Ine hemişekiler ýaly bu gün hem iş wagty tamam boldy. Nirde sen meniñ mähriban öýim diýdimde ýola düşdim. Iş ýerim Oba içi bolsada Tomus aýlary howa yssy bolanyndanmy nämemi daş towerekde Adam gara görnenokdy. Diñe uly ýoldan maşyn sesleri gelýärdi. Pikire batyp barşyma Uly ýolada ýetdim. Ynhada begendirji pursat şähere alyp gitjek awtobusym hem ýetip gelýär. Awtobusa münip boş ýerlerin birinde ornaşdym. Niýetim biraz göz ýumup dynç almakdy, Emma bir ýerden cagajyñ jykyr-jykyr edýän gülkisi bar ünsimi böldi. Seretsem ýaşyrak çatynjalar ellerinde ýaňky çagajyk beýlesinde bolsa 5 ýaşlarynda gyzjagaz bardy. Men üns bilen synlap başladym. Eşikleri juda ýönekeyjedi, gaty köp gezek geýlene meñzeýärdi. Elleri edil diýersiñ ömrinde suw görmedik ýaly jaýryk-jaýrykdy we ýaralydy. Megerem agyr işler bilen meşgul bolýan bolmalylar. Ýaldyrap göze düşýän zatlary ýokdy. Aslynda welin olarda Ýaldyrap Duran Bagt bardy. Sebäbi Adamsy gelniniñ ynjalygyny gaçyrmajak bolup ýañy iki ýaş töweregi oguljygyny gujagyna alyp onuñ bilen oýnayardy gyzjagazynyñ bolsa başyny sypaýardy. Käte bolsa Gelnine mähir bilen garaýardy. Ol bakyşlarda "ählisi üçin minnetdar" saña diýen duýgy bardy. Gelin juda bagtyýardy. Ol oguljygyna bol "kaka diý Oglym kaka diý" diýip gaýtalaýardy. Gyzjagazy bolsa bökip "Kaka Kaka" diýýärdi. Olaryñ Sada ýüzlerinde Bagt nury bardy. Dogry olar hakykatdanam pukaraja maşgalady. Ýöne olarda "Bagt baýlygy" bardy...
Selbi Myradowa.