Ynsan ogly köplenç şu dünýäde kynçylyklara sezewar bolýar. Kämahal ynsan gerdeni olara sabyr edip, şolary çekmäge tap getirip bilenok we ynsanyň haldan-hala girmegine sebäp bolýar. Elbetde, her bir kynçylyk ýa-da synag ynsany has kämil hala getirmäge-de sebäp bolýar, şol kynçylygy ýeňip geçse, onda mukdar taýdan has täsirli bolýar, ýeňi;äýen ýagdaýynda-da, Türkmen aganyň aýdyşy ýaly:”Ýeňilen pälwan göreşden doýmaz!” diýen ýagdaý boýunça, şol kynçylyk ýa-da kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge başga usul we serişdeler bilen synanyşýar. Sabyr – bu ynsana Biribar tarapyndan örän wajyp zatlar üçin ulanmaga berlen bir aýratynlyk bolmaly. Meselem, günlerden uzak durmaga sabyr, sogaplary hemişelik amal etmek üçin sabyr, nebis we şeýtanyň waswaslaryna ýeňilmezlik üçin sabyr, maşgalaňy ekläp saklamak üçin sabyr, baky jenneti gazanmak we baky jähennemden halas bolmak üçin gerekli sabyr, sapaklaryňdan hem-de işleriňden başarnyk bilen dynmak üçin gerekli sabyr we ş.m. Hernäçe kyn hem bolsalar, olaryň berýän yzasyna daýanmak we halas bolmak üçin sabyr, elbetde, wajyp! Aslynda, hiç bir ynsana çydap bilmejegi ýüküň gerdenine ýüklenmejegi Bakara süresinde aýdyň beýan edilýär. Diýmek, Allahyň güwä geçmegi bilen, biz ynsanlar her öňümize çykan kynçylyklara döş gerip, onuň hötdesinden gelip bilýän bolmaly. Diýmek, bir ýa-da birnäçe ýollary bolmaly şol ýagdaýy amal etmek üçin we oňatja pikirlenmeli, “ýedi ölçäp bir kesmeli” we mümkinçilikleri, serişdeleri, bu babatda goldaw berjek ynsanlary bir ýa-da birnäçe laý(gezek) gözden geçirmeli. Sabyrda mert ynsan hökmünde Gurhanda Hz.Eýýub (aleýhissalam) görkezilýär. Hatda, ol sabyr gahrymany hem diýip bilinýär. Onuň maşgalasyndaky ähli raýatlar/ynsanlar wepat edýär, bedeniniň köp bölegini ýara gurşap alýar. Allahyň ilçisi bolmak ýaly agyr ýük hem gerdeninde, kowmy we olaryň Ylahy buýruklara bolan ýagdaýlary hem munyň üstesine. Hatda, onuň kalbyna we diline-de ýara ýetýär, şonda ol Biribara öz ejizligini boýun alyp, ýene-de Biribara ybadat etmäne şol ýürek we diline ilişen ýaralaryň päsgel berýäni üçin, olardan halas bolmak üçin nyýaz edýär we dilegi kabul edilýär. Şeýlelik bilen bularyň hemmesine Hz.Eýýub (a.s) sabyr bilen döş gerip, olaryň hötdesinden gelýär we biz ynsanlara bu babatda oňat görelde bolup durýar. Şu ýerde bir ýagdaýa göz ýetireliň: Kynçylyklara sabyr bilen çydap ýeňmek üçin, yhlas, wepaly ynsanlar(maşgala, dost we ş.m.) ýaly zatlar gerek, emma welin, iň gerekli zatlaryň başynda gelýäni – hemişe bu agyr ýüküň aşagyndan sag-salamat gutulmak üçin, Biribardan goldaw islemek we Oňa dileg etmek bolmaly! Bu babatda bir ayatda :” Sheyle kyn yagdaylarda, ybadat edin we sabyr bilen Menden dilan!“ diyilyar, diymek shol iki yagday bolsa, her kyncylyga doz gelip bolunjagyna goz yetirilyar. Pygamberimizde hem sabyr iň belent mertebededi. Onuň(SAW) çeken muşakgatlary, hunabalary, duş gelen kynçylyklary, belki-de, sanardan köpdi. Şoňa garamazdan Ol (SAW) olaryp barsyna Biribaryň goldawy bilen sabyr edip çydady we iň oňat ýagdaýda ymmaty bolan bizlere görelde boldy. Sagadat asrynda (Asr-y Saadet) sabyr bilen baglanşykly bolan bir wakany we nettijesinde hasyl bolan bir hadysy siziň bilen paýlaşmak isledim: \"Sabyr, bela ilki gelip catanda gorkezilen sabyrdyr!\" (waka takyk yadyma dushmedi, ensallah, sonra) Sabyr barada mübärek bir ynsan many taydan şeýle diýýär: “Ynsan öz ýaşaýan gününe seretmeli. Geçen günler, barybir, geçipdir, kynçylyklaryň geçenine begenmeli, olary pikir edip, gynanmaly däl. Geljek günler hem entäk gelmändir, kim bilýär, ol günler gelýänçä, biz baky äleme göçüp gideris. Diýmek, ynsan şu gününe diş-dyrnak bolup ýapyşmaly we iň gowy ýagdaýda ryzyk agtarma, her iki älemde bagtly bolmagynä sebäp boljak amallary ýerine ýetirmeli. Geljekdäki kynçylyklara ýa “baý bolmaklyga” hem-de geçmişdäki kynçylyklara we gowulyklara görä pikir-oýa batyp, gamgyn ýa şat bolmak däl-de, elbetde, bugüniňe görä hereket etmek iň dogrusy, ýogsam, bar güýç we sabryňy geçmiş we geljekdäki wakalara dagadyp, bugüniňe hiç-hili takatyň galmasa, anha, şonda ynsan örän ejiz bolar, lagşar. ” Hemmämiz üçin duş gelen we geljek kynçylyklara sabyr edip, Biribarryň hem goldaw bermegi bilen birlikde hötdelerinden gelmegini ýene Biribardan dilemek bilen!

Köneler, ata tarapyndan 17 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir