Sen mundan öň 18-40-60 diýen kada hakda
heý-de bir zatlar eşidipmidiň? Ýok, bu gözelligiň ölçegi däl, bu ömrüň ölçegindäki
kesgitleýji nokatlar. Has dogrusy, ömür
menzillerindäki iň täsirli möwsümler. Sen on
sekiz ýaşyňda özgeleriň, beýleki adamlaryň
sen hakda näme diýýändikleri bilen çuňdan
we çyndan gyzyklanýarsyň. Olaryň sen hakda
aýdýan-goýýan her bir sözüne berilýärsiň.
Näme diýýändiklerine pugta üns berýärsiň. Öz
etmeli işiňden ünsüňi sowup, bu sözlerden
olaryň matlap-pälini seljerýärsiň. Sen hakda
nähili pikir edýändiklerinden biynjalyk
bolýarsyň. Kyrk ýaşa ýeteniňde welin,
özgeleriň sen hakda nähili gep-gürrüňe gümra
bolandyklaryna pisint edeňok. Olara asla üns
bereňok, gyzyklanaňok. Olaryň öwmesi ýa-da
ýamanlamasy asla seniň perwaýyňa däl.
Altmyş ýaşa ýeteňde bir hakykata akyl
ýetirýärsiň. Ýyllar boýy ýanyňa hemra bolan,
aňyňda göterip gelen iň wawwaly sowalyň: “Il￾gün men hakda näme diýýärkä?» diýen pikiriň
üznüksiz pikire öwrer derejede asla ähmiýetli
däldigine, juda biderekdigine akyl ýetirýärsiň.
Ine, 18-40-60 kadasynyň kesgitlemesi şeýle.
Öz maksatlarymyzy ähmiýeti babatda ikinji
derejeli zada öwürmegimize özümiz günäkär.
Munuň gözbaşy hem, başgalaryň özümiz
hakdaky oý-pikirlerine gereginden artykmaç
üns berýändigimiz. Her gezek başyna baran,
ýerine ýetiren ýa-da hyýallanýan işimizi olara
ýarap-ýaramaýandygy bilen ölçerjek bolsak, öz
göwnümizi, ýürekde beslän arzuwlarymyzy
gaýra goýsak, diňe töwerekden baha ýa-da
dalda garaşsak, öňe ilerläp bilmeris. Hiç wagt
hemme kişiniň göwnünden turjak iş edip
bilmersiň. Ogly bilen bazardan gelýän Hoja
Nasreddiniň kyssasyny ýatla. Hoja Nasreddin
ogly bilen eşekli bazardan gelýän ekeni.
Olaryň ikiside eşege artlaşyp münen ekenler.
Bularyňşeýdip barýanyny gören bir topar
adam: “Bulara serediň-ä, iki bolup bir eşege
münüpdirler. Eşek janawara haýpyňyz gelsin»
— diýipdirler. Hoja Nasreddin ogluny eşekden
düşürip, bir özi oturypdyr. Az ýöräpdirler.
Öňlerinden ýene bir topar adam çykyp: “Muňa
serediň, garry atasy eşegiň üstünde, körpe
ogul bolsa pyýada barýar, heý-de, boljak
zatmy?» diýşipdirler. Nasreddin eşekden
düşüpdir we ogluny mündüripdir. Az salym
ýöränlerinden soňra öňlerinden çykan ýene
birtopar adam bu ahwalaty geň görüpdir:
“Bulara serediň, ogly eşegiň üstünde, garry
atasy bolsa, pyýada barýar, heý-de, gelişýän
zatmy?» diýşipdirler. Nasreddin ogluny eşegiň
üstünden düşürip, ikisi hem eşegiň ýanyndan
pyýada ýöräp gidiberipdirler. Biraz salymdan
birnäçe adam bularyň ýoluny kesipdir: “Bulara
serediň, eşegiň-ä üsti boş, adamlar hem
ýanyndan pyýada ýöräp barýar. Nähili
düşünjesizlik?» diýşipdirler. Hoja Nasreddin
ogluna ýüzlenip: “Oglum, il-günüň her sözüne
gulak asyp ýaşajak bolsaň, gaty kyndyr, iň
gowusy öz bilýänimizi edibereli» — diýipdir.
Aslynda, biziň näme maksadymyzyň barlygy,
nähili hyýallary gursakda göterýändigimiz
bilen özgeleriň işi-dahyly bolmaly däl. Ýöne
ilçilik, her hili häsiýetli adam bar, özi ýagşy bir
päli maksat edeninden geçen, gaýta tiňkesini
gaýrylaryň hereketine dikip oturanlar
setanda-seýranda gabat gelýär. Adamlaryň
ýüreklerini gözden geçirip, barlap görseň,
garaşylmadyk täsinlikler bilen gurşalarsyň.
“Adam öz ýüreginde şunça zady nädip göterip
bilýärkä?» diýen sowaly berersiň. “Beýle-de
pikir edip bolýan ekeni» — diýip, has-da geňirgenersiň. Daş-töweregiňi gurşan adamlar
hem hil-hildir. Daşyndan dost ýaly
görünýänler bardyr, asla seni indemeýänler
bardyr. Emma dost ýaly görünýän käbirleriniň
ýüregi bahyllyga eýlenendir. Saňa biperwaýdyr
öýdýän käbir adamlaryň bolsa saňa
akýürekden üstünlik arzuw edip oturandyrlar.
Adamyň ýamany — özgeleriň büdremeginden
ýüregine teselli tapýan, kimdir biri ýykylsa
begenýän, maksadyna gönügen adamyň orta
ýolda eglenmegine heşelle kakýan adamdyr.
Gynansagam, şeýle adamlar käteler alnymyzda
ýa-da ýanymyzda peýda bolýar. Ýeri onsoň,
sen öz geljegiňi, arzuw-maksadyňy şeýle
adamlaryň pikiri, berjek bahasy, çykarjak
netijesi esasynda gurnamak isleýärmiň? Ýagşy
bolsun, ýaramaz bolsun, şol pikirler esasynda
bir netije çykaryp, şondan soňra belli karara
gelmekçimiň? Bu hemişe dogry çözgüdiň
üstünden eltmez.
Elbetde, özgeleriň pikirini diňlemeli. Köpçüligi
inkär etmeli diýen zat ýok. Olaryň aýdýan
sözünden, edýän hereketinden niýetlerini
duýmagy öwreniň. Özüňe diýilýän zatlary
diňle, nesihatlar, tankytlar, ýüzlenmeler hakda
oýlan. Olar hakda ymykly pikirlen, akyl
eleginden geçir. Mundan soňra bir işi ymykly
ýüregiňe düwdüňmi, maksadyňdan dänme,
hiç kimsäniň pikiri-garaýşy seni ýoluňdan
sowmasyn, yhlasyňy sowatmasyn. Özleri iş
etmekden bizar, bikär oturanlar, maksatly
ýöräp bilmeýän adamlar seniň badyňy
bökdemesin.
Hezreti pygamberimiz käbir adamlaryň özüne
“mejnun» diýendiklerine üns beren bolsady,
yslamyýet beýle ýaýrap-ýaýylmazdy. Emma
onuň öz ýoluna, beýik maksatlaryna berk
ýapyşyp, öňe hereket etmegi bize köp zatlary
öwretdi. Özümize bähbitli gymmatlyklarymyzy
we ýörelgelerimizi berkitmelidigimizi öwretdi.
Bilmeýän we zatdan bihabar adamlaryň
pikirlerine gulak gabartmaly däldigimizi
öwretdi.
Köpimize mahsus ýagdaýlaryň biri — beýik
maksatlara ýapyşanymyzda “özgeler näme
diýerkä?» diýen sowal serimizden aýrylanok.
Bir ädim ädýäris we töweregimize
garanjaklaýarys — beriljek baha garaşýarys.
Ýene ýöräbermeli welin, heniz şol ädimleriň
bahasyny eşitmezden, öňe gidibermelidigine
akyl ýetiremzok. Indiki ädimlerimizi, has
dogrusy şeýle ädimlerden düzülýän tutuş
geljegimizi özgeleriň pikirine baglap goýýarys.
Bu käbirimiz üçin bejerip bolmajak, geçip
bolmajak päsgelçilik, böwet ýaly bolup
görünýär. Şol duýgulardan saplanyp bilsek,
has uly işleri wagtynda bitirmäge
gaýratymyzam, güýjümizem azlyk edenok.
Şeýle pikirlere garşy durdugymyzça, üns
bermedigimizçe, biz şonça-da beýik bolarys.
Akyl taýdan özbaşdaklyk we özgeleriň täsirine
berilmezlik, işe ilgeziklik —
arzuw-maksatlaryňy hasyl etmek üçin iň
ähmiýetli zatlaryň biridir. Eger-de seniň
ynamyň we pikirleriň, şeýle hem
arzuw-umytlaryň berk, aýdyň we mäkäm
esaslarda gurnalan bolsa, ol galdaw häsiýetler
saňa täsir etmez. Bu ruhy binýat ýüregiňizde
şek-şübhe, ikirjiňlenme, ünji peýda bolan
pursady we özgeleriň tankydyna uçran
wagtyňyzda olaryň garşysyna melhem bolup
hyzmat eder.
Stolumyň üstünde şeýle ýazgy dur. Muny
durmuş tejribelerinden netije çykaran bir
akyldar hut bize niýetläp aýdan ýaly: “Ýuwaş-
ýuwaşdan ýokary galmagyň esasy ýoly özüňi
mümkin bolan ýollar bilen ösdürmekdir. Seni
ösüş ýolundan alyp galmaga synanyşýan,
böwet bolýan adamlardan zeýrenmezlikdir.
Diňe öňe seret! Awraam Linkoln”.

Edebiýat, Adviser tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir