Jeýhun derýa joşup suwun akdyrar,
Mertden gaýdar aslyň seniň Lebabym,
Gözelligiň gaýta-gaýta bakdyrar,
Köp şahyrlar ýazdy waspyň Lebabym.
Sähralaryň baglaryň bar Erem baglardan kemsiz,
Tebigatyňa görk berýän çölleriň bar Lebabym.
Taýy ýok seň gözelligiň oldur älemde deňsiz,
Türkmen halysyn bezeýän gölleriň bar Lebabym.
Şahyrlaryň waspyň ýazýar sözleň gowusyn saýlap,
Waspyň soňy ýetmez häli gül Jennetim Lebabym.
Täze gözellikleň çykýar seretseň nazar aýlap,
Ýazsam waspy soňlanmajak waspy sözsüz Lebabym.
Gün-günden özgerdýär görküň Hormatly Arkadagym,
Aýlarada ýazdy waspyň Jennete taý Lebabym.
Başyn arşa göterip dur gaýrada Köýtendagyň,
Soňsuz waspy hiç gutarmaz näçe ýazsam Lebabym.
Awtory:AÝLARA A.
☆LEBABYM☆
-
Babaniyazow J
5 years ago
- он нахилиии😯
-
Janyk
5 years ago
- Leb - ýaka, ab - suw. "Suwuñ ýakasy" - Lebap.
-
Cxase
5 years ago
- Howwa sonyaly
-
Cxase
5 years ago
- Howwa sonyaly
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- Bah hany goryasda lebap nahillikan? Aprelin 2sinde ucmaly bizem 4gunlik.
-
Babaniyazow J
5 years ago
- Гел гел
-
Cxase
5 years ago
- 4 aylyk galasyn geler bir gelsen.
-
ETIKA
5 years ago
- JaN LeBaP JaNyM LeBaP
SeN DiYp BaGryM KeBaP
-
Babaniyazow J
5 years ago
- Лебаба гелсениз хаварлашын мыхман алжак +99362684497
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- Cyndanmyy:))))
Cxase 5 years ago- Tuweleme. Lebap sozinin manysyny bilyanmi?