Ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamsyna laýyklykda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etjek kuwwatly önümçilik, durmuş we inženerçilik ulgamlary döredilýär. Innowasiýalar, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar, menejmentiň, hem-de marketingiň öňdebaryjy usullary önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Şonuň bilen birlikde, iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alýan ekerançylyk we maldarçylyk medeniýetimizi döwrebaplaşdyrmak, ýokary hilli azyk önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak arkaly ýurdumyzyň üstünlilkleri rowaçlanar.
Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin göz öňünde tutulan önümçilik desgalarynyň, fermalaryň hem-de gaýtadan işleýän zawod-fabrikleriň gurluşygyna laýyklykda yzygiderli üns berilýär. Şeýle hem oba hojalygynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar, bu işde beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesi giňden peýdalanylýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, daşary ýurtlardan getirilýän azyk harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän hem-de eksporta niýetlenen kärhanalary döretmek bilen baglanyşyklydyr.
Ýurdumyzyň azyk harytlarynyň importynyň düzümini kämilleşdirmek, häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň wajyp ugry bolup durýar.