Öňem bir gyz söýgilisine ynanman, ony barlap görmek isläpdir. Söýgülisine Köpetdagyň çür depesinde bir güliň görnüşiniň ösýänligini, şol gülden bir çemen sowgat etmegini isleýänligini aýdypdyr! Oglan irden işe irte çykyp gidipdir we gyza hat goýup gidipdir. Hatda şeýle diýýädi:" Söýgülim, seni söýýänligimi subut etmegimi isleýänsiň, ýöne eger men şool beýik daga dyrmyşyp barýakam ýykylyp gaýtdyp, elim döwüläýse osoň seniň bilen nädip el tutuşyp ýöräris? Aýagym döwülse nädip seniň bilen syýahatlara giderin? Ýa birden maýyp bolup galsam, nädip bu dünýäde iň eziz görýän adamyma ýük bolup ýaşaryn? Ýa birden ölsem ..."
Hekaýanyň yzy gowy bolup gutarýa, edil disneylandyň ssenariýalaryndaky ýaly. Ýöne bu durmuş, disneyland studiosy däl, gowy bolup gutarar diýip söýgini barlanmaz! Söýgini diňe wagt barlaýa, wagt görkezýä. Men söýgülimi diýen pikir kellä gelip bilýän bolsa onda ol söýgi däl, ikitaraplaýyn kämil söýgi däl.
Awtor @Garadaşly
Söýgi synagdan geçirilýän zatmy?
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- :))))
-
Janyk
5 years ago
- Öñ bir türkmen kino görüpdim. Kinoda gyz oglana ejeñiñ ýüregini getirip ber diýýämidi... kän ýadyma düşenok.
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- @Janyk. Kinoda bamy yokmy onsyna bilemok yone seyle hekaya estyadik kicirakkak. Gyz oglana meni soyyan bolsan ejenin yuregini getirip ber diyya. Oglan baryp ejrsinden sorasa ejesi yuregini berip goyberyamis, olumine razy bolup. Onnon yolda oglan yykylya welin sol wagty yurek dillenya Hic yerin agyrmadymy? Diyip. Ana seylerak esdipdim
-
Yaash
5 years ago
- "Erteki gutarya toy bilen durmush baslanyar doydan son" diyyar mugallymym
Saryk Gozeli 5 years ago- Soygini dine wagt synagdan gechiryar, galan adamlaryn ozunden duzyan samsyk synaglary hich zady anladanok.