Özgäniň bagtyna gitmedi gözüm,
Görüň, maňa näme duş bolup çykdy.
Egnimde basylsa, göterdi göwün,
Hyrujym gursakdan joş bolup çykdy.
Ömre kesdim men söýginiň bahasyn,
Söýgi ýalňyz gudratydyr jahanyň,
Agşam bagtym diýip bagra basanym,
Säherler oýansam düýş bolup çykdy.
Gursagym güzer deý saklap päkize,
Päk sözümi diýdim göwni päk ile,
Barym berdim, bolmaň menden nägile,
Gazananym jana hoş bolup çykdy.
Diýarym diýip ýüwürdim men, ýeldim men,
Pyýada aýlandym şäher — kendim men,
Eger ýeňen bolsam — işläp ýeňdim men,
Halypam, hazynam — iş bolup çykdy.
Gojaman dagymda synladym aslym,
Reýhan bolan ýaşyl çölümde akdym,
Peri — peýkerleriň çaşyrdy aklym,
Syrym gözlerimden paş bolup çykdy.
Dagdan arkam hany meniň — kemsindim,
Ornum rowaç kakyp gitdi — ymsyndym,
Her hal türkmen aslyma ymtyldym,
Parasadym — akyl diş bolup çykdy.
Durna toýnuk gurýar gögüň ýüzünden,
Bedewleriň süýnýär türkmen düzünden,
Men zarňyldap kiriş kimin üzülsem,
Duýgulam didämden ýaş bolup çykdy.
Awtory näbelli.
ETIKA 5 years ago- Bettttt prosta net sloww ....