Adamlar şeýle bir hasapçyl bolupdyr. «Hasaply dost uzaga gider» diýilýar, hernä şeýle bolsun‐da, ýöne bu hasaplardaky
dostlugyň garasyny görmek we ýürekleri barlamak üçin iň soňky
enjamly mikroskoplary ulanaýmasaň, adaty gözüň aldap, arassa
duýgunyň hem ýalňyşdyraýmagy mümkin.
Okuwçy döwrümiz hasap mugallymymyz «Adamyň bir güni
hem hasapsyz geçmeýar. Biziň her bir aýdýan, aňlaýan zadymyzda hökman sanlar ulanylýandyr» diýerdi. Ondan bäri ýyllar
geçdi. Dogrudan hem, sansyz‐hasapsyz gün ýok eken. Hasapsyz
zat hem ýok eken. Ýöne, käbir adamlaryň hasaby welin, egnimizdäki perişdeleriň hasap depderinden hem has galyň görünýär.
Olar ömürlerinde bolan her bir öýkäni, kinäni özleriniň nähak
düşünendigine garamazdan, şo‐ol belläp gidip otyr, ýazyp gidip
otyr. Beýle hasapçylar, durmuşyň geçirimli adamlara çynlakaý
gülüp bakýandygyny unudýan bolara çemeli.
Ýatlabilseň, ömrüňdäki ýagşy zatlary ýatlamaly, begenjiňi‐şatlygyňy göz öňüňe getirmeli, ile‐güne ýene‐de ýagşylyk etmegiň höwesinde‐hyjuwynda gezmeli. Eger namys ara goşulmaýan
bolsa, galan babatda sähelçe göwnüňe degen kimdir birinden ar
aljak bolmak, seniň onça ýokdugyňy, şondan hem pesdigiňi aňladýar. Deň bolmaly däl, beýik bolmaly. Geçirimlilik etseň, arkaňda‐alnyňda Alla gülüp bakar. Onsoňam, her bir ownuk‐uşak
zady hasaplap, owaldan ýüki ýetik ýürege agram salma, sen entek köpe gerek. Öýke‐kine, kitüw, görip-lik, gybatkeşlik, gep gezdirmek, kezzaplyk, hyýanat ýaly zatlar ýüregiň derdini artdyryp, bedene mähnet tartdyrýandyr. Ol adamy barha göwnüçökgünlige iterýär, ynamsyzlygy, müňkürligi oýarýar. Has beteri‐de, bu hasaplaryň ahyr soňunda kimiň haýryna çözüljekdigi gümana. Arada
bir hasap mugallymy bilen oturmak miýesser etdi. Birnäçe sanlary goşa ýaýyň içine saldy, köküň aşagyna girizdi, ýene
birnäçesiniň kwadratyny‐kubyny hasaplap, ahyrsoňunda deňdir alamatynyň yzyndan bir nolluk ýazdy. Uludan demini aldy‐da «Ahyry hasaby çykdy» diýdi. Men onuň meseläni çözenine begendim, ýöne şol pursatda durmuşdaky hasaplarymyzy ýatlap howpurgadym. «Ýeri meniň şunça ýyllap ýürekde göterip ýören «hasaplarym» ahyrsoňunda netijesi nola deň bolsa näderdim? Üstesine‐de, men olaryň her biri üçin ýüregimi gyýym‐gyýym dilip,
para‐para etmedimmi, olaryň öz göwnüne degmedimmi? A birden
ol hasaplarym nol hem bolman, minus bolup çyksa näderin?»
diýdim. Şondan soň, dogrusy mundan öňem mende beýle hasap
ýöredilenokdy welin, ol zatlary mundan bu ýana‐da hasaplajak
bolmadym. Diňe, aýdylaýmaly zady käteler jylawlatmajak bolýan
nebsime welin aýdyp galdym, belki şeýle nebis ýene‐de birnaçe
adamda duş gelýändir:
«Eý nebsim, iliň gülküsini, ýaňsylamasyny, arkadan edilýän we
günibirin ýetirilýän ýalan‐ýaşryk gürrüňleri ýatlap, ýüregiňe agram
salyp, her bir zady hasaplap oturma. Matematikadan ussat adam
hem, durmuş meselesinde köp halatda gömük adam bilen des‐
deňdir. Hiç wagt öz akylyňa, ukybyňa, başarnygyňa, baýlygyňa, tanyşlaryňa, ýakynlaryňa, gara güýjüňe bil baglap, gözsüz
batyrlyga esaslanma, özgeleri kemsitjek, gaýgylandyrjak, hasrata
batyrjak sözleri aýtma, öz bähbidiňi, göwün islegiňi, nebsiňi ileri
tutup, ýaşyrynlyk bilen ikiýüzli hereket etme, iliň‐günüň şowsuzlygyna begenme, hesretli gününe heşelle kakma! Döwran diýmek,
aýlanyp duran döwür diýmekdir. Wagty gelende durmuş her kime
gülüp bakar, şonda düýnki tekepbirler, şu günki ulumsylar har bolar, aýagyňdan çakan garynjany köwşüň bilen mynjyradyşyň ýaly,
ol päliýamanlary pelegiň özi pyrlandyryp goýberer. Şonuň üçin her
bir zady hasaplap oturma, ýokarda biri bardyr, ähli zady şonuň Özi hasaplap oturandyr. Ähli zadyň dogry netijesini hem Şol
çykarýandyr. Sen bolsa hiç zady hasaplama, birden hasabyňy ýitirip, hem bulaşyp, hem ähli zady bulaşdyryp oturma! Ähli zady
öz pikiriňe muwapyk getirjek bolup, dünýäni düňderäýme. Hasabyňda bärden gaýtsaň, köp zat gözüňe artykmaç görner, köp
zady alnyňdan aýrasyň geler. Emma, Hudaýyň ýaradan dünýäsinde artykmaç zat ýok‐da, ýerli‐ýerinde goýulmadyk zat köpdür.
Hasabyňda öte geçseň, ençeme zady gaýtadan ýugurjak bolarsyň, göwnüňe jaýlamak islärsiň. Emma, hiç haçan döräli bäri togalak bolan Ýer şaryny dörtburç şekile getirip bolmaýar! Ähli
zady Hudaýa tabşyr! Hudaýyň hasaby örän takykdyr! Ol örän adyldyr!
Şonuň üçin hem, eý nebsim, meniň ýalňyşlyklarymy hem, ýagşylyklarymy hem hasaplap oturma. Adamyň edýän her bir işi, isle
ýagşylyk, isle ýamanlyk bolsun, edil her bir söwdagäriň banka
goýýan goýumy ýalydyr. Uzak wagt geçmänkä Beýik hasapçy ony
birnäçe esse göterimi bilen bize gaýdyp berýär welin, biz öz hasabymyzyň öteräkdigini ýa‐da kemterdigini aňlaýarys. Gel, gowusy, hasapsyz ýaşap bolmaýan bu durmuşda diňe özümize gerekli zatlary hasaplap ýaşabereli. Iň dogrusy hem şudur».