Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramaga, türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanmaga, ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilen işler yzygiderli alnyp barylýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bezeg baglarydyr miweli agaçlaryň nahallary ösdürilip ýetişdirilýär. Olar ylmy taýdan öwrenilýär. TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikler institutynyň Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezinde-de bu işler ýokary derejede alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu merkeziň Introduksion karantin barlaghanasynyň ýörite bölümi bar. Ol bölümde şetdaly agajynyň miwesiniň ululygy, hasyllylygy, sowuga-yssa çydamlylygy barlanyp, daýhan birleşiklerine, hususy hojalyklara, mülkdarlara hödürlemek işleri alnyp barylýar.
Şetdaly adam üçin iň peýdaly miweleriň biridir. Şonuň üçin ýurdumyzda şetdaly miweleriniň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Boýy 6-7 metre çenli ýetýän şetdaly agajynyň ömri beýleki daragtlar ýaly uzak bolmaýar. Şonuň üçin ony häli-şindi timarlap, şahalarynda bejergi geçirip durmaly. Onuň esasy Watany Hytaý hasaplanylýar. Ol topragyň dürli görnüşlerine uýgunlaşýanlygy we ir hasyla durýanlygy bilen beýleki agaçlardan tapawutlanýar. Şetdaly agajyny ösdürip ýetişdirmek üçin nahalhanalarda onuň şänigini ekip, şitil ýetişdirmeli. Olaryň boýy bir ýylda 60-70 santimetr bolýar. Güýz paslynyň sentýabr aýynda şänikden ösdürilen şitillere şetdalynyň iň gowy görnüşlerini sapmaly. Indiki ýyl şol sapylan pyntykdan ösen şahalary goýup, beýleki şahalary gyrkyp aýyrmaly. Üç ýyldan soň, olaryň hatar aralaryny 4x4 inedördil metr edip ekmeli. Şetdala tomus aýlarynda 5-6 gezek suw tutmaly. Az mukdarda ders hem mineral dökün bermeli. Şetdaly agajynyň sütünlerini maý aýynda hek bilen agartmaly. Ýazda mör-möjekleri ýok edýän himiki dermanlary pürkmeli.
Türkmen tebigatynda ösdürilip ýetişdirilýän miwelere, şol sanda şetdala-da uly orun degişlidir. Çünki ekologiki taýdan arassa şetdalynyň miwesini terligine, şonuň ýaly-da kakadylan, mürepbe, şerbet görnüşinde peýdalanmak diýseň peýdalydyr. Şetdalynyň miwesi adam bedenine ýaramly bolup, A, B, С, E, P witaminlerine baýdyr.
Şetdalynyň maňzyndaky, ýapragyndaky witaminler adam bedenine gerek bolan maddalary saklaýar. Şetdaly halk arasynda gowy görülýän miweleriň biridir. Ol adam bedeni üçin iňňän ýokumlydyr. Şetdalynyň gadym döwürlerden bäri iýmit hem-de dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýänligi barada köp maglumatlar bar. Halk lukmançylygynda şetdaly aşgazan-içege, ýürek-damar kesellerini bejermekde giňden ulanylypdyr. Onuň miwesi iç ýumşadyjy, peşew sürüji, gakylyk gopduryjy, ýara bitiriji, gurçuk kowujy serişde hökmünde peýdalanylypdyr. Lukmanlar ýagly naharlardan soň şetdaly iýmegi maslahat berýärler.
Şeýle hem semizlikde şetdalynyň şekersiz taýýarlanan şerbedini içmek maslahat berilýär. Onuň ýapraklaryndan taýýarlanan demlemeler guragyryny bejermek üçin ulanylýar. Derman senagatynda şetdalynyň maňzyndan örän ýokary hilli ýag alnyp, ondan sanjym erginlerini taýýarlaýarlar.
Şetdaly diňe bir miwesiniň köp derde dermanlygy üçin däl, eýsem dem alýan howamyzy kislorod bilen baýaşdyrmakda-da, ekologiýanyň we daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmekde-de diýseň peýdalydyr.
Baýram Muhammedow