Hazarýaka Türkmenbaşy şäherinde ilaty doly derejede iş bilen üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan çäreler barada Türkmenbaşy şäheriniň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak bölüminiň başlygy Muhammetaly Miralyýew okyjylarymyza şu aşakdakylary gürrüň berdi.
Ýurdumyzyň dürli pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň möçberli çäreleriň alnyp barylmagy hem-de hususy telekeçiligi we önümçilige giň ýol açylmagy hem-de häzirki wagtda sanly ykdysadyýete geçmek ugrundaky işlere has işjeň girişilmegi täze iş orunlary döretdi. Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri raýatlaryň iş bilen üpjünçiligi boýunça döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine we bu ugurdan oňyn netijeleriň gazanylmagyna jogapkär edara bolup, öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirmek maksady bilen biz maksatnamalaýyn iş alyp barýarys. Ýagny, eýeçiligiň görnüşine garamazdan edara-kärhanalardan boş iş orunlar barada maglumatlary ýygnap, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bildirişleri çap edýäris we iş gözleýänleri hasaba alýarys. Iş gözläp ýüz tutan adamlara raýatyň islegine, onuň ukyp-başarnygyna, bilimine laýyklykda bar bolan iş orunlary hödürlenýär diýip Miralyýew belledi.
-Boş iş orunlaryny hödürleniş çäresini (ýarmarka) guramak has gowy netije berýändigini tejribe subut etdi. Ýagny, şeýle duşuşyklar raýatyň özüne gerek kärini saýlamaga we ýerleşjek wezipesi, işiň şertleri barada doly maglumat almaga, iş berijilere bolsa özlerine gerek işgärleri, hünärmenleri saýlamaga mümkinçilik berýär. Şunuň ýaly çäre 14.03.2019-njy ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi tarapyndan iş meýilnamasyna laýyklykda TNGIZT-nyň Medeni-sport toplumynda geçirildi. Ýagny, işe girmäge isleg bildirýän raýatlar boş iş orunlary bilen tanyşdyrylyp, olar iş berijiler bilen gönümel aragatnaşykda boldylar. Şeýle çäreler açyklygy we aýdyňlygy bilen tapawutlanyp, raýatlaryň zähmet çekmäge we saýlan kärine eýe bolmaga bolan konstitusion hukuklaryny kepillendirýär.
Miralyýewiň sözlerine görä, bu çäräniň geçirilýändigi barada bildirişler “Balkan” gazetinde ilatyň dykgatyna ýetirilip, tanyşdyrylyş çäräniň dowamynda 50 töweregi raýatlar edara-kärhanalaryň wekilleri bilen boş iş orunlary barada ýüzbe-ýüz söhbet etdiler. Ýagny, dürli hünärler boýunça 1000-den gowrak boş iş orunlary barada maglumat raýatlaryň dykgatyna ýetirilip, 21 sany raýat esasan Bilim, Saglyk, Jemagat hojalygy, Deňiz derýa ulaglary pudaklardaky şol sanda ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryna boş iş orunlara girmäge isleg bildirdi. Şeýlelikde olara saýlan kärine işe ýerleşmek barada ýollanmalar berildi. Şonuň ýaly-da, 27 sany raýat bolsa islegine we iş berijiniň şertlerine görä boş iş orunlary dörän ýagdaýynda goşmaça habar bermek üçin iş gözleýji hökmünde hasaba alyndy. Häzirki wagtda Türkmenbaşy halkara howa menzili, Türkmenbaşy halkara deňiz porty, TNGIZT-y, Jemagat hojalygy müdirligindäki boş iş orunlara isleg bildiren raýatlar bize ýüz tutup bilerler.
- Zähmet biržalary diňe raýatlary işe ýerleşdirmek bilen meşgullanman, raýatlara kanunçylykda bellenilen talaplara görä, iş şertleriň döredilmegine we zähmet kadalaryň berjaý edilmegine hem gözegçiligi amala aşyrýar. Şol bir wagtda biz zerur bolan çäklerde täze iş orunlary döretmek, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak barada teklipleri hem taýýarlaýarys diýip, Miralyýew sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýatlap geçsek, “Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň kanuny kabul edilip, 01.07.2016-njy ýyldan güýje girdi.