine Türkmenistanyň garaýşy barada aýdyp: «Bu meseleler häzirki döwürde adamzadyň öňünde duran möhüm wezipeleridir. Şol wezipeleriň esasy häsiýeti halkara bileleşigiň durnukly ösüşi sazlaşykly we toplumlaýyn esasda üç ugur boýunça ýagny, ykdysady, durmuş we ekologiýa babatda gazanmagyna gönükdirlendir» diýip belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz howanyň üýtgemegini we ekologiýanyň meselelerini çözmezden, Ýer ýüzüniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmagynyň mümkin däldigini aýratyn belläp geçdi.
Durnukly ösüş maksatlarynyň ikisi gönüden-göni ekologiýa meseleleri bilen baglanşyklydyr, olar «Howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen gyssagly göreş çärelerini görmek», «Gury ýer ekoulgamlaryny goramak we dikeltmek, olaryň rejeli peýdalanmagyna ýardam etmek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşme hadysasy bilen göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak we olary gowlandyrmak, biodürlüligiň ýitirilmeginiň öňüni almak» diýlip atlandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde bu maksatlardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Şeýle hem ýurdumyz daşky gurşawy goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitläp, bu ugurda halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Dürli ýurtlardan ekologlary, bilermenleri we alymlary Aşgabada yzygiderli ýygnaýan maslahatlar ekologiýa taýdan abadançylygy gorap saklamak, adamlaryň saglygyny üpjün etmek maksady ugrundaky hyzmatdaşlygyň anyk mysallary bolup durýar.
Türkmenistanda ykdysadyýet we durmuş ulgamynda amal edilýän uly möçberli milli özgertmelerdir maksatnamalaryň ählisi adamlaryň ähli babatda durmuşynyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa aladalary bilen ykjam baglanşyklydyr. Her ýyl Türkmenistan boýunça ählihalk ýowary geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde emele gelen uly gök zolaklar munuň netijeleridir.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen topragynyň gözelligini geljekki nesiller üçin aýap saklamak, Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmek her bir türkmenistanlynyň borjudyr» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, gözel tebigaty geljekki nesil üçin aýap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gülläp ösüşi üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan beýik işlere öz goşandymyzy goşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.